29.04.2023 Söhbetdeşlik100

Ussat mugallymyň zehinli şägirdi


Aýdym-saz sungaty jadyly senet. Bu ajaýyp sungata baş goşanlardan ýiti zehin, irginsiz zähmet talap edilýär. Yzygiderli çekilen zähmet bolsa, öz miwesini berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň müňlerçesi ýurdumyzyň sazçylyk we sungat mekdeplerinde okap, öz ykballaryny bu inçe sungata baglamagy maksat edinýärler. Şeýle ýaşlara halypalyk edýän mugallarymlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, mekdebiň ýörite fortepiano bölüminiň müdiri Jeýhun Babaýewdir. Jeýhun mugallymyň özi hem bu mekdebiň uçurymy bolup, 2000-2005-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, öz okan mähriban mekdebine fortepiano mugallymy bolup işe başlady. 2013-nji ýylda bolsa, uly ynam bildirilip Jeýhun Babaýew ýörite fortepiano bölüminiň müdirligine bellendi. Bu abraýly käre eýe bolmak irginsiz zähmeti, işine döredijilikli çemeleşmegi talap edýär. Jeýhun mugallymyň bilim berýän okuwçylarynyň içinde, öz zehini bilen, erjelligi bilen tapawutlanýanlaryň biri hem mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Otuzowadyr. Jeýhun mugallym Aýnuryň geljekde belli sazanda bolup ýetişjekdigine uly ynam bildirýär.

Aýnuryň gürrüň bermegine görä, ony saz sungatyna ugrukdyran ilkinji halypasy öz ejesi Bahar Ýakubowadyr. Bahar mugallym häzir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. Ol bäş ýaşly gyzjagazyny pianinonyň öňünde oturdyp, kiçiräk sazlary öwredenden soň, 2013-nji ýylda, 6 ýaşly Aýnury ýaş sazandalaryň mesgeni bolan ýörite sazçylyk mekdebiniň ýörite fortepiano bölümine alyp gelýär. Kiçijek gyzjagazyň ýiti zehinini duýan ýokary derejeli fortepiano mugallymy Jeýhun Babaýew okuwçysynyň sazyň ajaýyp dünýäsine aralaşmagyna ýakyndan ýardam berýär. Irginsiz çekilen zähmet öz netijesini berip başlady. Aýnur 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen “Круговорот талантов” bäsleşigine gatnaşyp birinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem, şol ýyl Moskwa şäherinde geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly VI festiwal-bäsleşiginde 2-nji orny eýelemegi başardy. 2022-nji ýylda Russiýa döwletinde geçirilen nusgawy kompozitor Ýozef Gaýdnyň 290 ýyllygyna bagyşlanan Halkara bäsleşiginde 1-nji orna, geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa, Azerbeýjan döwletiniň Baku şäherinde geçirilen ýaş sazandalaryň XI Halkara bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýakynda bolsa, mekdebimiziň mugallymlaryny we okuwçylaryny begendiren ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglanan zehinli okuwçylaryň arasynda Aýnur Otuzowanyň hem ady bardy. Bu üstünliklerden ruhlanan Aýnur geljekde-de has hem gowy okamaga, täze sazlary öwrenip, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän Halkara bäsleşiklerinde oňat çykyş edip, Türkmenistan döwletimiziň at-abraýynyň beýgelmegine öz mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýär. Biz hem ýaş zehinli pianinoçy gyzymyza uly üstünlikler gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Şu ajaýyp döwürde ýaşlarymyza döwrebap bilim we terbiýe bermäge döredilen ähli mümkünçilikler üçin Milli Liderimiz mähriban Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys.

Sülgün BABAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky
ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.



Tmpedagog