18.09.2023 Pedagogika901 .

Sapakda mugallymyň ussatlygy


Ussatlygyň tilsimatyny, pedagogik tarapyny sapaga taýýarlyk görlen wagtynda ýüze çykarmalydyr. Sapagyň maksady we wezipeleri, talaplary kanagatlandyrar ýaly goýulýar. Sapagyň görnüşiniň kesgitlenişi öňde durýan usulyýet meselelerden ugur alýar. Sapakda okuwçylaryň akyl ýetiriş işini dolandyrmaga aýratyn meselehökmünde seredilýär. Şol baglanyşykda sapakda geçirilýän käbir işleriň görnüşleri, olara bildirilmeli aýratyn talaplary ýüze çykarýar. Sapaklaryň geçirilişinde mugallymyň meseleleriň üsti bilen (problemalaýyn) beýan edişi, durmuşy dersara baglanyşygy emele getirýär. Ol ýagdaý üçin soraglaryň goýluşy hem ol şerte laýyk bolmaly. Sapakda okuwçylaryň özbaşdak işi aýratyn ünsi talap edýär. Çagalara özbaşdak işlemegi öwretmek hökmandyr. Öý işini tabşyrmak we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek pedagogik çemeleşmeleriň göwnejaý bolmagyny talap edýär.

Sapakda mugallymyň çekýän pedagogik zähmeti-de göwnejaý bolmaly. Ilkinji nobatda sapagyň psihologik taraplary göz öňünde tutulmaly. Oňa laýyklykda okuwçylaryň okuw işinden talap etmegiň görnüşleri emele gelýär. Sapakda degişme pursatlary (ýumor) hem orun eýeleýär. Sapagyň geçirilişinde onuň gidiş tizligi yzygider berjaý edilmeli. Sapakda öz-özüňe gözegçilik hökmany saklanylmaly şertleriň biridir. Mugallym elmydama döwrüň täzelikleri bilen deňdeş ýörelgeleri kabul edýändir. Olar sapaga, onuň mazmunyna we görnüşine göni täsirlidir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň geriminiň giňelmegi bilen täze usulyýetler hem ulanylyşa girizilip başlanyldy. Okatmagyň interaktiw usuly özara işjeňligiň görnüşini emele getirdi. Şeýle-de multimediýa we interaktiw iş usullary hödürlendi.

Okuw-terbiýeçilik işini dolandyrmakda mugallymyň ussatlygy aýratyn, mazmunly çemeleşmeleri talap edýär. Mugallymyň sapakda ussatlygy birnäçe işleri göz öňünde tutmagy bilen baglanyşyklydyr: mekdepde birek-birek bilen aragatnaşygy, hyzmatdaşlygy, pedagogik tejribede öňdebaryjylaryň esasy pikirlerini (ideýalaryny) öňe sürmek bilen, okuw işinde sapagyň ornuna we mugallymlaryň ussatlygynda okatmak serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, öwrenilýän maglumatlaryň (materiallaryň) mazmunynyň seljermesine we ussat mugallymlaryň sapagy taýýarlanmasyna, işlemesine aýratyn üns bermek bilen pedagogik talaplary berjaý edýär.

Her bir pedagog ussat mugallym bolmaklygy isleýän bolsa, onuň her bir sapagy netijeli, mazmunly we gyzykly bolmalydyr. Onuň üçin tejribeli bolmaklygy ýene-de sapagyň usulyny we tehnikasyny oňat ele almalydyr.

Sapaga taýýarlanmakda mugallymyň esasy işi näme? Sapakda mugallym pedagogik ussatlygyny görkezmek bilen, pedagogik bilimleri we başarnyklary aýtmak bilen çäklenmeýär.

