09.01.2023 Pedagogika219 .

Başlangyç synplarda iňlis dili sapaklarynda dil gurşawyny döretmegiň usullary


Başlangyç bilim basgançagy her bir çaga üçin jogapkärli döwür bolup durýar. Çünki şol döwürde çagalarda bilim we terbiýe almak başlanýar hem-de onuň esasy işi okuw bolup, ol onuň psihiki häsiýetlerini kemala getirmekde esasy orny eýeleýär. Okuwda çaga diňe bir bilim alman, eýsem ol özi üçin belli bir jemgyýetçilik ornuny tapýar. Çaganyň gyzyklanmalary, dünýägaraýşy we bütin durmuşy üýtgeýär. Bu döwürde onuň döredijiligini ösdürýän hakyky durmuş başlanýar. Çagalar akyl taýdan çalt depginler bilen ösüp başlaýar. Bu ýaşda çagalar özüni gyzyklandyrýan zatlar barada has köp bilesi gelýär. Çaganyň daşary döwletler, özge milletler, gaýry däp-dessurlar baradaky ilkinji gyzyklanmalarynyň hut şu döwürde döreýändigini hem alymlar tassyklaýarlar.

 Başlangyç synp okuwçylarynyň iňlis dilinde sözleýiş endiklerini ösdürmek bilen mugallym olarda sözleýiş medeniýetini kämilleşdirýär. Bu synplarda iňlis dilini öwretmek üç döwürde amala aşyrylýar: öwretmegiň harplyga çenli, harplyk döwri we harplykdan soňky döwürleridir. Harplyga çenli döwürden başlap, olaryň sözleýiş ukyplary, başarnyklary mugallym tarapyndan bellige alynýar we her geçiljek sapak okuwçylaryň başarnyklaryna we ukyplaryna esaslanyp guralýar.

 Geçilýän sapaklarda dil sözleýşine uly üns berilýär. Ýönekeý ýumuşlaryň, okalan ýazgylaryň, hekaýanyň, ertekiniň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endikleri ösdürilýär. Elbetde, çagalara sözleýiş birlikleri, dil serişdeleri barada düýpli nazary maglumatlar berilmeýär.

 Iňlis diliniň harplary we sesleri barada düşünje almak bilen 1-nji synp okuwçysyna sesleri dogry aýtmagy, seslerden bogunlar, bogunlardan sözler düzmegi, sözlerden sözlemler düzmek, sesleriň uzyn we gysga aýdylyşy, çekimli sesi çekimsizden tapawutlandyrmak öwredilýär. Şunlukda, mugallymyň paýyna 1-nji synp okuwçysynyň sesleri dogry aýtmak endiklerini ele almagyny gazanmak düşýär.

 Mälim bolşy ýaly mekdeplerde iňlis dilini öwretmegi oýunlar arkaly amala aşyrmak zerurlygy möhüm pedagogik wezipe hökmünde XX asyryň 70-nji ýyllarynda ilkinji gezek ýüze çykýar. Şol ýyllarda meşhur pedagog W.A.Suhomlinskiniň 6 ýaşly çagalar üçin niýetlnen „Şatlyk mekdebinde“, „Mawy asmanyň astyndaky mekdep“ ýaly tejribeleri giňden mälimdi. Ş.A.Amonaşwili körpeleri okatmakda we terbiýelemekde öwrediji oýunlaryň ähmiýetiniň uludygyny ençeme gezek nygtady. Ol öz işlerinde guralýan oýunyň aýratynlygy çaganyň oýnamaga mejbur etmeli däldigindedigini belleýär. Oýnuň iş hökmündäki aýratynlygy gyzyklanmadyr.

 Başlangyç synplarda iňlis diliniň sözleýiş endiklerini ösdürmekde oýun okuw işiniň bir bölegi hasaplanylýar. Körpeler oýunlar arkaly berilýän täze sözleri we sözlemleri oňat özleşdirýär we ýatda saklaýar. Olar öz deň-duşlary, öýdäki kiçi jigileri bilen oýna gümra bolanda birnäçe sözlemleri ulanýar. Nämedir bir zat barada jedelleşýär, öz pikirini, islegini beýan edýär. Sapagyň dowamynda mugallymyň oýun arkaly geçen sapagy olarda gyzyklanma döredýär. Iňlis diliniň sözleýiş, grammatiki, diňleýiş (listening) endiklerini ösdürmek üçin oýunlaryň birnäçe görnüşleri bar.

