16.11.2023 Pedagogika594 .

Türkmen dili sapagynda özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek


Häzirki ajaýyp döwürde bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şunda sapagy guramagyň, usulyýetiň yzygider kämilleşdirilmegi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen dili sapagynda hem usulyýet işleri kämilleşdirilýär, multimedia tagtalary we kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar.

Mugallymyň öz okadýan dersini gowy beýan edip bilmegi, sapagyň ähmiýetiniň zerurdygyny okuwçylaryň aňyna ýetirmegi baş ýörelgedir. Çünki okuwçy sapagyň ähmiýetine düşünse, onuň bilim öwrenmäge bolan ukyby has-da ýokarlanýar. Türkmen dili sapagynda ata-babalarymyzyň dil hakyndaky sargytlaryny, nakyllary okuwçylara düşündirmeli. Munuň özi okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Orta mekdebiň 8-nji synpynda geçilen temalar gaýtalanýar we özbaşdak many aňladýan söz toparlary we özbaşdak ulanylmaýan kömekçi sözler hakynda düşündirilýär. Şunda multimedia tagtasynda şeýle ýazmak bolar:

Atlar.

Sypatlar.

Sanlar.

Çalyşmalar.

Hallar.

Işlikler.

Multimedia tagtasynda özbaşdak many aňladýan sözleriň toparlaryny görkezmek bilen has-da düýpli düşündirmek bolar. Özbaşdak many aňladýan sözler «kim?», «näme?», «nire?», «haýsy?», «nähili?», «neneňsi?», «näçe?», «näçenji?», «näme etdi?», «näme edýär?», «näme etjek?», «näme eder?» ýaly soraglara jogap bolýan leksik manyly sözler bolup durýar. Özbaşdak ulanylmaýan kömekçi sözlere sözsoňular, baglaýjylar, ses we şekil aňladýan sözler, ümlükler, ownuk bölekler degişlidir. Şeýle hem käbir mysallary beýan edip, olary multimedia tagtasynda görkezmeli. Birnäçe sözleri getirmek bilen soraglary berýäris. Mysal üçin: Kitap — näme? Galam — näme? Bäş — näçe? Ýaşyl — nähili? Süýji — neneňsi?

Sapagyň dowamynda okuw kitabyndan peýdalanylsa maksadalaýyk. Okuw kitabynda görkezilen gönükmeleri işletmek bilen sapagy berkitmeli, okuwçylaryň oňat düşünmeklerini gazanmaly. Okuw kitabyndaky gönükmelerde goşgular getirilýär we depdere ýazmak, özbaşdak many aňladýan sözleri düşündirmek bellenilýär. Bu gönükmeleriň ýerine ýetirilmegi bilen okuwçylar sapaga işjeň gatnaşýarlar, goşgulardan ýa-da sözlemlerden özbaşdak many aňladýan sözleri gözläp tapýarlar, bu sözleriň haýsy soraga jogap bolýandygyny beýan edýärler.

Milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde okatmagyň iň kämil usullary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Dürdäne HAÝDAROWA,
Çärjew etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.11.2023

Tmpedagog