02.10.2023 Pedagogika2099 .

Sapakda nakyllardan we atalar sözünden peýdalanmagyň usullary


Türkmen halk döredijiliginiň žanrlaryny, şol sanda nakyllary, atalar sözüni okuwçylara öwretmekde mugallymlara jogapkärli orun degişlidir. Başlangyç synplaryň okuw we ýazuw sapaklarynda nakyllardan, atalar sözünden peýdalanylanda, olarda aýdylýan öwütler, paýhas dürdäneleri okuwçylaryň ýadynda gowy galýar. Bu işde biziň ýakyn gollanmamyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdyr.

Okuwçylara nakyllary, atalar sözüni öwredende her mugallym öz iş usulyna daýanýar. Men öz usulym barada aýdanymda, multimedia tagtasynda nakyllary görkezýärin. Soňra ony synp bolup okaýarys we nakylyň many-mazmuny barada ilki okuwçylaryň pikirini soraýaryn, olar bilen pikir alyşýaryn. Soňra ony sada dilde özüm giňişleýin beýan edýärin.

Ene dili sapaklarynda her çärýekde «Paýhas çeşmesi» kitabyndan dürdäneleri öwrenmäge bir sagat berlendir.

Her sagadymda aýratyn temalar boýunça berlen nakyllardan peýdalanýaryn. Mysal üçin, «Paýhas çeşmesi» kitabyndan ylym-bilim we hünär öwütleri ýaly görnüşde alýarys. Şonda aşakdaky nakyllaryň manysyna ünsi çekýärin we okuwçylara yhlasly okamagy sargyt edýärin.

Bir — okana, bir — dokana.
Kitap okaýanyň ruhy baý.

Kitap geçmişi, geljegi öwredýän dana. Okasaň bilim alarsyň, hemme zady bilersiň.

Sapakda tebigat, watansöýüjilik, zähmet baradaky nakyllar hem öwredilmelidir. Zähmet hakynda nakyllar öwredilende tapmaçalardan peýdalanmak netijeli häsiýete eýe bolýar.

Matematika sapaklarynda bolsa, san bilen baglanyşykly nakyllary ulanyp okuwçylara dürli ýumuşlary bermek arkaly sapagyň özüneçekijiligini, tasirliligini artdyrmak bolar.

3-nji synp okuwçylaryna matematika sapaklarynda özbaşdak ýumuş tabşyranymda, ilki nakyly aýdýaryn we içinde berlen sanlary belläp almaklaryny tabşyrýaryn. Mysal üçin:

Bir — okana, bir — dokana;
Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňini.

Soňra olara alnan sanlary 3 esse artdyr, 5 san kemelt, 7 san artdyr, 2 esse kemelt ýaly ýumuşlary özbaşdak goşmaça bermek bolar. Sapakda nakyllardan peýdalanyp, dürli oýunlary oýnatmak hem netijelidir.

Ýaşaýyş-durmuş esaslary, çeperçilik zähmeti, şekillendiriş sungaty: surat derslerinde hem degişlilikde nakyllary ulanmak bolar.

Nakyllaryň, atalar sözüniň okuwçylaryň ýadynda galmagy üçin, olary galdyrylan sözleri tapmak ýa-da nakyllaryň dowamyny bilmek ýaly görnüşde sapagy guramak hem peýdalydyr. Şeýle hem berlen harplaryň içinden gizlenen nakyly tapmak hem okuwçylaryň ünsüni özüne çekip biler.

Göwher KURBANOWA,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
57-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.10.2023

Tmpedagog