13.11.2023 Pedagogika668 .

Biologiýadan sapak ýazgysyny taýýarlamak


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam edilýän milli bilim ulgamyndaky giň gerimli döwrebaplaşdyrmak işleriniň çäginde ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň baý, hiliniň ýokary, okatmagyň usulyýetiniň has kämil bolmagy üçin uly tagallalar edilýär.

Berilýän bilimiň baý mazmunly we ýokary hilli bolmagyny yzygiderli üpjün etmekde mugallymlaryň taýýarlaýan sapak ýazgylaryna uly orun degişli bolup durýar. Bu möhüm ugurdaky işleri döwrebap derejede guramak üçin Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 53 belgili buýrugy bilen «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdiriji» tassyklandy we okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyp başlandy.

Döwrebap sapak ýazgylaryny taýýarlamak üçin her bir mugallymyň, aýratyn-da, mugallymçylyk işine täze girişýän ýaş pedagoglaryň şu Gözükdirijide beýan edilen talaplary berjaý etmekleri, ondaky usuly maslahatlara eýermekleri zerur bolup durýar.

Sapak ýazgylaryny taýýarlamak mugallymyň işiniň möhüm düzüm bölegi bolup, giňişleýin we jikme-jik işlenilip düzülen sapak ýazgysy mugallyma her bir sapagy ýokary netijeli guramaga we geçirmäge, wagty netijeli peýdalanmaga kömek edýär hem-de tiz wagtyň dowamynda öňde goýan maksadyna ýetmäge mümkinçilik berýär. Sapagyň jikme-jik gurluşy bolsa, onuň tutuş dowamynda okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmäge kömek edýär.

Okuw derslerine we sapaklaryň görnüşlerine baglylykda, sapagyň mazmuny dürli bolýar, emma ähli ýagdaýlarda hem sowatly sapak ýazgysyny taýýarlamagyň hökmany berjaý edilmeli umumy düzgünleri bar.

Sapak ýazgysyny ýazýan wagty mugallymlaryň aşakdaky umumy talaplardan ugur almaklary zerurdyr:

— sapagyň maksady, wezipeleri we okatmagyň usullary hökman okuw sapagynyň temasyna we okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyk gelmelidir;

— sapagyň maksady we wezipeleri anyk kesgitlenilmelidir;

— sapagyň möhüm düzüm bölekleriniň biri-de öwredilýän temany okuwçylaryň uly höwes bilen öwrenmekleri üçin esasyň (deliliň) bolmagydyr;

— sapak wagty üpjün edilmegi göz öňünde tutulýan dersara baglanyşyklaryň anyk görnüşleri we olaryň mysallary hem-de amala aşyrmagyň usulyýet tärleri beýan edilmeli;

— sapagyň gidişi öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmäge ýardam etmelidir.

Öňde ady agzalyp geçilen Gözükdirijä laýyklykda, biologiýa (haýwanlar) dersi boýunça 8-nji synpda «Mollýuskalaryň ähmiýeti. Mollýuskalary goramak» diýen tema boýunça sapak ýazgysyny taýýarlamagyň aýratynlyklaryna seredip geçeliň.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji synp üçin biologiýadan okuw maksatnamasyna laýyklykda, mugallym tarapyndan taýýarlanylan ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy boýunça sapak ýazgysynyň «Sapagyň temasy» bölüminde «Mollýuskalaryň ähmiýeti. Mollýuskalary goramak» diýip ýazylýar.

