05.10.2023 Söhbetdeşlik156 .

Halypa mugallymy ýatlap


Zähmetsöýerligi, gylyk-häsiýeti, görüm-göreldesi bilen kalbyňda orun alan adamy ömürlik ýatlap gezýärsiň. Şeýle ynsanlaryň biri-de halypa mugallym Rejep Annamämmedowdyr.

Köpleri işe ugrukdyryp, olaryň ilhalar mugallym bolup ýetişmegini gazanan Rejep mugallym Bereket etrabynyň Türkmenistan obasynda önüp-ösdi. Oba mekdebinde diňe bir oňat okaman, köpçülik işlerine-de işjeň gatnaşdy. Onuň ilgezikligi, işine werzişligi, tutanýerliligi, guramaçylygy mugallymlaryň ünsünden düşmedi. Rejebe diwar gazetini çykarmaklygy, gurnaklaryň ikisini alyp barmagy ynanýarlar, ony bäsleşiklere gatnaşdyrýarlar.

Döwür kyndy. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan soňky dikeldiş ýyllarynyň okuwçysy bolan Rejep Annamämmedow Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär we ony oňat bahalar bilen tamamlaýar. Öz dogduk obasynda — Türkmenistan geňeşligindäki sekizýyllyk mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işläp başlaýar. Oňa okadan mugallymlary ýerli-ýerden kömek, goldaw berýärler.

Rejebiň bilimini artdyrmak baradaky arzuwy 1958-nji ýylda amala aşýar. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň biologiýa-himiýa bölümine okuwa girýär. Yhlasly okaýar, ýokary okuw mekdebinde göreldeli talyplaryň hatarynda orun alýar.

Ýokary bilimli biologiýa-himiýa mugallymy kiçi göwünliligi bilen özüni aldyrýar. Okuwçylardyr ene-atalar bilen sazlaşykly işlemegi başarýar, göreldeli sapaklary ýokary derejede gurap bilýän mugallym hökmünde tanalýar.

1970-nji ýylda Bereket etrabynda täze açylan 15-nji orta mekdebe ýolbaşçylyk etmek Rejep Annamämmedowa ynanylýar. Ol ilki bilen mugallymlaryň iş we durmuş ýagdaýlaryny öwrenýär. Olara gymmatly maslahatlaryny aýdyp, ýakyndan goldaw berýär. Ene--atalar bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýýar. Kitaphananyň işiniň ilerlemegini gazanýar. Mekdepde terbiýeçilik ähmiýetli köpçülik çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine aýratyn üns berýär. Mugallymlaryň ussatlygy artýar. Hut mekdep müdiriniň özüniň biologiýa-himiýa dersinden okadan okuwçylary Ussa Ussaýew, Amanmyrat Sazakow etrap, döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde öňdäki orunlara eýe bolýarlar. Mekdepleriň arasynda has tapawutlanandygy üçin mekdebiň müdiriniň abraýy artýar. Ol «Halk magaryfynyň otliçnigi», «Zähmet weterany» medallary bilen sylaglanýar. «Türkmenistanyň at gazanan magaryf işgäri» diýen hormatly adyň eýesi bolýar.

Güler ýüzli, mähriban, talabediji ýolbaşçy, halypa mugallym Rejep Annamämmedow bütin ömrüni okuwçylaryň bilimine, göreldeli terbiýesine bagyş etdi. Ol öz işine ussat, başarjaň, guramaçylyk ukyply, adamkärçilikli halypa mugallymlaryň ençemesiniň ýüze çykmagyny gazandy.

Halypa mugallymyň ýetişdiren şägirtleri häzirem ony ýagşylykda ýatlaýarlar. Onuň şägirtleri hökmünde himiýa-biologiýa mugallymlary Meretgül Baýramalyýewany, Hojaberdi Gurbanowy, Sarybaý Barakowy, Azatgül Mämiýewany, Baýrammämmet Gulowy buýsanç bilen görkezmek bolar. Ynsan işeňňirligi, adamkärçilik sypatlary bilen adamlary özüne çekýär, olary terbiýeleýär. Rejep Annamämmedowyň aýdan şeýle sözleri ýadymda galypdyr: «Biz ajaýyp döwürde zähmet çekýäris. Şonuň üçin hem bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, döwrebap bilimli, edep-ekramly ýaşlary terbiýelemek biziň borjumyzdyr».

Hawa, ýagşy adam ýatdan çykmaýar. Onda-da il-gün üçin, olaryň çagalarynyň durmuşda öz ornuny tapmagy üçin jany-teni bilen zähmet çeken ussat, halypa mugallym hiç mahal unudylmaýar.

Gurbangeldi AŞYROW,
Bereket etrabyndaky Meretgylyç Garlyýew adyndaky
17-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.

"Balkan" welaýat gazeti, 05.10.2023

Tmpedagog