02.10.2023 Pedagogika348 .

Başlangyç synplarda okuwçylarda okamak endigini kemala getirmek


Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesilleriň röwşen geljegi üçin amala aşyrylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler buýsandyryjydyr. Häzirki döwürde başlangyç bilimiň dogry guralmagy dünýä jemgyýetçiligindäki bilimde täze gazanylanlary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmagy çaltlandyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda, çagalaryň kadaly bilim almagyny, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Milli aýratynlygymyza laýyklykda dünýä derejesinde bilim bermek mugallymlaryň ukyp-başarnyklarynyň ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň pikirlenişiniň ýollaryny öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Başlangyç synp okuwçylarynda öwrenmek endikleriniň kemala getirilmegi olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklary üçin zerurdyr. Okuwçylaryň pikirlenmesini ösdürmekde harplary öwretmek, okamak endigini kemala getirmek ýaly usullaryň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Munuň üçin başlangyç synplarda ertekilerden, nakyllardan, sanawaçlardan peýdalanylýar.

Orta mekdepleriň 1-nji synpynda mugallym mekdep bosagasyndan ätleýän körpeler bilen işlemek üçin örän jogapkärli zähmet çekmelidir. Bu ugurda körpelere sowat öwretmegi çaltlandyrmak, ýatda galyjylygyny ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir. Şonuň üçin-de netijeli usullary gözlemek mugallymlaryň öz işinde oňat netije gazanmagynyň girewidir. Bu meselede mugallymlara okuw kitaplary bilen birlikde, «Paýhas çeşmesi» kitaby hem aýdyň gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki mugallym bu ajaýyp kitapdan peýdalanyp, nakyllary multimedia tagtasyna ýazýar. Şunda tagtadaky nakyl we nakyllaryň okalyşy okuwçyny gyzyklandyrýar. Şonuň üçin hem mugallym okuwçylar bilen multimedia tagtasynda ýerleşdirilen nakyllary labyzly okaýar. Munuň özi okuwçylaryň harplary tiz öwrenmeklerine, okamak endikleriniň kemala gelmegine, parasatly sözlere sarpaly garamaklaryna ýardam edýär.

Mugallym 1-nji synpda harplaryň aglabasyny geçenden soňra okuwçylaryň okamak endigini ösdürmelidir. Şunda sapakda nakyllardan, ertekilerden peýdalanmaly bolýar. Şonuň üçin hem mugallym kesme bogunlardan sözleri we sözlemleri düzmek arkaly çagalarda ol sözleriň ýatda galyjylygyny gazanyp biler. Munuň üçin multimedia tagtasynda reňkli harplar bilen nakyllary ýazmaly. Sözlerde gyzyl reňkde çekimlileri, gök hem-de ýaşyl reňkde çekimsizleri ýazmaly. Soňra okuwçylar bilen nakyllary labyzly okamaly.

Bir — okana, bir — dokana.
Okadym diýme, bildim diý.
Kitap okaýanyň ruhy baý.
Dost — dostuň aýnasy.
Dil bilen dünýäni gezer.

Bu usuly, esasan, geçilen temany jemlemek, täze temany berkitmek döwründe ulanmak maksada laýykdyr. Bu ýazgylary «Nakyllar we atalar sözi» diýen tema geçilende hem işjeň peýdalanmak bolar.

Nurbibi BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.10.2023

Tmpedagog