Belli bolşy ýaly, biologiýanyň «Haýwanlar (zoologiýa)» bölüminde 8-nji synpda okuwçylara mollýuskalar, olaryň beden gurluşy, köpdürlüligi, tebigatdaky we adamyň ýaşaýyş-durmuşyndaky ähmiýeti, olary gorap saklamak barada düýpli we giňişleýin düşünjeler berilýär. Şu sebäpli-de, sapak ýazgysynyň «Sapagyň maksady» diýen bölüminiň «Bilim berijilik» bölümçesinde: «Okuwçylara mollýuskalaryň tebigatdaky we adamyň ýaşaýyş-durmuşyndaky ähmiýeti, olary gorap saklamak barada giňişleýin düşünje bermek hem-de mollýuskalary gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwretmek» diýip ýazmagy maslahat berýäris. Sapak ýazgysyndaky «Terbiýeçilik maksady» bölümçesinde bolsa: «Okuwçylarda mollýuskalar barada täze bilimleri öwrenmäge bolan ymtylmalary we gyzyklanmalary işjeňleşdirmek, eziz Watanymyzyň haýwanat dünýäsini gorap saklamaga we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga bolan söýgini, biologik adalgalary we düşünjeleri dogry aýdyp bilmek başarnygyny terbiýelemek» diýip ýazylsa maksadalaýyk bolar.

Häzirki döwürde okuw-terbiýeçilik işlerinde sapagyň 15-den gowrak dürli görnüşleri ulanylýar. Şonuň üçin-de, sapak ýazgysyny taýýarlanda mugallymyň öwrediljek nobatdaky temanyň mazmunyna laýyklykda, sapagyň haýsy görnüşinden peýdalanjakdygyny anyk kesgitlemegi onuň öňünde durýan möhüm wezipe hasaplanýar. Ady agzalan tema boýunça sapakda okuwçylara mollýuskalaryň tebigatdaky we adamyň ýaşaýyş-durmuşyndaky ähmiýeti, olary gorap saklamak barada giňişleýin düşünje bermek hem-de mollýuskalary gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň ýollaryny öwretmek maksadyndan ugur alynýar. Şonuň üçin hem sapak ýazgysynyň «Sapagyň görnüşi» diýen bölüminde «Täze maglumatlary öwretmek sapagy» diýip ýazylsa, dogry bolar.

Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplaryň sapagyň bilim berijilik we terbiýeçilik maksatlaryny amal etmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, okuwçylara berilýän bilimiň hiliniň ýokary we mazmunynyň has baý bolmagyny üpjün etmekde möhüm şertleriň biri bolup durýandygyna her bir mugallymyň dogry düşünmegi, sapak ýazgysyny taýýarlanda oňa möhüm ähmiýet bermegi zerurdyr. Sapakda okuw-görkezme esbaplaryň, sanly serişdeleriň (kompýuter, interaktiw tagta, telewizor, lingafon enjamy we ş.m.) we paýlama maglumatlaryň (reňkli suratlar, tanyşdyrmalar, tablisalar, tema degişli soraglar, çyzgyç we ş.m.) hem-de goşmaça maglumatlaryň (edebiýatlar we web saýtlaryň salgylary) haýsy görnüşleri ýerlikli peýdalanylanda öwrenilýän zerur bilimlere we düşünjelere okuwçylaryň çuňňur akyl ýetirmeklerine, olaryň ýadynda uzak wagtlap saklanmagyna ýardam etjekdigini mugallym sapak ýazgysyny taýýarlanda anyk kesgitlemelidir. Şunuň bilen baglanyşykda, sapak ýazgysynyň «Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler we paýlama maglumatlar» diýen bölüminde: «kompýuter, interaktiw tagta, slaýdlar, tanyşdyrmalar, reňkli suratlar, Türkmenistanyň kartasy, «Zyýankeş mollýuskalar» we «Peýdaly mollýuskalar we olary gorap saklamak» atly tablisalar, «Mollýuskalaryň ähmiýeti» atly klaster, tema degişli soraglar we ýumuşlar» diýen anyk ýazgylary ýazmagy maslahat berýäris.

«Sapagyň gidişi» diýen bölüm sapak ýazgysynyň esasy düzüm bölegi hasaplanýar. Onda mugallymyň we okuwçylaryň sapagyň bütin dowamynda ýerine ýetirmeli işleri, okuwçylara hödürlenjek ýumuşlar we soraglar jikme-jik beýan edilýär. Köplenç ýagdaýlarda sapak ýazgysynyň «Sapagyň gidişi» diýen bölümi «Sapagyň guramaçylyk döwri», «Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak», «Geçilen temany jemlemek», «Täze temany düşündirmek», «Täze temany berkitmek», «Öý işini tabşyrmak», «Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak» ýaly bölümçelerden durýar.

