22.04.2023 Söhbetdeşlik151

Halypa mugallymyň yhlasy


Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek baradaky işler giň gerim alýar. Munuň şeýledigine Murgap etrabyndaky Oguzhan şäherçesinde ýerleşýän döwrebap, ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli şertler döredilen 41-nji orta mekdepde bolanyňda hem doly göz ýetirýärsiň. Mekdebiň mugallymlary täze innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýşyny ösdürýärler.

Mekdepde tejribeli, halypa mugallymlaryň birnäçesi bar. Olaryň arasynda 1-nji derejeli türkmen dili we edebiýat mugallymy Magtymguly Nuryýewiň ady hormat bilen tutulýar. Magtymguly mugallym arzyly kärinde indi 31 ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň bilim we terbiýe beren uçurymlary dürli wezipelerde işleýärler. Tejribeli mugallymyň bilim berýän okuwçylarynyň köpüsi etrapda göreldeli okuwçylaryň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Arzyly kärinden bagt, rysgal, döwlet tapýan Magtymguly mugallymyň şägirtleri — şahyr Aýjemal Babagulyýewa, Annagül Amanowa, Gülnar Mämmedowa ýaly tejribeli mugallymlar oňa “Halypa” diýip ýüzlenýärler.

Hawa, Magtymguly Nuryýew ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň many-mazmunyny çuňlaşdyrmak bilen, okatmagyň täze hem netijeli usullaryndan ugur alýar.

Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 20.04.2023

Tmpedagog