Game “Magic box”.

 Maksady: okuwçylarda sorag-jogap bermek endiklerini ösdürmek, iňlis dilinde reňkleri, şekilleriň atlaryny dogry aýtmak

 Mugallym okuwçylara reňkli, belli bir şekilli gutyny görkezip : “What kind of box is this?” – diýip soraýar.

 Okuwçylar gutyny şekili we reňki esasynda : “This is a big, small, long, short, round, square, thick, thin box.” Eger okuwçylar dogry jogap berip bilmese, onda mugallym: ”That’s wrong. Try it again” diýip aýdýar.

“ Parts of the body”, “ Clothes” diýen temalara degişli oýunlar: “Who knows parts of the body best?”

 Synp iki topara bölünýär. Her topardan bir okuwçy mugallymyň buýrugyny ýerine ýetirmeli: “Touch your head. Show your shoulders. Count on your fingers.” Haýsy topar buýruklary dogry ýerine ýetirse, şol ýeňiji hasaplanýar. Soňunda mugallym: “Team A knows the parts of the body best.” diýip jemleýär.

“What Am I Putting On?”

 Çagalar tegelek bolup durýarlar. Mugallym tegelegiň ortasynda durýar we nämedir bir zat geýýän ýaly hereket edýär. Soňra bir okuwça ýüzlenip: “What am I putting on, Maksat?” diýip soraýar. Okuwçy: “You are putting on a coat” diýýär. Eger-de okuwçy dogry jogap berse, ol oýunda galýar, dogry jogap bermedik okuwçy oýundan çykýar. Soňunda alyp baryjy bilen ýeke galan okuwçy ýeňiji hasaplanýar.

Game “Vegetables.”

 Iki sany okuwçy alyp baryjy bolup saýlanylýar. Olar synp otagyndan çykýar, beýleki okuwçylar bolsa öz aralarynda miweleriň suratlaryny paýlaşýarlar.
 Soňra alyp baryjylar eli sebetli otaga girýärler we biri: “I want an apple for my basket.” diýip aýdýar. Şol miweli suraty bar okuwçy: “I have an apple for your basket” diýýär-de, suratyny sebede salýar we alyp baryjynyň ýanynda durýar. Ikinji alyp baryjy-da edil şolar ýaly: “I want a pear for my basket.”diýip sebedi üçin miwe soraýar. Oýunyň soňunda haýsy alyp baryjynyň sebedinde miwesi köp bolsa şol ýeňiji hasaplanýar.

Okuwçylar sözlemleriň iki bölegini birleşdirýärler:


1. Red, white, blue –    a) Where have you been?
2. Yellow, grey, green –    b) to London down and back.
3. Purple, orange, black –    c) How do you do?

“Seasons” temasy boýunça


Okuwçylara tebigata degişli bir suraty saýlap almaga hödürlemeli, soňra olara “Seasons of the year” temada prezentasiýany görkezmeli, prezentasiýanyň dowamynda okuwçylar her pasyla degişli goşgy aýtmaly:

  Mysal üçin:
  1. Yellow leaves, orange leaves,
  Red and green and brown.
  Rainy time, windy time,
  Autumn comes to town.

  2.The snow is falling,
  The wind is blowing.
  The ground is white
  All day and all night.

 Umuman aýdanymyzda başlangyç synp körpelerde iňlis dili sapagy guralanda hökmany suratda körpeleriň ýaş aýratynlyklaryny we başarnyklaryny nazara alyp guralmalydyr. Şeýlelikde oýunlaryň üsti bilen guralan iňlis dili sapagy okuwçylar üçin has täsirli we netijeli bolýar, sebäbi oýunlaryň dowamynda körpeler sapakda özüni erkin alyp barýarlar, berlen ýumuşlary borç bilen däl-de, höwes we gyzyklanma bilen ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Mugallym bu sapakda alyp baryjy ýa-da gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. Bularyň hemmesi başlangyç synp okuwçylarynyň iňlis dilinde sözleýiş endikleriniň ösmegine, sapakda dil gurşawyny döretmäge ýardam edýär, iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini we gyzyklanmasyny ösdürýär.

M.A.Jumakulyýewa,
Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.



Tmpedagog