«Sapagyň guramaçylyk döwri» atly bölümçesinde şeýle ýazylýar: «Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak we synp žurnalynda degişli bellik etmek. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek, okuw we ýazuw esbaplarynyň ýerbe-ýerligini barlamak. Ýurdumyzyň syýasy we medeni durmuşyndaky iň möhüm wakalar bilen okuwçylary gysgaça tanyşdyrmak». Sapagyň bu bölümçesini ýerine ýetirmek üçin mugallym, adatça,

1-2 minuty sarp etmeli. Şu sebäpli-de, mugallym aýtjak maglumatlaryny hemişe gysgaçadan anyk, okuwçylara düşnükli dilde we täsirli bolar ýaly edip aýtmaga çalyşmaly.

Sapagyň guramaçylyk döwründen soňra okuwçylardan geçen sapakda öwrenilen tema boýunça olara tabşyrylan ýumuşlar soralýar. Munuň üçin mugallym geçilen tema boýunça (okuw maksatnamasyna we sapaklaryň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna laýyklykda, geçen sapakda «Mollýuskalar, olaryň köpdürlüligi, umumy alamatlary.

Mollýuskalaryň gelip çykyşy» diýen tema geçilen) okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak üçin göz öňünde tutýan soraglarynyň we ýumuşlarynyň takyk sanawyny düzüp, olary synp tagtasynda ýazýar ýa-da interaktiw tagtada görkezýär. Şeýlelikde, sapak ýazgysynyň «Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak» diýen bölümçesinde aşakdaky ýaly ýazgylary ýazmagy mugallymlara maslahat berýäris:

1. Näme üçin mollýuskalara başgaça ýumşak bedenliler hem diýilýär? Mollýuskalaryň bu ady olaryň beden gurluşyndaky haýsy aýratynlyklar bilen baglanyşykly?

2. Halkaly gurçuklar bilen deňeşdirilende mollýuskalaryň beden gurluşynda nähili aýratynlyklar bar?

3. Mollýuskalaryň balykgulaklary (rakowinasy) haýsy işi ýerine ýetirýär?

4. Mollýuskalaryň beden gurluşyndaky haýsy alamatlary bu tipiň düzüminde esasy 3 klasyň bölünmegi üçin esas bolup hyzmat edipdir?

5. Mollýuskalar öz ýaşaýan tebigy gurşawlarynyň şertlerine nähili uýgunlaşypdyrlar?

6. Garnaýakly mollýuskalar bilen iki gapakly mollýuskalaryň beden gurluşynda haýsy umumy alamatlar we tapawutlar bar?

7. Siziň ýaşaýan ýeriňizde mollýuskalaryň haýsy görnüşleri duş gelýär?

8. Mollýuskalar haýsy haýwanlardan gelip çykypdyrlar? Bu babatda nähili subutnamalar bar?

Sapak ýazgysynyň «Geçilen temany jemlemek» diýen bölümçesinde: «Mollýuskalaryň göwresi bogunlara (segmentlere) bölünmedik ýumşak bedenli oňurgasyz haýwanlardygy, olaryň bedeniniň 3 bölümden (kelle, göwre we aýaklar) durýandygy, suwda we gury ýerde ýaşaýandyklary, örän köpdürlüdigi (130 müň görnüş) we 3 klasa (garnaýaklylar, iki gapaklylar, kellesi aýaklylar klaslary) bölünýändigi barada aýdylyp, geçilen tema gysgaça jemlenýär» diýlip ýazmak mümkin.