Sapagyň usuly, täri(tehnikasy), tilsimatyny(tehnologiýasyny) we ş.m. hemmesini käwagtlar aýdyp ýa-da ýazyp ýetişmek mümkin däl. Şonuň üçin hem käbir pedagogik taýdan ussatlaryň tilsimat tarapyny sapagy taýýarlan wagtynda ýüze çykarmalydyrys. Mugallymyň ussatlygy, ilkinji nobatda, onuň sapaga nähili taýýarlyk görýänligi bilen baglydyr. Ol elmydama özüniň üstünde işläp. tejribesini täze tejribeler bilen baýlaşdyrmalydyr.

Sapagyň maksadyny we onuň belli bir pedagogik meselelerini oňat oýlanyp, sapakda hökman çözmelidir. Her bir sapagyň maksady we wezipeleri özünde terbiýeçilik pikirleriň jemlemesidir.

Tejribeçilik işiniň wezipesi okuwçylaryň dünýägaraýşyny emele getirmekden ybaratdyr.

Terbiýe göwnejaý gurlan mahalynda üstünlige ymtylyş derejesi şahsyýetiň ukyplaryna we zähmetsöýerligine laýyk gelmeli. Mugallym okuwçynyň üstünlik gazanmaga bolan ynamyny goldamak bilen, şol wagtyň özünde, onuň işiniň netijelerine ýerlikli talap edijilik bilen baha bermelidir, esassyz nägilelikleriň döremegine ýol bermeli däldir. Üstünlige ymtylyşyň derejesiniň biraz ýokary bolmagy, köplenç, adama öz ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär, ýöne ol öz işiniň maksadyna ýetmäge tutanýerli we yzygiderli çalyşmalydyr.

Bilimlilik okuw maksatnamasynyň talabyna görä okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny we endiklerini taplaýar.

Okatmak we terbiýe bermek bu bilim bermek prosesini çaltlandyrýar. Okatmak işinde çaga tebigat we jemgyýetçilik wakalary hem‑de nazary we amaly ýumuşlary çözmekligiň tärleri hakynda bilimleri ele alýar.

Hakykatyň kanunalaýyklyklaryny we adamlaryň toplan taryhy akyl ýetiriş tejribelerini bilmek, adamyň işe taýýarlygyny, ukyplarynyň kemala gelmegi üçin ýumuşlary çözmegiň netijeli tärlerini ele almagyň uly ähmiýeti bardyr.

Bilimleriň iki görnüşiniň tapawutlandyrylyşyna laýyklykda okuwçylaryň özleşdiriş derejesini kesgitlemek zerurdyr: 1) ýagdaýa hakykat baradaky bilimiň belli bir möçberi we hili hakynda; 2) akyl zähmetiniň we amaly işiň okuwçynyň okuwda we zähmetde mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün edýän häsiýetleriň, tärleriň kemala gelmegi hakynda gürrüň bolýar.

Diňe şonda jemgyýetiň akyl ýetiriş güýjüni, kuwwatyny ulanmak meselesini dogry çözüp bolýar.

Adamyň ukybyny bilmek üçin her hili şertleri döretmek hökmandyr.

Ýöne hemme çagalar üçin deň bolan umumy bilim okuwçylaryň ukyplarynyň güýçli depginde ösjekdigine güwä geçmeýär.

Bu ilkinji nobatda bir synpda ukyby, zehini, gyzyklanmasy dürli bolan çagalaryň okaýandygy bilen baglydyr. Okuwçynyň ukybyny iň amatly tertipde emele getirmekde bellibir çäreleriň ulgamy hökmandyr. Şeýlelikde, jemgyýetçiligiň ukyplylygy ýokary ýagdaýda ösdürmek üçin gyzyklanmasy böleklere bölünip (aýratyn) okatmaklygyň hökmanylygyna getirýär. Böleklere bölünip okatmaklygyň hökmanylygy jemgyýetçilgiň adamzada gyzyklanmasyny ýerine ýetirmekden gelip çykýar.

