23.12.2023 Pedagogika187 .

Okuwçylara sözlemleri okamagy öwretmek


Başlangyç synpda okaýan okuwçylary bilime ugrukdyrmak, olara sowat öwretmek örän ähmiýetli işleriň biridir. Başlangyç synplarda alnan bilim, öwrenilen sowat geljek synplarda geçiljek temalara binýat bolýar. Şonuň üçin hem başlangyç synplarda sapaklary guramak, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Okuwçylaryň geçilýän tema has-da içgin düşünmeklerini gazanmak üçin, mugallym olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny, onuň dowamynda okuwa degişli dürli ýumuşlar bilen meşgul bolmagyny gazanmaga çalyşmalydyr. Okuwçylaryň sapaga işeňňir gatnaşmaklaryny gazanmak üçin, ilki bilen, mugallymyň özi döredijilikli işlemelidir.

Sapakda okuw kitaplaryndan we multimedia tagtasyndan peýdalanýarys. Okuwçylara birinji synpda harplar öwredilýär, sözleriň okalyşy bogunlara bölüp okadylýar. Okuwçylar ikinji synpda sözleri doly okamagy başarýarlar. Şunda olara ýeňil tekstleri okatmak, ene dili sapaklarynda olaryň labyzly okamagyny gazanmak zerurdyr. Ikinji synp okuwçylaryna ene dili sapaklarynda kiçi tekstler okadylmalydyr. Bu tekstler ýörite okuw kitaplarynda hem getirilýär. Kitapdaky tekstler ýeňil okalýan bolup, okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar.

Başlangyç synplarda sözlemleriň okadylmagy çagalaryň akyl ýetiriş işjeňligini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Okuwçylar sözlemleri okamak bilen kämilleşýärler, okamagyň ähmiýetlidigine düşünip başlaýarlar. Şonuň üçin hem bu ýaşda okuwçylara az-azdan sözlemler okadylyp başlanýar, olaryň okamak endigi kämilleşdirilýär.

Okuw kitabyndan «Çörek» atly teksti okadýaryn. Ilki bilen, multimedia tagtasynda çöregiň suratyny we «Çörek» ýazgyny görkezýärin. Okuwçylar bu sözi labyzly okaýarlar. Soňra okuwçylara okuw kitabyndaky bu teksti okamagy tabşyrýaryn. Okuwçylar kitapdaky sözleri gezekli-gezegine labyzly okaýarlar. Bu olarda okamak endigini kemala getirýär, ýazylan sözleriň manysyna düşünmäge kömek edýär. Okuwçylaryň labyzly okamagy olaryň kitap okamaga bolan gyzyklanmalaryny hem ösdürýär.

Okuwçylaryň okan hekaýasyna bolan düşünjelerini barlamak üçin sowal-jogaplary guraýarys. Hekaýada atasy we agtygy çörek bilen baglanyşykly pikir ýöredýärler. Şonuň üçin hem multimedia tagtada «Sylap aga ýolda näme gördi?», «Atasy Myrada näme diýdi?» ýaly soraglaryň ýazgysyny ýerleşdirýäris. Okuwçylar bu soraglary labyzly okaýarlar hem-de pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa okuwçylaryň öz okan hekaýalaryna oňat düşünmeklerine ýardam edýär. Sapagyň ahyrynda okuw kitabynda ýerleşdirilen nakyllary okamagy öýde ýerine ýetirmeli ýumuş hökmünde tabşyrýaryn. Şeýle hem «Paýhas çeşmesi» kitabyndan nakyllary ýatdan öwrenmegi tabşyrýaryn.

Orazgül GELDIBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Gurbansoltan eje adyndaky ýöriteleşdirilen
72-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.12.2023

Tmpedagog