Mugallym okuw kitabyndan täze öwrediljek «Mollýuskalaryň ähmiýeti. Mollýuskalary goramak» atly temany (§ 27, 96 — 100-nji sahypalar) ünsli okap, täze temany düşündirmegiň meýilnamasyny işläp düzýär. Munuň özi mugallymdan öwrediljek temanyň many-mazmunyny çuňňur we jikme-jik özleşdirmegi, ondaky esasy düşünjeleri tapawutlandyryp bilmegi hem-de tema boýunça zerur tanyşdyrmalary taýýarlamagy talap edýär. Şundan soňra sapak ýazgysynyň «Täze temany düşündirmek» diýen bölümçesinde temany düşündirmegiň mysaly meýilnamasyny aşakdaky ýaly görnüşde ýazmagy maslahat berýäris:

1. Mollýuskalaryň tebigatdaky biologik aýlanyşykda eýeleýän orny we ähmiýeti.

2. Garnaýakly mollýuskalaryň adam tarapyndan iýmit hökmünde ulanylýan görnüşleri (deňiz mejimegi, deňiz gulaklyjasy, turba ýa-da trubaçlar, deňiz towşanjygy we ş.m.), olaryň ynsan saglygy üçin peýdasy.

3. Garnaýakly mollýuskalaryň owadan şekilli balykgulaklary üçin olaryň senagatda ösdürilip ýetişdirilişi. Olardan dürli bezegleriň (sadap çaýylan gapjyklaryň, güldanlaryň, mebel bezegleriniň), gymmatly muzeý nusgalyklarynyň taýýarlanylyşy.

4. Ekoulgamlardaky tebigy deňagramlylygy saklamak üçin garnaýakly mollýuskalary gorap saklamagyň zerurlygy.

5. Adamlar tarapyndan iýmit hökmünde ulanylýan ikibalykgulakly mollýuskalar (midiýalar, ustrisalar, deňiz örküçlijesi) we olaryň ynsan saglygy üçin ähmiýeti.

6. Mollýuskalardan merjen alnyşy we onuň bezeg işlerindäki ähmiýeti.

7. Ikibalykgulakly mollýuskalaryň zyýankeş görnüşleri (gämi gurçugy, dreýssena we ş.m.), olaryň ýetirýän zyýany.

8. Ikibalykgulakly mollýuskalaryň suwy biologik arassalaýjylar hökmündäki peýdasy.

9. Kellesi aýakly mollýuskalaryň (kalmarlar, osminoglar) adamyň deňiz iýmit önümleri hökmündäki orny we ähmiýeti. Karakatisalaryň we käbir osminoglaryň syýa suwuklygyny almak üçin tutulmagy.

10. Mollýuskalaryň peýdaly we seýrek duş gelýän görnüşlerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, olaryň ähmiýeti.

Mugallym temany düşündirmegiň meýilnamasyny işläp düzenden soňra, öňde beýan edilen şol mysaly meýilnama laýyklykda, sapak ýazgysynda şeýle mazmundaky gysgaça ýazgylary ýazýar:

«Mollýuskalar tebigatdaky biologik aýlanyşykda möhüm orny eýelemek bilen, olar ekoulgamlardaky tebigy deňagramlylygy saklamakda uly ähmiýete eýedirler».

«Garnaýakly mollýuskalaryň adam tarapyndan iýmit hökmünde ençeme görnüşleri ulanylýar. Olara, esasan, deňiz mejimegi, deňiz gulaklyjasy, trubaçlar, deňiz towşanjygy ýaly görnüşler degişlidir. Olaryň etiniň düzüminde dürli kislotalar we beýleki tebigy birleşmeler saklanýar. Şol maddalar beýniniň işini gowulandyrýar we nerw ulgamyny berkidýär. Mollýuskalaryň etini ilkinji nobatda galkan şekilli mäziniň işi bozulan adamlara iýmeklik maslahat berilýär».

«Garnaýakly mollýuskalaryň owadan şekilli balykgulaklarynyň bolýandygy üçin olary senagat möçberinde ösdürip ýetişdirýärler. Olardan dürli bezegler, has takygy, sadap çaýylan gapjyklary, güldanlary (wazalary), mebel bezeglerini, gymmatly muzeý nusgalyklaryny (eksponatlaryny taýýarlaýarlar)».

