02.11.2023 Söhbetdeşlik68 .

Täze ösüşlere badalga


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, tutanýerli, watansöýüji, ene--atasyna wepaly ogul-gyzlar edip ýetişdirmek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuşy kemala getirip, adamkärçilikli, ruhubelent, ynsanperwer, zähmete bolan söýgini terbiýelemek esasy wezipämizdir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhratyny belende göterip, bagtly gadamlar bilen öňe gitjek ýaş neslimiziň röwşen geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler ýerine düşýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär hem-de täze üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny täze ösüşlere ýetirmek bilen, orta mekdepleriň işini we ýaşlara berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň öňde goýýan meseleleriniň biridir.

Mekdebimiziň mugallymlary ylymly-bilimli kämil şahsyýetleri kemala getirmekde hem-de ýaşlaryň akyl we bilim taýdan döwür bilen aýakdaş gitmegini gazanmakda taýsyz tagallalary edýärler. Täze okuw ýylynda mekdebimizde 852 okuwçy, şol sanda 1-nji synpa gadam basan körpeleriň 69-sy bilim alýar. Ak mekdebe ilkinji gezek gadam basan çagalara tejribeli başlangyç synp mugallymlar Ogulsuraý Alladyýewa, Maral Çaryýewa, Ýazgül Orazgylyjowa bilim hem terbiýe berýärler.

Mekdebimizde başga-da kärine yhlasly mugallymlaryň we ýaş hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýär. Olardan 1-nji derejeli taryh mugallymy Jeren Atamyradowa, 1-nji derejeli başlangyç synp, türkmen dili we edebiýat mugallymy Bägül Kössekowa, 2-nji derejeli başlangyç synp mugallymlary Aknabat Akyýewa, Ýazbibi Çaryýewa, türkmen dili we edebiýat mugallymy Maýsa Gurdowa we beýleki mugallymlarymyz işjeň usulda işleýärler.

Döwletgeldi JUMAÝEW.
Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki
40-njy orta mekdebiň müdiri.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 02.11.2023

Tmpedagog