19.12.2023 Pedagogika217 .

Okuwçylarda işjeňligi ösdürmegiň ýollary


Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň saglygyny goramak, bilim-terbiýe bermek, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, bilimiň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen ösüşli menzillere ýetilýär. Bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda ýaşlar bu gün bilime we döredijilige giňden çekilýärler. Olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşýan zehinli ýaşlar üstünligi üçin döwlet tarapyndan giň goldawa eýe bolýar, höweslendirilýär.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler okuwçylardyr talyplaryň halkara bäsdeşligine ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Ata-babalarymyzyň halallyga, ýokary ahlaklylyga, ynsanperwerlige, dostluk-doganlyga ýugrulan pähim-paýhas ýörelgelerinden gözbaşly milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermegi her bir bilim işgäriniň öňünde uly wezipe edip goýdy. Şondan ugur alyp, her bir mugallym özüniň guraýan sapaklaryny, synpdan daşary geçirýän gurnaklaryny durmuş bilen baglanyşdyrmaga aýratyn üns bermelidir. Okuwçylaryň öwrenilýän temalary gowy özleşdirmeklerini gazanmak üçin mugallym döredijilikli zähmet çekmelidir. Ol her bir sapagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk guramaga, okatmagyň täzeçe usullaryndan peýdalanyp, okuwçylaryň bilesigelijiligini, höwesini artdyrmaga çalyşmalydyr.

Men hem başlangyç synplarda ýurduň we jemgyýetiň ösüşinden sadaja maglumat berýän tekstleri saýlap alyp, okuw maksatnamasynyň talaplarynda okuwçylaryň ýazuw-döredijilik başarnygyny ösdürmek maksady bilen, olara beýannama ýazdyrýaryn. Ýazdyryljak teksti ilki sada dilde, her sözüň manysyny düşündirip okap berýärin. Soňra teksti labyzly heňde, dyngy belgileriniň gelýän ýerinde säginmek bilen okap berýärin. Okuwçylar multimedia tagtasynda teksti öwredişim ýaly derejede kabul edýärler. Olara käbir sözleriň manysyny aýratynlykda düşündirýärin, ýazylyşyna ünsüni çekýärin, sesleriň inçe we ýogynlyk kadalarynyň sazlaşygyny düşündirýärin. Teksti böleklere bölüp okuwçylara düşündirmek oňat netije berýär. Soňra tekstdäki sözleriň ýazuw kadasynyň üstünde işleýäris. Eger ýazdyryljak tekstde okuwçylara düşündirmeli sözler bar bolsa, onda synp tagtasynda şol sözi ýazyp düşündirýärin. Şonda okuwçylar sözlemiň manysyna düşünip, dogry ýazmagy öwrenýärler.

Eger-de çagalaryň käbiri öwredilýän tema doly düşünip bilmese, olar üçin görkezip okatmak usuly has peýdalydyr. Şeýle okuwçylara öwredilýän temadaky zatlaryň şekilini, keşbini görkezseň, onda olaryň aňynda şolar barada düşünje döreýär hem-de tema uzak wagtlap ýatlarynda galýar. Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary gündelik sapaklarymyzda ulanyp, döredijilikli işleýärin. Berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrýaryn, okatmagyň innowasion usullaryny ulanýaryn. Okuwçylaryň tebigy zehinlerini açmaga çalyşýaryn.

Bize ajaýyp zamanada işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Bahargül BAÝJANOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary,
programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen
29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.12.2023

Tmpedagog