14.12.2023 Pedagogika249 .

Sapaklary täsirli guramagyň ähmiýeti


Ýörite meýilnama esasynda ähli okuw dersleri boýunça okuwçylaryň alan bilimlerini berkitmek maksady bilen gaýtalamak sapaklary guralýar. Okuwçylaryň sapakda öwredilýän maglumatlary has-da oňat özleşdirmeginde we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagynda gaýtalamak sapaklarynyň örän uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin-de olary talabalaýyk guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdeplerde ýaşlara bilim bermek üçin döredilen şertleriň netijesinde işjeň usullardan, multimedia serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan yzygiderli peýdalanýarlar. Bu bolsa sapagyň hiliniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsir edýär.

Gaýtalamak sapaklarynda köplenç okuwçylaryň çärýegiň dowamynda öwrenen maglumatlary esasynda bilimleri barlanylýar. Şunda dürli soragnamalardan, barlagnamalardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Sapagy ýokary derejede guramak üçin ilkinji nobatda degişli edebiýatlardan netijeli peýdalanylýar.

Okuwçylara biologiýa dersinde ösümliklere degişli täsirlije, adaty sapaklarda ulanylýan görkezme esbaplardan tapawutlanýan zatlary öwretmek zerur. Bu bolsa okuwçylarda sapaga ünslüligi we ýiti ýatkeşligi talap edýär. Şonuň üçin okuw maglumatlaryny özleşdirmegi ýeňilleşdirmek, okuwçylary sapaga gyzyklandyrmak üçin gaýtalamak sapaklarynda geçilen temalara degişli wakalary beýan edýän suratlary multimedia tagtasynda görkezýärin, kitaplary peýdalanýaryn. Suratlar esasynda sowal-jogaplary guraýaryn. Belli bir ösümligiň gurluşy boýunça özbaşdak işler tabşyrýaryn.

Ýokary synp okuwçylaryna bolsa temalara degişli ýörite taýýarlanan tablisalary hödürleýärin. Özleriniň gowy görýän ösümlikleri barada ýazmaça işleri tabşyrýaryn. Munuň özi olaryň logiki pikirlenmesini ösdürmekde hem uly ähmiýete eýedir. Gaýtalamak sapaklaryny okuwçylaryň biologiýa dersine bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen mekdebiň çäginde ösýän ösümlikleri synlamagy guramak hem maksadalaýykdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda uly özgerişler amala aşyrylýar. Täze okuw maksatly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Munuň özi bizi has-da yhlasly we tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Hünär taýýarlygymyzy kämilleşdirip, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüji, bilimli, arassa ahlakly, edepli edip ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Kamila KUÇKAROWA,
Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.12.2023

Tmpedagog