23.02.2023 Söhbetdeşlik70 .

Zähmet üstünlige ýetirýär


 Dogrudanam, ähli üstünligiň gözbaşy zähmetden başlanýar. Ýurdumyzda mugallymyň çekýän zähmetine ýokary baha berilýär. Çünki, her bir çaganyň bilimi we terbiýesi barada ene-atadan soňra mugallym alada edýär. Şeýle zähmetsöýer mugallymlara bolsa her bir bilim ojagynda duş gelmek bolýar.

 Mary şäherindäki 13-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Aýnagözel Annasähedowa hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde yhlasyny gaýgyranok. Aýnagözel mugallym diňe bir türkmen dili we edebiýat derslerini okatmak bilen çäklenmän, eýsem, beýik şahsyýetlerimiziň, meşhur ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligine bagyşlap, welaýat derejesinde yzygiderli açyk görelde sapaklaryny hem geçirýär.

 Golaýda mugallymyň welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejesini kämilleşdiriş okuw merkezinde geçiren açyk görelde sapagy Aman Kekilowyň «Söýgi» romanyna bagyşlanyldy. Oňa welaýatymyzyň şäherdir etraplarynyň orta mekdeplerinden türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň ençemesi gatnaşdy. Onda Aýnagözel mugallymyň okuwçylary diýseň, täsirli çykyş edip, olar eserdäki gahrymanlaryň keşplerini çeper janlandyrdylar. 13-nji orta mekdebiň 10-njy «Ä» synp okuwçylary Tawus Sapaýewa Ogulnabadyň, Arslan Rahmanberdiýew Begenjiň, Ýazmyrat Şirmyradow Akmyradyň, Gültar Döwletowa Enebaý ejäniň, Nöker Taganow mekdep müdiriniň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdylar. Bu açyk görelde sapagyna gatnaşyjylar sapagyň geçişine ýokary baha berdiler hem-de okuwçylaryň çykyşlaryndan ýatdan çykmajak täsirleriň galandygyny belläp, Aýnagözel mugallyma täze üstünlikleri arzuw etdiler.

 Umuman, Aýnagözel mugallymyň zähmete bolan yhlasy, ony üstünlige-de eýe edýär. Şeýle mugallymlar ene-atalaryň alkyşyna, il-günüň hormatyna mynasypdyrlar.

B. JUMADURDYÝEWA.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 22.02.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog