20.09.2023 Pedagogika970 .

Okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamagyň usullary


Ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Elbetde, milli bilim ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmek mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallymyň işiniň netijesi onuň bilimli okuwçylarydyr. Okuwçynyň hakyky bilimden ýüküniň ýetikligi bolsa ders bäsleşiklerinde belli bolýar. Her okuw ýylynda ders bäsleşikleri geçirilip durulýar. Daşary ýurt dili sapaklarynda hem okuwçylar bilen ýörite işlenilip, olar ders bäsleşiklerine taýýarlanylýar. Ders bäsleşigine okuwçyny saýlap almak üçin, ilki bilen, onuň şol derse bolan höwesine, başarnygyna, ýatkeşligine, ugurtapyjylygyna we söz baýlygyna üns bermeli. Ders bäsleşigine okuwçy başlangyç synpdan taýýarlanylyp başlanýar. Zehinli okuwçylary anyklamak, ýüze çykarmak we saýlap almak başlangyç synpda, ýagny 3-nji synpda synp mugallymy bilen ders mugallymynyň sazlaşykly işlemegi netijesinde amala aşyrylsa maksadalaýyk bolar. Alymlaryň belleýşi ýaly, eýýäm şu ýaşdaky okuwçylarda ýatkeşlik, hyýal ýüwürtmek, özbaşdak oýlanmak, pikirlenmek, tabşyrylan işe jogapkärli, döredijilikli çemeleşmek, öz pikirini anyk aňlatmak, ünsi bir ýere jemlemek duýgulary kemala gelip başlaýar.

Okuwçynyň bilimini, başarnygyny ýörite testleriň, barlag işleriniň, zehin sowallarynyň üsti bilen ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, ol okuwçyda maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, erjellik, durnuklylyk, pikirlerini erkin, çekinmän beýan edip bilmek, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleriň bardygyny göz öňünde tutmaly. Zehinli okuwçylar dogry saýlanyp, ýüze çykarylandan soňra, olaryň zehinini ösdürmek, kämilleşdirmek üçin irginsiz iş alyp barmaly. Mugallymyň irginsiz zähmetiniň, okuwçynyň bilimleri berk özleşdirmeginiň netijesi dürli tapgyrlarda geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýüze çykýar.

Bäsleşikde üstünlik gazanmak mugallymyň, okuwçynyň ýokary derejede taýýarlygyny talap edýär. Taýýarlygyň ilkinji tapgyry mugallym tarapyndan geçirilip, okuwçynyň zehini, derse gyzyklanmasy, geljekde öňde goýan maksady öwrenilip saýlanylýar. Taýýarlygyň ikinji tapgyrynda okuwça nazary düşünje berilýär. Munuň üçin mugallym ýörite meýilnama işläp düzmeli. Meýilnama goşmaça maglumatlar bilen baýlaşdyrylmaly. Okuwçynyň nazary bilimlerini önümçilikde ulanyp bilmegini gazanmaly, önümçilik endikleri özleşdirmeli.

Okuwçynyň sözleri dogry we dürs aýdyp bilmegi zerurdyr. Esasan, okuwçylaryň ýazuw endiklerini, sözlem düzmek, grammatik taýdan dogry goýup bilmek, ony terjime edip, sözlemiň sinonimini dogry saýlap, goýup bilmeginiň üstünde köpräk işlemeli. Okuwçylaryň sözleri ýatlap, ony ýatdan ýazyp bilmek endiklerini hem ösdürmeli. Munuň üçin her sapakda okuwça 10-12 söz ýatlatmaly, şol sözlere degişli sözlemler düzdürmeli. Şeýle hem şol sözleriň sinonimlerini tapyp, olaryň sözlemde gelşini we berýän manylaryny öwretmeli. Ders bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň öz Watany, onuň gülläp ösüp duran döwrüni wasp edip bilmeklerini gazanmaly. Şeýle-de dürli temalarda özbaşdak gürrüň edip bilmegini gazanmaly. Ders bäsleşigine okuwçylary taýýarlamak üçin mugallym olary höweslendirmeli. Şeýle hem okuwçylar bilen yzygiderli işlemeli, olary özbaşdak işlemäge endik etdirmeli.

Şeýle usul bilen işlenilse, okuwçylaryň ders bäsleşiklerindäki netijesiniň ýokary bolmagyna kömek eder.

Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 20.09.2023

Tmpedagog