27.11.2023 Pedagogika262 .

Okuwçylaryň hasaplamak endiklerini ösdürmek


Häzirki endiklerini ösdürmekHäzirkiajaýyp döwrümizde ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Orta mekdeplerde başlangyç bilimiň kämil bolmagyny gazanmak bilim işgärleriniň baş maksadydyr. Okuwçylar başdan okaýan sapaklaryna oňat düşünmelidir, başlangyç bilimi özleşdirmelidir. Şundan ugur alyp, öwredilýän temanyň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagy üçin täsirli sapaklary guraýaryn.

Başlangyç synplarda matematika sapagyny täsirli guramak, multimedia tagtasynda sanlary görkezmek we täsirli bolmagy üçin ony gyzykly oýunlar bilen baglanyşdyrmak bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim edaralary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Orta mekdepler multimedia tagtalary, kompýuterler bilen üpjün edilip, sapaklary döwrebap guramaga ähli mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa mugallymlaryň iş usulynyň barha kämilleşmegine we okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ynha, başlangyç synp okuwçylary bilen sapak guralanda multimedia tagtasyndan, okuw kitabyndan peýdalanylýar. Multimedia tagtasynda sapak bilen baglanyşykly görkezilýän şekiller başlangyç synpda okaýan okuwçylar üçin has-da gyzykly bolýar. Şunda okuwçylaryň sapagy özleşdirmeklerine hem täsirliligi ýokary bolýar.

Başlangyç synplarda matematika sapagy guralanda okuwçylaryň hasaplamak endikleriniň kemala gelmegine, ýatdan hasaplamagy öwrenmegine uly ähmiýet berýärin. Şunda multimedia tagtasynda sanlary ýazýaryn. Sanlary okuwçylar bilen labyzly okaýarys. Şeýlelikde, käbir sanlaryň üstüne beýleki sanlary ýatdan goşmagy öwredýärin. Bulary oýunlar bilen hem baglanyşdyryp alyp gitmek bolar. Başlangyç synp okuwçylary oýunlaryň üsti bilen matematikany tiz öwrenýärler, geçilýän temany oňat özleşdirýärler.

Sapaga başlanymda çagalardan öýe berlen ýumşy soraýaryn. Olar uly gyzyklanma bilen çözen mysallaryny görkezýärler. Okuwçylaryň bu mysallary dogry işländiklerini, şonuň ýaly-da okuw depderlerinde hatlaryny owadan we arassa ýazyşlaryny barlaýaryn. Mysallary düşünip işländiklerini anyklamak üçin, olaryň käbirine mysallary sesli okadýaryn. Bu bolsa olaryň ýatkeşliginiň artmagyna, matematikanyň ilkinji düşünjelerini oňat özleşdirmegine ýardam berýär.

Soňra sapagy «Bir belgili iki sany goşmagyň umumy usuly we näbelli goşulyjyny tapmak» diýen täze temany geçmek bilen dowam etdirýärin. Şeýlelikde, okuwçylaryň çalt we dogry hasaplamak endiklerini ösdürmek üçin oýunlardan peýdalanýaryn. Olara temany sada dilde düşündirip, kitapdan degişli mysallary çözdürýärin. Soňra çagalaryň ýadamazlygyny gazanmak, şeýle hem alan düşünjelerini özleşdirmek maksady bilen, oýun oýnadýaryn. Bu bolsa olaryň derse bolan gyzyklanmasyny, şonuň ýaly-da bilesigelijiligini artdyrýar. Olar oýunlar arkaly alan düşünjelerini kämilleşdirýärler. Başlangyç synplarda okuwçylaryň ýatdan hasaplamak endigini kemala getirmek üçin miweleriň suratlaryny peýdalanmak bolýar. Mysal üçin, almanyň şekili çekilen suratlary okuwçylara paýlaýaryn. Bu suratlaryň üsti bilen okuwçydan surat şekilinde näçe alma çekilendigini soraýaryn. Okuwçylaryň her biri suratdaky almalaryň sanyny aýdýar. Eger iki almanyň şekili çekilen bolsa, ýene iki alma çeksek näçe almanyň şekiliniň boljakdygyny soraýaryn. Okuwçylar gyzyklanma bilen ýatdan hasaplaýarlar we dört sany alma boljakdygyny aýdýarlar. Şekilleriň üsti bilen şeýle gyzykly sapagy guramak, ýatdan hasaplamak endigini kemala getirmek okuwçylaryň pikirlenişini hem ösdürýär.

Sapagyň dowamynda kitapda berlen mysallary hem bilelikde işleýäris. Okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýarys. Sapagyň ahyrynda bolsa, öýe ýumuş tabşyrýaryn, kitapdan degişli mysaly işlemelidigini okuwçylara düşündirýärin.

Başlangyç synplarda sapagy täsirli guramak okuwçylaryň pikirleniş endikleriniň ösmegine täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimli, Watanymyza, halkymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Jeren SETDAROWA,
Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň
başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.11.2023

Tmpedagog