Uzak ýaşamagyň syry
Türkmen halky dileg edende: «Uzak ýaşa!», «Ömrüň uzak bolsun!», «Göroglynyň ýaşyny ýaşa» diýäýmesi bardyr. Bu dileg-arzuw — her kimiň eşitmek isleýän kelamy, jümlesi. Sebäbi uzak ýaşamagy arzuw etmeýän ynsan ýokdur. Aslynda, ömrüň uzaklygy saglyk, bagtyýarlyk, sagdyn durmuş ýörelgesi bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda sport hem bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiz şol dileglerdäki ýagşy arzuw-isleglere özleri eýe bolýarlar: uzak ýaşaýarlar, sagdyn hem bagtyýar durmuşda döwran sürýärler. Ine, sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň mekany hasaplanylýan Türkmenistan döwletimizde erkana ýaşaýan uzak ýaşly ata-enelerimizi diňlänimizde, uzak ýaşamagyň syrynyň bagtyýarlykda, zähmetde, yzygiderli hereketde, sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekde jemlenýändigini gürrüň berýärler. Bizem 60 ýyl bäri mugallymçylyk edip gelýän Tejen etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 87 ýaşly mugallymy Gowşut Esenowyň uzak ýaşamagyň syry baradaky beren gyzykly gürrüňlerini okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik:
— Adamyň durmuşda esasy arzuwlarynyň biri — saglyk bilen uzak hem manyly ýaşamak. Bu zatlaram, näme, özüňe bagly zat. «Özüňe bagly» diýsemem, aslynda, uzak ýaşamak öz ata-babaňdan dowam edip gelýän nesil daragtyňa hem baglydyr. Senden öňki ýaşap geçen pederleriň uzak ýaşlylygy, hökmany suratda, nesil yzarlap, saňa-da öz täsirini ýetirýär. Ýöne köp babatda uzak ýaşamagyň syry öz eliňde. Bu zatlary öz durmuş tejribämi göz öňünde tutup aýdýaryn. Häzirki wagtda men 87 ýaşymda, özümden uly agam Şadurdy 88 ýaşynda, iň uly agamyz Çarymyrat bolsa 90-dan aňyrda. Biz, aslynda, uzak ýaşlylaryň maşgalasy hem hasaplanýarys.
Durmuşda bagtyýar hem uzak ýaşamagyň iň gowy ýörelgesi — özüňi rahat hem şadyýan alyp barmakdyr. Göwnaçyklyk, şadyýanlyk ömrüňe uly täsir edýär. Adamyň rahatlygyna, şadyýan bolmagyna aýdym-sazyň täsiri hem diýseň uludyr. Men 5-6-njy synplarda okaýarkam, dutar çalmagy öwrendim. Mugallymym Atamyrat Soltanow dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwretdi. Bize birnäçe gezek toýlarda, märekelerde aýdym aýdyp, halypalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak nesip etdi. Ussat sazanda Han Aky we gyjakçy Ata Ablyýew bilen hem oturyşmak nesibämizde bar ekeni. Häzirki wagta çenli aýdymlary bilen halkyň aňynda ýaşap gelýän kiçijik Gulbabajygyň kakasy Han Akyýew bir gezek bize şeýle gürrüň beripdi: «Gulbaba daşarda oýnap ýörkä hem, sazyň owazyndan ünsüni sowmaýar. Öýde men dutar çalanymda, kämahal oglumy synap görmek üçin kakuwy nädogry alyp görýärin welin, ylgap ýanyma geler-de, derrew şol säwligi aýdyp gider. Ol her bir sazyň kakuwyny, owazyny, çalnyş usulyny diýseň gowy bilerdi» diýen sözleri henizem gulagymda.
Aýdym-saza bolan söýgi türkmeniň ganynda bar. Bu sungat adamyň ruhunyň belent bolmagyna, şähdiniň açylmagyna täsir edýär. Sazyň ynsan ömrüniň uzamagyna, sagdyn bolmagyna täsiriniň bardygy gadym döwürlerden bäri bellidir. Gyzamyk çykan çaga saz diňledilýändigini ýadyňyza salsaňyzam, men bilen ylalaşarsyňyz.
Uzak ýaşamagyň ýene bir syry sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekdir. Adam mydama hereketde bolsa, sport hem bedenterbiýe bilen meşgullansa, bedeni sagdyn hem berdaşly bolýar. Sagdyn, güýç-kuwwatly bedene hiç bir däri-dermanyň geregi ýok, näsaglyk hem golaýyna gelmez. Kiçikäm sport bilen gyzyklanyp, deň-duşlarymyz bilen futboly hem woleýboly kän oýnardyk. Dünýä çempionatlaryna hem sypdyrman tomaşa ederdik. Sport ugrundan birnäçe ýaryşlara hem gatnaşardyk. Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlara-da gatnaşypdym.
Häzir hem säher bilen oýanyp, maşk edip, pyýada ýöremegi gowy görýärin. Adam köp hereketde bolsa, şadyýan hem göwnaçyk gezse ýaşynyň hem uzalmagyna täsiri bar. Janyň sagat, maşgalaň abadan, ýurduň parahat, asuda bolsa, hökmany suratda, ömrüň hem uzalýar. Meniň 3 ogul bilen 1 gyzymdan 11 sany agtygym, 22 sany çowlugym bar. Olaryň her birine sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, sport hem bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryny yzygiderli sargyt edýärin.
Özümden uly doganlarym Çarymyrat bilen Şadurdy hem elmydama hereketde bolmagy halaýarlar. Bilelikde gezim edýän, okalan kitaplar boýunça pikir alyşýan, saz çalyşýan wagtlarymyz kän bolýar. Çünki biz ýaş wagtymyz durmuşyň kynçylygyny görenem bolsak, Hudaýa şükür, indi bagtyýar döwrüň ýaşululary bolduk.
Uzak ýaşamagyň syry barada aýtsak, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek durmuş endigimize öwrüldi. Häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň ömrüniň uzak bolmagyna, ýaş nesilleriň sagdyn hem kuwwatly bolmagyna uly ähmiýeti bar. Sagdyn hem bagtyýar bolmak — bu uzak ýaşamagyň syrydyr. Ol diňe biziň özümize baglydyr.
Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 14.08.2023