07.11.2023 Pedagogika494 .

Okuwçylara iňlis dilini öwretmek


Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän beýik işler ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini has-da ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda tebigy ugurlary hem, daşary ýurt dillerini öwretmek hem möhümdir. Şonuň üçin hem mekdeplerde geçilýän sapaklary ýokary derejede guramak, usulyýetiň döwrebap görnüşlerinden peýdalanmak mugallymlaryň baş maksady bolup durýar.

Iňlis dili sapaklarynda okatmagyň döwrebap usullary ulanylýar. Sapak geçilende okuw kitaplary bilen bir hatarda multimedia tagtalar, lingafon otaglar, audio we wideo ýazgylar peýdalanylýar. 5-nji synpda okuwçylara iňlis dilinde sagadyň, wagtyň aňladylyşy hakynda düşündirilýär. Şonuň üçin hem sagatlaryň wagtyny multimedia tagtasynda bellemeli hem-de okuwçylar bilen iňlisçe aýtmaly:

A. 3:10 – It’s ten minutes past three.

B. 7:05 – It’s five minutes past seven.

C. 2:30 – It’s half past two.

D. 6:40 – It’s twenty minutes to seven.

E. 5:55 – It’s five minutes to six.

Bu usul iňlis dilinde sagatlaryň nähili aýdylmalydygyny öwredýär. Sagatlaryň aýdylyşy bilen bagly sapaklar geçilende lingafon otaglaryndan peýdalanylsa maksadalaýyk bolar. Ýörite audio ýazgylaryň kömegi bilen okuwçylara sagatlaryň aýdylyşyny we wagtyny beýan edip bolýar. Şeýlelikde okuwçylar hem okamak arkaly, şeýle hem diňlemek arkaly iňlis dilinde wagtlaryň aňladylyşyny öwrenýärler.

Sapagyň dowamynda okuwçylara kitapda berlen goşgyny hem öwretmek bolýar:

One o’clock, two o’clock,

Three o’clock’s fine,

Any time; it’s holiday time!

Morning, evening, noon or night!

It’s holiday – the time is right!

Monday, Tuesday, Wednesday’s fine,

Any time; it’s holiday time!

Okuwçylara iňlis dilini öwretmekde okuw kitaby ýakyndan ýardam berýär. Kitapda täze sözler, olaryň aýdylyşy, äheňleri, gepleşikleriň guralyşy aýdyň görkezilýär. Okuwçylara tekstleri okadyp, terjime etdirmeli, olaryň okan ýerlerini özleriçe gürrüň bermeklerini gazanmaly.

Lingafon okuw otaglary täze öwrenen sözlerini gaýtalamak ýa-da wagty beýan etmegi öwretmek üçin örän amatlydyr. Şonuň netijesinde sözleri nähili aýtmalydygyny, nähili heňler bilen sesiňi ýokary galdyrmalydygyny diňläp bolýar. Diňlemek usuly arkaly okuwçylar öwrenýän dilini aňyna gowy kabul edýärler. Bu usul mugallyma örän köp kömek edýär.

Okuwçylara kompýuter tehnologiýalary arkaly birnäçe gönükmeleri ýerine ýetirmek, täze öwrenen sözlerini ýatda saklamak maksady bilen, olary suratlar bilen ýat tutmak has amatly bolýar. Şonuň üçin hem sagatlaryň wagty şekillendirilen suratlary multimedia tagtasynda görkezýäris. Okuwçylar bu şekildäki sagatlaryň wagtyny aýtmaga çalyşýarlar, pikirlenişlerini ösdürýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilimli, sowatly, sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek işine öz zähmetimiz bilen goşandymyzy goşarys. Aýna ROZYÝEWA,
Hojambaz etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Aýna ROZYÝEWA,
Hojambaz etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.11.2023

Tmpedagog