20.11.2023 Pedagogika393 .

Okuwçynyň özbaşdak iş usuly


Çeper edebiýaty öwrenmek bilen baglanyşykly okuwçyda özbaşdak işlemek, pikirlenmek, oýlanmak, tapmak endiklerini döretmek we ösdürmek işine okuwçynyň özbaşdak iş usuly diýilýär. Bu usula mugallymyň okuwçylara edebiýaty okamak, öwrenmek üçin tabşyrýan ähli özbaşdak işleri degişlidir. Bu usul okuwçylaryň döredijilik endigini ösdürmekde örän ähmiýetli.

Okuwçynyň özbaşdak iş usulynyň dürli tärleri bar: a) beýannama we düzme; b) meýilnama düzmek (ýönekeý we çylşyrymly meýilnama, eseriň žanry boýunça meýilnama düzmek); ç) ýumuşlar (eseri ýa ondan bölekleri ýat tutmak, okuw kitabynda berlen sorag we ýumuşlar boýunça işlemek); d) nutuk, referat (monografik temalar boýunça nutuk, referat, sapakdan daşary işlere ýa-da baýramçylyklara, şanly senelere bagyşlanan nutuk); e) çekişme-jedel we başgalar.

Mekdepde edebiýaty okatmagyň, öwretmegiň ähli döwründe mugallym okuwçyny özbaşdak işlemäge taýýarlaýar. Edebi döwür, ýazyjy, çeper eser barada özbaşdak oýlanmak, pikir ýöretmek we öz oý-pikirini dilden hem ýazuw üsti bilen beýan etmek döredijilik ukybyny ösdürýär, oňa durmuş-ýaşaýyş üçin gerekli endikleri berýär.

Beýannama we düzme okuwçynyň özbaşdak işiniň esasylarynyň biridir. Beýannama, esasan, V —–VIII synplarda edebi ýazgy boýunça ýazdyrylýar.

Düzme okuwçynyň edebiýatdan döredijilik işiniň esasy görnüşidir. Edebiýatdan düzmeler orta mekdepde sapakda we öýde ýazdyrylýar. Düzme ýokary synplarda gitdigiçe çylşyrymlaşýar. V —–XII synplarda düzme öwredijilik hem barlag häsiýetinde bolup, esasan, edebi hem erkin temalarda ýazdyrylýar. Düzme okuwçynyň çeper edebiýaty bilşiniň, oňa düşünişiniň, tema baradaky pikir-duýgusynyň beýanydyr.

Okuwçy edebiýaty öwrenmek bilen baglanyşykly özbaşdak işinde dürli çylşyrymlylykda we häsiýetde bolan ýumuşlary-da çözýär. Çeper eseriň üstünde özbaşdak işlemek üçin mugallymyň ýumuşlary hem-de okuw kitabynda berilýän sorag we ýumuşlar okuwça eseri labyzly okamagy, onuň manysyna çuň düşünip, esasy ideýany aňlamagy, edebi maglumat boýunça öz oý-pikirini, garaýşyny dilden we ýazuw üsti bilen beýan etmegi ündeýär. Edebiýatdan ýumuşlar boýunça özbaşdak iş okuwçynyň edebi taýdan ösüşinde möhüm şertleriň biridir.

Okuwçynyň özbaşdak iş usulynyň esasy tärleriniň biri-de nutukdyr. Bu täri V — XII synplaryň ählisinde-de işjeň ulanmak bolar. Ýöne V — IX synplarda okuwçylaryň edebiýatdan nutuklary örän ýönekeý häsiýetde bolmaly. Mugallym nutuk ýazdyrmak üçin okuwça öňünden edebi-taryhy döwür, ýazyjy, eseri derňemek boýunça anyk tema tabşyrýar. Oňa maglumat toplamaga we meýilnama düzmäge kömek berýär. Okuwçy nutugy sapakdan daşary wagtlarda özbaşdak ýazýar. Ony mugallym okap görýär, degişli görkezme berýär. Okuwçynyň taýýarlan nutugy sapagyň belli bir bölüminde ýa-da ýörite sapakda, okuwçylar konferensiýalarynda, edebi duşuşyklarda diňlenilýär we ähli okuwçylaryň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýar. Okuwçynyň nutugynyň üsti bilen onuň özbaşdak döredijilik ukyby, zehini aýan bolýar.

Biz okadýan synplarymyzda Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini öwrenmek maksady bilen, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap okuwçylara dürli temalardan nutuklar ýazdyrdyk. Şol nutuklary synplarda, okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklarynda diňläp, synpdaş ýoldaşlary bilen ara alyp maslahatlaşyp, olara degerli kömekleri berdik.

Edebiýatdan sapakdan daşary okuw, edebi agşam, okyjylar konferensiýasy, edebi gurnak, edebi gazet, edebi muzeýe, sergä, ýadygärlige gezelenç... ýaly işlere işjeň gatnaşmak bilen, okuwçy durmuşa çuňňur göz ýetirýär, duýgy-düşünjesini artdyrýar. Okuwçy edebi ýygnanyşyklar, okyjylar konferensiýalary üçin nutuk, gezelençlerde gören-eşiden zatlary barada düzme, diwar gazetlerine makala ýazmaga türgenleşýär. Sapakdan daşary işlerde okuwçynyň özbaşdak işi onuň zähmetsöýerligini, hyjuwyny, akyl ýetiriş işjeňligini ösdürýänligi, dünýägaraýşyny has-da giňeldýänligi üçin ähmiýetlidir.

Döwletmyrat SADYKOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
44-nji orta mekdebiň ýokary hünär derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.11.2023

Tmpedagog