23.11.2023 Söhbetdeşlik66 .

Kalbym buýsançdan doly


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde her bir günümiz gojaman taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde gadymy Mary topragynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň geçirilmegi biz — ýaşlar üçin şatlykly waka boldy. Forumyň çäklerinde «Akwarium» görnüşindäki maslahat geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bu guramanyň döredilen güni mynasybetli zähmetde, döredijilikde tapawutlanan ýaşlara ýurdumyzyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu baýragyň eýesi bolmak maňa-da miýesser etdi. Munuň üçin şatlygymyň, buýsanjymyň çägi ýok. Işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri, giň şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza elmydama alkyş aýdýarys.

Goý, baky berkarar döwletimiziň halkara derejedäki abraý-mertebesini belende galdyryp, ýaşlar barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Guwançmyrat ALÝAROW,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

"Balkan" welaýat gazeti, 23.11.2023

Tmpedagog