11.10.2023 Pedagogika672 .

Çaga terbiýesinde kitabyň ähmiýeti


Çaga terbiýesinde ata-enelere, terbiýeçilere, mugallymlara oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmek zerur bolup durýar. Olar çagalaryň häsiýetine görä terbiýeçilik usullaryny ulanmaly bolýarlar. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyl beýan edilýär: «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan». Şonuň üçin hem çaga terbiýesine has irki ýaşlardan başlamak möhümdir. Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň aýratyn orny bardyr. Olar kiçiliginden erteki diňlemäge örän höwesli bolýarlar. Şonuň üçin hem ata-ene çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýeleýji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar we ýuwaş-ýuwaş gahrymanlaryň häsiýetleriniň üsti bilen adamkärçilik sypatlaryny öwrenmäge başlaýarlar. Çagalar oýun oýnanlarynda hem iň gowy häsiýetli gahrymanyň keşbini janlandyrmaga höwesek bolýarlar.

Çaga okamagy, ýazmagy öwrenenden soň, oňa gyzykly, terbiýe beriji kitaplary okamagy endik etdirmek ene-atanyň, mugallymyň borjy bolup durýar. Olara öz gowy görýän ertekili kitaplaryny sowgat edip durmaly. Çagalar, esasan, kiçi ýaşlarynda haýwanlar baradaky ertekileri diňlemegi, okamagy gowy görýärler. Teleýaýlymlarda görkezilýän multfilmlerde görýän haýwanlarynyň hereketlerini, seslerini gaýtalaýarlar. Olar ertekiniň üsti bilen birnäçe haýwanlar we olaryň häsiýetleri bilen tanyşýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişi-de ähmiýetlidir. Sebäbi, çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Çaga ulaldygyça, kitaplary onuň ýaş aýratynlygyna, mazmunyna görä saýlap almaga üns berilmelidir. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň göwrümleri kiçiräk bolmalydyr. Çagalar şol bir zat bilen meşgul bolanlarynda tiz ýadaýarlar. Şoňa görä, kiçi göwrümli kitaplar olar üçin has gyzykly bolýar. Çagalara kitaplary okanlaryndan soň, olary kitap tekjelerine ýerleşdirmegi öwretmeli. Olara okaýan kitaplarynyň sanynyň gün-günden artýandygyny görkezip, höweslendirip durmak hem netijeli bolýar. Şeýle ýagdaýda çagalaryň belli bir wagtdan soň kitap okamaga bolan endigi kämilleşmäge başlaýar. Şonuň ýaly-da, kitaplaryň üsti bilen çagalaryň söz baýlygy ep-esli derejede artýar, dünýägaraýşy giňeýär, köp zatlara akyl ýetirip başlaýar.

Her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi maşgala ojagyndan başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, akylly-başly, edep-ekramly, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent nesli ýetişdirmek, ilkinji nobatda, maşgalanyň paýyna düşýär. Munuň özi milli terbiýäniň gözbaşy hasaplanýar. Şonuň üçin hem her bir ata-ene maşgalada çaga terbiýesine uly üns bermeli. Ene-atalar çagalaryna kitap okamagy kiçilikden öwretmelidir. Bu bolsa olaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine öz oňyn täsirini ýetirer.

Merjen AMANOWA,
Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.10.2023

Tmpedagog