03.01.2023 Söhbetdeşlik79

Işeňňiriň işi ileri


Ýurdumyzda öz saýlap alan kärine jany-teni bilen berlen, ähli yhlas-başarnygyny orta goýup zähmet çekýän adamlar uly hormata eýe bolýarlar. Şolaryň biri hem Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, şäherde geçirilen birnäçe bäsleşikleriň ýeňijisi, «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň bolsa welaýat tapgyrynda «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada mynasyp bolan Amandöwlet Şiriýewadyr.

 Amandöwlet mugallym 1987-nji ýylda häzirki bilim berýän orta mekdebini tamamlap, Türkmenbaşy şäherindäki mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlabam, öz okan mekdebinde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlaýar.

 Kiçi ýaşly çagalara talabalaýyk bilim berjek bolsaň, gaty erjel bolmaly, sabyrlylygy elden bermeli däl. Çagalaryň ýüregine barýan ýoly tapmaly. «Mugallym bolmaklygyň baş şerti kişi çagasyna ene-atasy deýin söýgi bilen garamakdyr» diýip, danalaryň biri örän dogry aýdypdyr. Çünki çaga dünýäsi diýseň näzik bolýar. Ynha, mugallym, onda-da başlangyç synp mugallymy üçin gerek bolan häsiýetleriň ählisi Amandöwlet Şiriýewada jemlenendir diýsek, dogry sözledigimiz bolar.

 Türkmenlerde «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini» diýen ajaýyp nakyl bar. Çeper elli mugallym A. Şiriýewanyň 85 ýaşly mähriban käbesi elinden dür dökülýän zenanlardan. Ol özüniň el işlerini alty gyzyna hem arman-ýadaman öwredipdir. Häzirki günlerde hem onuň edýän el işleri: alajalary, dürli görnüşli dokama gapjyklary... gelin-gyzlarymyzy bezeýär. Öz durmuşynyň bu ugry hakynda Amandöwlet mugallym uly buýsanç bilen şeýle gürrüň berýär:

 — Ejem bize el işlerini çagalykdan öwredip başlady. Elbetde, nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminäniň «Meniň dilim, seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, el hünäri — nesilme-nesil, arkama-arka dowam edýän nepis sungat. Ejeme-de el işleriniň dürli görnüşlerini mamam pahyr öwredipdir. Çagalyk döwrümde mamamyň topbak-topbak pişgeleri sünnäläp egrişi ýadyma düşýär.

 Doganlarym bilen bilelikde el işlerimiz bilen dürli çärelere gatnaşyp ýörüs. Mugallymçylyk kärimiň daşyndan hemişe el işleri bilen meşgullanýaryn. «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz» diýipdirler könelerimiz. Gyzym Sapargül hem şäherimizdäki 3-nji orta mekdepde mugallymçylyk kärimi dowam etdirýär. Şeýle-de jorapdyr alaja örmek, dokma dokamak, türkmeniň nepis ýakalaryny tikmek ýaly el işleri bilenem meşgullanýar. Elbetde, her bir ene-ata üçin çagalarynyň ilhalar adam bolup ýetişmeginden uly bagt ýokdur. Gyzymyň asylly kärine, nepis el işlerine begenýärin hem guwanýaryn.

 Hawa, «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Amandöwlet mugallymyň kakasy Kerim Garaja hem döwrüniň zehinli mugallymlarynyň biri bolup, ýaş nesillere özüniň ähli gujur-gaýratyny, ylmyny hem bilimini bagyş eden ynsan. Onuň asylly kärini bu günki gün onuň perzentleri, agtyklary dowam etdirýärler. Biz hem Amandöwlet Şiriýewa işinde, durmuşynda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Aýnagül Berdigylyjowa,
Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.

“Balkan” gazeti, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

Tmpedagog