11.10.2023 Pedagogika816 .

Türkmen dili sapaklarynda okatmagyň usullary


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesle bilim öwretmekde, watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde, döwrüň ösýän talaplaryna laýyk terbiýe bermekde uly tagalla edilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamy ösdürilýär, ýaşlar milli ruhda terbiýelenýär. Şunda umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlara uly orun degişlidir. Başlangyç synp mugallymy çaganyň bilim we terbiýe almagynyň iň jogapkärli döwrüniň mugallymydyr.

Dünýä tejribesinden ugur almak we milli bilim ulgamynda başlangyç synplary okatmakda toplanýan tejribeleri peýdalanmak bilen türkmen dili sapagy geçilende interaktiw tagtadan peýdalanmak örän netijeli bolýar.

1-nji synpda türkmen dili dersinden sözleri yzygider ýatdan aýdyp bilmek okuwçyda ýatkeşligi, pikirlenmek endikleri, ünslüligi ösdürýär. Şu maksat bilen interaktiw tagtanyň üsti bilen «Zynjyr» oýnundan peýdalanýaryn. «A» harpy bilen başlanan sözi goýmaly, onuň yzyndan şol sözüň soňky harpy bilen başlanýan sözi goýup, oýny dowam etmeli. Şeýle täsirli oýunlary alyp barmak okuwçynyň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

1 — 2-nji synplarda «Ýogyn we inçe çekimli sözler» diýen temany geçenimde okuwçylaryň ýogyn we inçe çekimli sözleri tapawutlandyryp bilmegini gazanmak üçin interaktiw tagtada «Güllerden çemen bog!» diýen oýny oýnadýaryn. Şunda okuwçylar oýna örän işjeň gatnaşýarlar.

1 — 4-nji synplarda kompýuterlerde ýatdan sözlem düzmek boýunça köpçülikleýin ýumuşlary tabşyrýaryn. Bu oýun çekeleşikli bolup, okuwçylar sözlem düzmekde özara bäsleşýärler.

Başlangyç synplarda interaktiw-multimedia usullaryndan peýdalanyp okatmagyň ähmiýeti örän uly bolup, geçilýän temalar çagalara örän düşnükli bolýar.

Geljegimiz bolan ýaşlary bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Sadap JUMADURDYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 11.10.2023

Tmpedagog