04.01.2024 Pedagogika342 .

Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek we çeper döredijilige ugrukdyrmak


Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösdürilmegine, kyssa eserlerini, goşgulary manysyna düşünip labyzly, çeper okap bilmeklerine, gepleşik dilini medeniýetli alyp barmaklaryna aýratyn üns berilýär. Gepleşigi medeniýetli alyp barmagyň bir görnüşi-de göçme manyly sözleri ýerlikli ulanmak bilen baglydyr. Göçme manyly sözler ýerlikli ulanylanda, sözleýjiniň diliniň çeperçiligi artýar, onuň sözleýiş medeniýeti kämilleşýär. Şol sebäpli hem okuwçylaryň göçme manyly sözleriň manysyna dogry düşünip, olary giňden ulanmaklary we çeper eserlerde aýdyljak bolunýan öwüt-ündewlere doly akyl ýetirmekleri üçin orta mekdepleriň X synpynda «Göçme manyly sözleriň stilistik hyzmaty» diýen tema geçilýär.

Okuwçylara bu temany düşündirenimde, ilki bilen, sözleriň göçme manysynyň nähili döreýändigi baradaky maglumata olaryň ünsüni çekip, sözüň aýratynlykda ýeke özüniň aňladýan ilkinji manysyna asyl many diýilýändigini, köp sözleriň aýratynlykdaky manysy bilen sözlemdäki manylarynyň tapawutlanýandygyny, sözüň sözlemdäki tapawutly manysyna göçme many diýilýändigini, göçme manynyň döremegine zatlaryň şekil, hyzmat, orun meňzeşliginiň we bölek-bitin baglanyşygynyň sebäp bolýandygyny aşakdaky mysallar arkaly düşündirýärin:

«Gulak» sözüniň asyl manysy adamyň eşidiş agzasydyr. Ol «gazanyň gulagy», «piliň gulagy» görnüşinde ulanylanda şekil, orun taýdan meňzedilýär. Bular sada (lingwistik) göçme manyly sözlerdir. Bularda haýsydyr bir meňzeşligi bolan başga-başga zatlar şol bir söz bilen aňladylýar. Şol bir sözüň göçme manylarda dowamly ulanylmagy köpmanylylygyň döremegine getirýär.

Göçme manylylygyň ikinji bir görnüşi pikiri obrazly, çeper aňlatmagyň bir täri hökmünde durnukly söz düzümlerinde (idiomalarda) we çeper eserlerde giňden ulanylyp, has çeperligi bilen sada göçme manyly sözlerden tapawutlanýar. Olar söz ussatlary, ýazyjy-şahyrlar tarapyndan döredilýär we çeperçilik serişdesi bolup hyzmat edýär. Göçme manylylygyň türkmen dilinde, esasan, metafora, metonimiýa, sinekdoha görnüşleri giň ýaýrandyr.

Sözleriň göçme manylarda ulanylyşynyň özboluşly bir görnüşi bolan çeper metaforada bir zat ýa-da hadysa başga bir zada ýa-da hadysa belli-belli alamatlar esasynda meňzedilip, şol bir zat başga-başga sözler bilen täzeçe atlandyrylýar. Meselem:

Hatarda ner bolsa, ýük ýolda galmaz.
(Magtymguly)

Wagtyň ötse, elip kaddyň dal bolar.
(Mollanepes)

Nabat ejäň gözlerinden
Ýene nohut togalandy.
(K.Gurbannepesow)

Metonimiýada bir predmetiň ýa-da wakanyň ady ikinji bir predmetiň ýa-da wakanyň adyna olaryň dürli baglanyşygynyň bolmagy netijesinde göçýär. Meselem: Metaforada atlandyrylýan iki predmetiň meňzeşligi bolmaly, emma metonimiýada bir at bilen ulanylýan iki predmet özara haýsy hem bolsa bir tarapdan baglanyşykly bolýar. Oňa bir zadyň ikinji zadyň içinde, ýüzünde ýerleşmegi, bir zadyň ikinji zatdan emele gelmegi ýaly baglanyşyk girýär. Meselem:

Getir, bir käse içeýin.

Ol bir jam iýdi.

Toýa tutuş oba ýygnandy.

Bu ýerde käse, jam, oba sözleri çaý, nahar, ilat (adamlar) diýen manylarda ulanylýar.

Göçme manylylygyň sinekdoha görnüşi metonimiýa ýakyndyr. Bitewilik ýa-da böleklik, köplük ýa-da azlyk aňladýan alamatlary esasynda iki predmetiň biriniň manysynyň beýlekä geçmegine sinekdoha diýilýär. Sinekdohada zadyň özi-de, onuň bir bölegi-de şol bir söz bilen aňladylýar. Meselem:

Iki aýakly iki günde.
(Atalar sözi)

Bu meniň ýaňky gören ýüzüm däl.

Bir gün duza müň gün salam.
(Atalar sözi)

Mysallarda «iki aýakly», «ýüz» sözleri adam manysyny, «duz» sözi tagam manysyny aňladyp, göçme manyda gelipdir.

Bu temany düşündirmekde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk eserleri mugallymlar üçin esasy gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden alnan aşakdaky mysallar göçme manylylyga çeper mysaldyr:

«Gyzgyn çörekden birküç dişlem döwüp alyp, şonuň bilen oňaýjakdy welin, ýöne düýe çalynyň, agaranynyň bark urýan ysy, üýtgeşik datly tagamy myhmany agaç çemçäni birneme «işletmäge» mejbur etdi». («Älem içre at gezer» romany.)

Mysalda «iýmek» sözi «agaç çemçäni işletmek» diýip, çeper beýan edilipdir.

Geçilen temany berkitmekde okuw kitabynda berlen gönükmelerden başga-da, dürli interaktiw oýunlar, bäsleşikler guramak has netijeli bolýar.

Türkmen dili sapagynda öwrenilen maglumatlary edebiýat dersi bilen baglanyşykly özleşdirmek okuwçy üçin hem, mugallym üçin hem örän netijeli bolýar. Okuwçylara türkmen dilinden «Göçme manyly sözleriň stilistik hyzmaty» bilen baglanyşykly öý işini ýerine ýetirmekligi edebiýat dersi bilen baglanyşdyryp, öý işi hökmünde berlen çeper eseriň dilinde duş gelýän göçme manyly sözleri belläp almaklygy we olaryň stilistik hyzmatyny düşündirmekligi tabşyryp bileris. Şonda okuwçy türkmen dili sapagynda berlen ýumşy ýerine ýetirmek üçin edebiýat dersinde ýumuş berlen çeper eseri has ünsli, manysyna doly ähmiýet berip okaýar we eseriň many-mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine anyk göz ýetirýär. Şeýle-de, bu usul döredijilik ukyby bolan okuwçylaryň çeper eser ýazmagyň inçe tilsimlerini öwrenip, öz içki duýgularyny çeper beýan etmeklerine, döredijilik bilen meşgullanmaklaryna ýol açyp biler.

Akmaral ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 03.01.2024

Tmpedagog