«Mollýuskalaryň dürli ekoulgamlarda tebigy deňagramlylygy saklamakda uly ornunyň bardygy üçin olary gorap saklamak we rejeli peýdalanmak zerur bolup durýar».

«Ikibalykgulakly mollýuskalaryň arasynda hem adamlar tarapyndan iýmit hökmünde ulanylýan görnüşleriň ençemesi bar. Olara midiýalar, ustrisalar, deňiz örküçlijesi degişlidir. Bu mollýuskalaryň etinde sink we selen ýaly ynsan saglygy üçin örän ähmiýetli himiki elementler bar. Ustrisalaryň 100 gram etinden adam bedeni beloklaryň 11, ýaglaryň 2, uglewodlaryň 3 gramyny alýar. Ortaça ululykdaky 6 sany ustrisanyň etini iýen adam zerur tebigy birleşmeleriň bir günlük möçberini alyp bilýär».

«Mollýuskalardan gymmat bahaly merjenleri alýarlar. Olary durmuşda dürli bezeg işlerinde ulanýarlar».

«Mollýuskalaryň arasynda zyýankeş görnüşleri hem bolup, olara gämi gurçugy, dreýssena, üzüm we meýdan nemlijeleri, torjumak nemlije ýaly görnüşler degişlidir. Gämi gurçugy gämilere we suw desgalaryna uly zyýan ýetirip bilýär».

«Mollýuskalaryň suwy biologik arassalaýjylar hökmünde peýdasy uludyr. Mysal üçin, dişsizje akwariumlar üçin iň gowy tebigy süzgüçdir, ol dürli mikroorganizmler bilen iýmitlenip, suwy arassalaýar».

«Kellesi aýakly mollýuskalaryň arasynda hem adamlar tarapyndan deňiz iýmit önümleri hökmündäki giňden ulanylýanlary bar. Olara, ilkinji nobatda, kalmarlar we osminoglar degişlidir. Bu mollýuskalaryň etiniň düzüminde B, E, PP, K, A toparlarynyň witaminleri, şeýle hem magniý, natriý, fosfor, kaliý, margens, selen, ýod, sink ýaly elementler saklanýar. Bu birleşmeler madda çalşygyna gatnaşýarlar, beloklary özleşdirmäge kömek edýärler, gemoglobini we immuniteti ýokarlandyrýarlar».

«Karakatisalary we käbir osminoglary syýa suwuklygyny almak üçin tutýarlar. Ol suwuklyk tebigy reňk beriji serişde bolup, meşhur ýewropa tagamlaryna özboluşly reňk bermekde ulanylýar».

«Mollýuskalaryň peýdaly we seýrek duş gelýän görnüşlerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak wajyp wezipeleriň biri hasaplanýar. Bu ugurda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl kitabyna (2017) mollýuskalaryň 7276 görnüşiniň atlary ýazylan (olaryň 297-si ölüp giden görnüşler hasaplanýar). Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna bolsa mollýuskalaryň 1 görnüşiniň — Garlyk dadrany ýa-da melanoidesi diýlip atlandyrylýan görnüşi girizildi. Ol ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriň hataryna degişlidir».

Şu beýan edilenlerden soňra, mugallym sapak ýazgysynda okuwçylaryň täze temany öwrenmek bilen nämeleri bilmelidiklerini we başarmalydyklaryny aýdyň göz öňüne getirmelidir hem-de olary sapak ýazgysynda anyk we dolulygyna beýan etmelidir. Munuň üçin ol umumy orta bilimiň döwlet standartynyň hem-de biologiýa dersi boýunça okuw maksatnamasynyň talaplaryndan ugur almalydyr.

Giňişleýin ýazylan sapak ýazgysy mugallyma okuwçylara öwredýän bilimlerini erkin ýagdaýda beýan etmek üçin has amatly mümkinçiligi döredýär. Bularyň hemmesi ýaş nesle berilýän bilimiň we edep-terbiýäniň hiliniň ýokary, mazmunynyň baý bolmagyny üpjün edýär.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 13.11.2023

Tmpedagog