15.01.2024 Pedagogika138 .

Durmuş zähmeti sapagyny okatmak


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilimleri öwredýäris, milli terbiýäni ýola goýýarys. Nesil terbiýesi ähli döwürleriň, jemgyýetleriň iň wajyp meselesi bolmak bilen, munda halklaryň, milletleriň iň asylly ýörelgeleri dowamat-dowam bolýar. Pederlerimiz bu ugurda nusgalyk mekdebi döredip, nesilleri watansöýüjilik, lebzihalallyk, gaýratlylyk, umuman, halkymyzyň iň asylly gylyk-häsiýetleri esasynda terbiýeläpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly we beýleki kitaplary hem durmuş zähmeti dersinde guraýan sapaklarymyzda esasy gollanma bolup durýar. Bu eserlerde türkmeniň durmuşy hem-de gadymy sungaty, halyçylygyň döreýşi we geçmişi örän aýdyň beýan edilýär. Bu kitaplar biziň halkymyzyň genji-hazynasy bolan nepis halymyzy täze derejä göterdi.

Halyçylyk sungaty türkmeniň süňňüne siňendir. Olarda türkmen halysynyň tebigy gözelligi bilen ýaşaýyş-durmuşynyň sazlaşygy beýan edilýär. Biziň çeper elli halyçylarymyz durmuşyň gözelligini, ýurdumyzyň tebigy öwüşginlerini, türkmen kalbynyň päkligini, owadanlygyny, dünýägaraýşynyň giňligini, dürli öwüşgin atýan nagyşlarda, haly göllerde, görkezmegi başarýanlygy bilen şan-şöhrata eýedirler. Ine, şu düşünjeler ulgamynda guraýan sapaklarymda okuwçylaryma türkmeniň amaly-haşam sungatynyň döreýşiniň taryhy köklerine ünsi çekýärin.

Sapagy guramagyň usulyýetiniň çuňňur many-mazmunly we hemmelere düşnükli bolmagyny gazanýaryn. Türkmen halysyny her kim özüçe synlaýar, duýgy-düşünjesine görä baha berýär. Adamlaryň käbiri reňkleriň sazlaşygyny halynyň esasy edip alsa, käbirleri bolsa çitimleriň gürlügi, gyrymyň ýukalygy- galyňlygy bilen bahalandyrýar.

Haly önümçiliginde okuwçylaryma çitimde takyklygyň saklanylmagynyň, ýüpleriň reňkleriniň biri-birine sazlaşykly goşulmagynyň, gyrymyň tekizligini gazanmagyň berk talap edilýändigini düşündirýärin.

Sapagyň usulyýeti işleriň yzygiderliligi we biri-birine baglanyşygy bilen amal edilýär. Durmuş zähmeti dersiniň usulyýeti aslynda birnäçe işleriň ýerine ýetirilmegi bilen döredilýär. Men hem okuwçylaryma gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan el işleriniň, alajalarymyzyň durmuşymyz bilen berk baglanyşyklydygyny düşündirýärin.

Ene-mamalarymyz ýaşlykda hünär, ylym-bilim öwrenmegiň hemme ynsanlar üçin bagtdygy dogrusyndaky pähimlerden ugur alyp, gyzjagazlaryna el işlerini öwredipdirler. Eneleri, ejeleri, gelnejeleri tarapyndan olara alaja örmegiň dürli usullary öwredilýär. El hünärine höwesli gyzlara ene-mamalarymyzdan galan nusgalar arkaly, şeýle hem öwüt hem nesihat bermek bilen edepli-ekramly, zähmetsöýer, belent adamkärçilikli bolmagyň kämil mekdebini geçýärler. Ýaş gyzlarda edep-ekramlylygy, zähmet endiklerini kemala getirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjy bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwürde ýaşlaryň, esasan-da, mekdep okuwçylarynyň arasynda el işleriniň bäsleşiklerini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bäsleşiklere gatnaşýan okuwçylar bu nepis sungaty enelerinden, ejelerinden, gelnejelerinden ýa-da zähmet mugallymlaryndan öwrenendiklerini buýsanç bilen gürrüň berýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arassa ahlakly, sagdyn nesli terbiýelemek hemmeleriň, şol sanda mugallymlaryň hem borjudyr, bu bolsa ýadawsyz zähmeti talap edýär.

Biz — bilim işgärleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki nakyllary we atalar sözlerini sapakda ulanyp, bilimiň hilini has-da gowulandyrmaga goşant goşýarys.

Käkilik BAÝHANOWA,
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň ýokary derejeli mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.01.2024

Tmpedagog