22.01.2025 Pedagogika248

Ýaş nesle döwrebap bilim


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, sanly ulgam arkaly tejribe alşylmagy, daşary ýurt hünärmenleriniň okuw mekdeplerimizde sapak bermegi hem hormatly Prezidentimiziň bu ulgama berýän uly ünsüniň netijesi bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuterleri we multimedia serişdeleri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesinde kompýuter tehnologiýalaryny özleşdirmegi üçin ähli şertler döredilendir. Umumybilim berýän orta mekdepleriň kompýuter tehnikalary bilen üpjün edilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ösdürilýän, rowaçlanýan bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwür ýaş nesli okatmakda, terbiýelemekde, okuwçylara hünär bilimlerini we endiklerini bermekde täzeçe dolandyrmak usullaryny talap edýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryndan, maglumat ulgamlarynyň ösýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagyň endiklerini ýaş nesle öwretmekde ýadawsyz zähmet çekmegiň zerurdygyny belleýär. Diýarymyzyň orta mekdeplerinde informatikany, informasion tehnologiýalary we programmalaşdyrmagy öwretmekde hem möhüm işler alnyp barylýar. Maglumatlaryň kompýuteriň ýadynda nädip saklanýandygy we olaryň möçberini hasaplamak, animasiýanyň esaslary, programmalaşdyrma boýunça bilimleri çuňlaşdyrmagyň, internet torunyň maglumat gorlary bilen tanyşmagyň, habarlary gözlemegiň hem-de goramagyň usullary barada hem okuwçylara öwredilýär.

Häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşi maglumatlar arkaly häsiýetlendirilýär. Jemgyýeti maglumatlaşdyrmak düýpli ylmy iş bolup, munda jemgyýetçilik we önümçilik gurşawynda zerur maglumatlary ýygnamak hem-de täzeden işläp ugratmak, kabul etmek esasy wezipeleriň biridir. Şeýle amallar häzirki zaman hasaplaýyş tehnologiýalaryna we kommunikasiýa serişdelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär. Bilim bermegi maglumatlaşdyrmak hem häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşiniň bir ugry bolup durýar.

Biz okuwçylar bilen geçýän sapaklarymyzda algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslaryny, kompýuterde modelleşdirmek işlerini, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar hem-de jemgyýeti maglumatlaşdyrmagyň wezipelerini, maglumat tehnologiýalarynyň meselelerini çözmegiň mazmunyny giňden açyp görkezmäge çalyşýarys. Okuwçylara maglumat tehnologiýalarynyň serişdelerini ulanmaga, şeýle-de beýleki dersleri özleşdirmegiň netijeliligini artdyrmaga yzygiderli ýardam edýäris.

Ýurdumyzy ösüşleriň ýurduna, kämil bilimleriň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 22.01.2025

Tmpedagog