Häzirki zaman sapagyny guramaklygyň düzgünleriniň esaslary şulardan ybarat: maksady kesgitlemek, goýlan maksada görä okuw maglumatlarynyň mazmunyny seljermek, okuwyň wezipesini emele getirmek, okatmagyň usullaryny we usullaryna iň oňat şertler döretmek, okuwçylar bilen mugallymyň arasynda özara täsirligi anyk guramak, sapagyň gurluşyny saýlamak.

Ýaş mugallymlar üçin sapagyň gurluşyny saýlamaklyk aýratyn hem çylşyrymlydyr.

Sapagyň gurluşy – bu esasy bölekleriň yzygiderliginde we özara baglanyşykda, ýagny bilimleri barlamak, täze maglumatlary öwrenmek, geçilenleri berkitmek, özleşdirmeklige gözegçilik etmek, geçilenleri umumylaşdyrmak, jemlemek, öýe iş tabşyrmak we ş.m. degişlidir.

Sapagyň gurluşy nusga we ülňi görnüşinde bolmaly däldir.

Sapagyň gurluşy boýunça mugallym onuň meýilnamasyny düzýär. Ýazuw üsti bilen beýan etmeklik mugallymyň özüne baglydyr. Sapagy taýýarlamak üçin her bir basgançak üçin wagty göz öňünde tutmalymy? Oňa şübhelenmeli däl, hökmany göz öňünde tutmaly, ýöne sapak geçilýän döwründe berlen wagta seretmek gerek. Ol sapakda döreýän ýagdaýa baglydyr: okuwçylaryň taýýarlygyna, täze bilimi kabul ediş derejesine, emosional keýpine we ş.m. Sapak meýilnamalaşdyrylandan soň, sapagyň meýilnamasy özleşdirilmelidir. Her bir mugallyma öz okuw ýazgysyny we iş meýilnamasyny öwrenmek hökmanmy? Beýle sorag diňe täze işe başlan ýaş mugallym däl-de köp iş tejribeli mugallymlara hem degişlidir. Ony tassyklamak üçin birnäçe mysallara ýüzleneliň:

Mugallymyň sapaga taýýarlanyşyny birnäçe görnükli pedagoglar şeýle häsiýetlendirýärler:
1. Maksatnamanyň geçiljek sapaga degişli bölümini öwrenmeli, maksatnamanyň düşündiriş hatyna seretmeli;
2. Şol bölümiň maglumatlaryny, soraglaryny, temasyny öwrenmeli;
3. Sapagyň mazmunyny anyklap, soraga jogap berip, onuň netijeliligine ýa-da maksadyna ýetmek üçin aladalanmaly;
4. Okuwçylaryň pikirini bilmeli, toparyň özüni alyp barşyny göz öňünde tutmaly. Okuwçylaryň psihologiýasyny öwrenenden soň, pedagogik sungaty, ussatlylygy ulanyp öňde goýlan maksada ýetmeklige çalyşmaly;
5. Ähli usullaryň toparynda okuwçylaryň hem-de maglumatlaryň amatlylygyny saýlap almaly;
6. Görkezme esbaplary taýýarlap, tehniki serişdeleriň taýýarlygyna göz ýetirmeli we ş.m.

Bu işler pedagogik taýdan özüni ödändir, ýagny şularyň esasynda sapagyň görnüşi döreýär, sapagyň görnüşiniň döremegi – bu döredijilikli işiň netijeliligine baglydyr.

Sapagy kämilleşdirmek maksady bilen, onuň gurluşynyň soraglaryndan başga-da, umumy meseleler çözülýär, ýagny dersleriň bütin didaktiki maksada ýetmekligi, bilimleri beýan etmek başarnygy we endigi berkitmek, bir wagtyň özünde berkidilip we barlamak bilen düşündirmek, okuwçylaryň özbaşdak işleri mugallymyň beýan eden bilimi arkaly nygtalýar; täze elementleri berkitmek-de we bilimleri barlamak-da girizilýär.

“Mugallymçylyk ussatlygy”,
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Aşgabat – 2012



Tmpedagog