07.11.2023 Pedagogika771 .

Başlangyç synplarda türkmen dili sapagy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy barada tagalla edýärler. Ýurdumyzda munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermek bilim işgärleriniň, şol sanda, ilkinji nobatda, mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipe, mukaddes borç hökmünde kesgitlenildi.

Döredilýän giň mümkinçilikler biz mugallymlary mukaddes kärimizde has-da tutanýerli we döredijilikli işlemäge, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň netijeli, öňdebaryjy usullaryny iş tejribämize ornaşdyrmaga, munuň üçin bolsa hemişe gözlegde bolmaga borçly edýär.

Sapak mekdep okuwçylaryna bilim-terbiýe bermegiň esasydyr. Şonuň üçin her bir sapaga ykjam taýýarlykly barmak, ony talabalaýyk guramak, onuň netijeliligini gazanmak mugallymlaryň mukaddes borjudyr.

Şu nukdaýnazardan, men guraýan sapaklarymyň usuly taýdan kämil, öwrediji häsiýetli bolmagy barada alada edýärin. Şonuň netijesinde okadýan başlangyç synp okuwçylarymyň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmak bilen, geçilýän her bir temany oňat özleşdirmeklerini, bilimleri tutanýerli ele almaklaryny gazanýaryn, şeýle hem özleşdirilýän tema bilen baglanyşykly ençeme maglumatlary almaklaryna çalyşýaryn. Munuň üçin sapakda dürli okuw-görkezme esbaplardan, sanly serişdelerden, paýlama maglumatlardan we bilim bermegiň netijeli usullaryndan peýdalanýaryn.

Çagalaryň, şol sanda başlangyç synp okuwçylarynyň görýän, täsir galdyrýan zatlaryna gyzyklanmalary uly bolýar. Şu ýagdaýy, ýagny çagalaryň bilesigelijiligini nazara alyp, sapakda tema bilen baglanyşykly suratlardan peýdalanmak, onuň bilen baglanyşykly sorag-jogap alyşmak başlangyç synp okuwçylarynyň geçilýän temany oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär. Muňa men öz iş tejribämde göz ýetirdim.

2-nji synpda türkmen dili dersi boýunça çekimli sesler barada düşünje bermek bilen baglanyşykly temany geçenimde, ilki bilen, sapagyň bilim berijilik, terbiýeçilik maksadyny kesgitledim. Şonda çagalara estetiki terbiýe bermegi hem göz öňünde tutdum. «Çekimli sesler barada» diýen temany geçenimde, reňkli suratlardan peýdalanmagym, şol sanda multimedia tagtasynda ses we harp bilen baglanyşykly suratlary görkezmegim, olar barada okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmagym bu temany geçmek bilen öňde goýan maksadyma ýetmäge mümkinçilik berdi.

Sapakda suratlar arkaly sorag-jogap alyşmagy okuwçylaryň öý işlerini ýerine ýetirişlerini barlanyňda-da, täze temany düşündireniňde-de guramak bolýar. Mysal üçin, multimedia tagtasynda alma agajynyň suratyny görkezmek bilen, «Suratda haýsy agajy görýärsiňiz? Alma agajynyň hasyly haçan ýetişýär?» diýen soraglar bilen okuwçylara ýüzlenýärin. Degişli jogaplary alanymdan soň «alma», «alma agajy» diýen sözlerdäki çekimlileri okuwçylara anykladýaryn.

Sapakda peýdalanmak üçin saýlanyp alynýan, görkezilýän suratlaryň, multimedia tagtasynda taýýarlanan şekilleriň reňkli, ýokary hilli çekilen bolmagy hökmanydyr. Munuň özi bir tarapdan, mugallymyň sapaga jogapkärli garaýşyndan habar berse, ikinji tarapdan, çagalaryň gözellik dünýäsiniň ösmeginde, olara estetiki terbiýe bermekde ähmiýetli bolýar.

Umuman, sapak mugallym üçin gözleglerden, okuwçylar üçin bolsa gyzyklanmalardan doly pursatlardyr. Sapagyň ýokary hilli we netijeli bolmagyny gazanmak mugallyma baglydyr.

Bilim işgärlerine döredijilikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnabat TAŞNEPEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 114-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.



www.turkmenmetbugat.gov.tm
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 07.11.2023

Tmpedagog