05.10.2023 Pedagogika258 .

Çaga edebi bilen eziz


Türkmen halkynda çaga edebine has inçelik bilen üns berilýär. Gadymy ýazuw çeşmelerini yzarlasak, çagany doglan gününden däl-de, heniz ene göwresindekä terbiýeläp başlamagyň halkymyza mahsusdygyna magat göz ýetirýäris. Çaga diňe bir ene mähri, ene arzuwy bilen däl, eýsem, maşgalanyň ähli agzalarynyň hossarlyk aladasy bilen gurşalyp alynýar.

Türkmen halkynda çaga at dakmagyň hem öz adatlary bar. Çaganyň ady bilen many berýän maksat-myrat eneleriň hüwdülerine siňip, ol tä çaga ese-boýa galýança, gursagyna guýulýar. Ata-enäniň mährini alan perzent hossarlaryna wepaly bolýar. Hossara wepalylyk ― Watana wepalylyk. Şeýdip, türkmen maşgalasynyň çaga terbiýesi baradaky edim-gylymlary ýuwaş-ýuwaşdan watançylyk terbiýesine syrygyp gidiberýär.

Ogluny «döwletiň başy», gyzyny «göwnüniň hoşy» diýip söýgüleýän türkmen halky nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşýär. Halkymyzyň: «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýmesi ýönelige däldir. Maşgala bag bolsa, perzent şol bagyň güli, miwesi. Ata-ene bolsa ösüp barýan bagyň bagbanlarydyr. Hawa, edepli perzent diňe bir maşgala däl, eýsem, il-güne ýalkym saçýan şugla ýalydyr. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara asylly görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr.

Çaga terbiýesinde ene-atanyň şahsy göreldesi örän wajyp bolup durýar. Sebäbi çaga ene-atasynyň her bir hereketini öwrenip, şony hem gaýtalamaga çalyşýar. Bu döwür çaga daş-töwerekde bolup geçýän hereketleri tiz kabul edýär we asylly endikleri öwrenýär. Ene-ata perzendini mähir-alada bilen gurşap, onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda tutanýerlilik görkezmeli. Çaganyň bilesigelijilik bilen berýän sowallaryna, dogry jogap bermeli. Bu bolsa çaganyň akylly, paýhasly, ilhalar adam bolup ýetişmegine ýardam berer.

Çaga hemişe gözelligiň, agzybirligiň, ruhubelent ynsanlaryň arasynda bolmalydyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan çagalar jemgyýete tiz goşulyp, durmuşda mynasyp ornuny tapýarlar. Olar tiz ösýärler we sagdyn, ruhubelent bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän sport mekdeplerinde, stadionlarda, sport toplumlarda ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän ajaýyp mümkinçilikler her bir ene-atanyň şatlygyny goşalandyryp, milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar.

Baýgül HANALYÝEWA,
Halaç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 05.10.2023

Tmpedagog