11.10.2023 Pedagogika257 .

Okuwçylara halk döredijilik eserlerini öwretmek


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň kämilleşmegine hem uly üns berýär. Bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ylym-bilimden ýüki ýetik ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, elbetde, bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Her bir mugallym okadýan sapagyny ýokary derejede guramaga çalyşmalydyr. Adaty sapaklarda hem täze, döwrebap, işjeň usullardan ýerlikli peýdalanmagy başarmalydyr. Çagalykdan watançylyk, gahrymançylyk ýaly ajaýyp duýgulary mekdep okuwçylarynyň aňyna ornaşdyrmak mugallymlaryň borjudyr.

Edebiýat sapagynda ähli synplarda türkmen halk döredijiligi boýunça temalar hödürlenilýär. Türkmen halk döredijiligi bilen bagly eserler many-mazmuna baý bolan milli medeni mirasy özünde jemleýär. Aýratyn-da, türkmen halk döredijiligi özboluşlylygy, tema taýdan dürlüligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halk döredijiligi hüwdülerden başlap, şadessanlara çenli gönüden-göni çaga terbiýesine degişli bolup durýar.

8-nji synpda türkmen halkynyň meşhur edebi mirasy hasaplanýan «Gorkut ata» şadessany geçilýär. Okuw kitabynda bellenilişi ýaly, bu şadessan ençeme asyrlardan bäri ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde örän uly ähmiýete eýedir. Okuwçylara edebiýat sapagynda «Gorkut ata» şadessanynyň «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy», «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýuny beýan eder» diýen boýlary geçilýär. Şunuň bilen baglylykda okuwçylardan tema dilden we tema bilen utgaşykly türkmen halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini öz içine alýan soragnamalar hem-de suratlar arkaly soralsa talabalaýyk bolar.

Ilki tema degişli çekilen suratlary we «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky watançylyk, gahrymançylyk temasyndaky nakyllary okuwçylara bermeli. Soňra olara pikirlerini, düşünjelerini goşmaça iş depderlerine beýan etmeklerini tabşyrmaly. Şol bir wagtda 3-4 okuwçydan eseri böleklere bölüp, gezekli-gezegine dilden soramak hem maksadalaýyk bolar.Täze temany öý işi bilen baglanyşdyryp düşündirmek sapagyň täsirliligini has-da artdyrýar. Gorkut atanyň parasatly keşbini dürli wakalaryň üsti bilen janlandyrmak hem okuwçylaryň sapagy özleşdirmegine ýakyndan ýardam berer. Watançylygyň, gahrymançylygyň, döwletliligiň, agzybirligiň belent nusgasyny özünde jemleýän şadessany Gorkut atanyň keşbinde giňişleýin gürrüň berýärin we gahrymanyň paýhasly sözlerinden aýdyp berýärin, manysyny düşündirýärin. «Gorkut ata» şadessanyndaky gahrymanlary taryhda öçmejek yz goýan Oguz han atamyz, Görogly beg, Keýmir kör ýaly şahsyýetler bilen baglanyşdyrmak okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Taryhy şahslaryň atlaryna döredilen rowaýatlardan gürrüň bermek bolsa, okuwçylarda Watana söýgi, mertlik ýaly duýgulary oýarýar. Mugallyma berilýän sowallar sapagyň netijesini görkezýär. Okuwçylaryň sözlük depderlerine gepleşik dilinde köp ulanylmaýan ýa-da ulanyşdan galan sözleriň aňladýan manylary bilen bilelikde ýazdyrylmagy, olarda söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär.

«Gorkut ata» şadessany tutuşlygyna watançylyga, gahrymançylyga ýugrulan eserdir. Şadessanda gyzykly, täsirli, ynandyryjy wakalar beýan edilýär. Aýratyn-da türkmen ýigitleriniň edermenligi, ugurtapyjylygy ussatlyk bilen suratlandyrylýar.

Halk döredijilik eserleriniň üsti bilen ýaş nesilde watansöýüjilik, dost-doganlyk ýaly asylly häsiýetler terbiýelenýär. Gadymdam gelýän edebi mirasymyzy ýaşlara öwretmek we olary milli ruhda terbiýelemek her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Gahryman Arkadagymyzyň pent-nesihatlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, akylly-başly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhümdir.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.10.2023

Tmpedagog