06.12.2023 Pedagogika143 .

Çagany mekdebe öwrenişdirmegiň aýratynlyklary


Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülleýär, gül açýar, özgerýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

1-nji synpda çagalary mekdebe uýgunlaşdyrmagyň we oňa çemeleşmegiň aýratynlyklary barada aýtsak, çagalara örän seresaply we içgin çemeleşilmelidir. Okuwçy çagalaryň hemmesine uly adam ýaly garamaly. Olar bilen deň gürleşip, deň düşünişip, ruhlarynyň belent bolmagyny gazanmaly. Çagalaryň her biri özleriniň pikirleriniň diňlenýändigini duýmalydyr.

Ilkinji gezek mekdepde okamaga başlamak çagalar üçin iň kyn we jogapkärli iş, akyl zähmetidir. Bu çaganyň durmuşynda diňe bir täze ýagdaý bolman, eýsem, täze jogapkärçilik, täze aragatnaşyk hasap edilýär.

Mekdebe ilkinji gezek gelen çaga bu ýeriň hemme tertip-düzgüni bilen öwrenişmeli bolýar. Mekdep partasynda oturyp, dürli meseleler bilen garşylaşmak, öň köplenç oýun bilen meşgul bolup ýören 6 ýaşly çagalara çylşyrymly görnüp biler.

Çagalary mekdebe uýgunlaşdyrmak bir günüň ýa-da bir hepdäniň işi däldir. Ilkinji gezek synp partasynda oturmagy, eljagazlarynyň, aýajyklarynyň nähili durmalydygy baradaky düzgüni, okuwçy bilen mugallymyň, okuwçy bilen okuwçynyň arasyndaky gatnaşygy mugallym çaga ilkinji nobatda öwretmelidir.

Mugallym üçin iň zerur zatlaryň biri hem çagalaryň saglyk ýagdaýyny örän jogapkärli öwrenmekdir. Olaryň içinde gözi pesräk görýänleri, gulagy gowşak eşidýänleri bar bolsa, olary öňdäki partalarda oturtmalydyr, şeýle hem çagalary alada bilen gurşap almalydyr.

Mekdebe ilkinji gezek gelen çagalaryň köpüsiniň okamak islegi güýçli bolýar, mugallymlar şol islegi has-da ösdürmelidir. Olarda «Men eýýäm okuwçy» diýen düşünje peýda bolýar. Şeýle okuwçylar mugallymyň talabyna dogry düşünmäge ýakyndan kömek edýär.

Çagalaryň arasynda biri-birine bolan aragatnaşygy, kynçylygy, täze dostlary bilen uýgunlaşmagy ýola goýmakda mugallyma esasy orun degişlidir. Mugallym çagalary biri-biri bilen tanyşdyrmaly, özleri barada gürrüň etdirmeli. Mugallymyň: «Geliň, çagalar, tanşalyň!» diýip sapaga başlamagy çagalaryň hiç wagt ýadyndan çykmaýar.

Mugallymyň sähel ugrukdyryjy sözi çaganyň öz synpdaşlarynyň arasynda özüni gyzyklandyrýan zatlary duýmaga, özüne goýulýan bahanyň zerurdygyna düşünmäge ýardam berýär. Çaga haýsy zada çemeleşse, uly adamyň gözi, ylaýta-da mugallymyň gözi bilen seredip başlaýar. Ol özüni uly adam saýyp, olaryň hereketine öýkünýär. Mugallymyň özüni alyp barşyny çaga derrew öwrenýär.

Uýgunlaşmak döwründe baha goýulmazlygynyň sebäbi, çaganyň aňyna, psihologiýasyna zyýan ýetiriji ýagdaýyň ýüze çykmazlygy we çaganyň mekdebe uýgunlaşmagynyň kyn düşmezligi üçindir. Şonuň üçin hem mugallym çaganyň ýazuw işlerine suratjyklar, nyşanjyklar, ýyldyzjyklar we beýlekiler bilen höweslendirmeli. Şonda çaga öz eden işine: «Maňa şu gün ýyldyzjyk goýlupdyr. Sebäbi men hemmeden gowy ýazypdyryn» diýip, öz işini bahalandyryp biler.

Mugallym sapagyny oýunlaryň, görkezme esbaplaryň, didaktiki serişdeleriň, multimedia tagtasynyň üsti bilen gyzykly guramalydyr we çagalarda höwes döretmelidir. Bularyň hemmesi başlangyç synp okuwçysyny bilime taýýarlamaga oňat ýardam edýär.

Altyngözel GURBANDURDYÝEWA,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.12.2023

Tmpedagog