18.09.2023 Pedagogika522 .

Mugallymyň işinde sözleýiş ussatlygy


Sözüň, sözlemegiň aragatnaşyk serişdesi hökmünde adamzat jemgyýetinde tutýan orny uludyr. Sözüň özi habar beriş, terbiýeleýji serişde hökmünde hem bolup biler. Dil üsti bilen sözleýşiň aýratynlyklary (ýüze çykýan ýagdaýa görä arabaglanyşyk, aýdylan sözleriň mazmuny, joşgunlyk) söz bilen täsiriň psihologik gurluşy: maksat (näme üçin gepleýän) mazmun: (näme diýjek bolýaň) görnüşi: (nähili gepleýärin).

Sözleýiş – mugallym bilen okuwçynyň söhbetdeşliginiň esasy serişdesidir. Pedagogika ylmynyň ösmegine goşant goşan alymlar mugallymyň sözleýşine edilýän talaplary toparlara böldüler.

Mugallymyň sözleýiş medeniýeti. Ol bellibir düzümi we düşünjeleri emele getirýär. Sözleýşiň täri, tehnikasy (gurluşy, ýola goýluşy) dem alyş, ses tizligi.

Mugallymyň sözleýiş ussatlygy – oňat taýýarlanan sapagyň okuwçylara täsir edip biläýjek sözleýşi bilen berkidilen bolmasa, onuň okuw we terbiýeçilik maksatlaryna doly ýetip bilmeýändigini 61 görkezýär. Sapak wagtynda we ondan daşarda mugallym we okuwçylar biri-birlerine dürli mazmunly maglumatlary geçirýärler. Şeýle maglumatlar öwrenilýän dersiň dürli bölümlerine degişli (temalar boýunça) we terbiýeçilik işi bilen baglanyşykly bilimler, başarnyklar we endikler bolup biler. Eger-de sapagyň gurluşy boýunça aýtsak, mugallym onuň ähli böleklerinde sözleýşiň üsti bilen okuwçylara birnäçe maglumatlary berýär we öz gezeginde olardan hem kabul edip alýar. Ýöne maglumatlar sapagyň görnüşine laýyklykda dürli usullarda berilmegi mümkin. Meselem, sorag-jogap, gürrüň, umumy okuwyň ýazgylary we ş.m. Ýokarda aýdylanlary tejribede amala aşyrmak üçin mugallyma sözleýiş ukyplylygy gerek bolýar.

Belli psiholog B.A.Ilýuk bu mesele boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdi we ol mugallymyň sözleýşiniň şu aşakdaky düzüm böleklerden (komponentlerden) durýandygyny görkezdi:
1. Oňat (söz) ýatkeşlilik.
2. Dil serişdelerini dogry saýlap almak.
3. Sözleýşi (sözlemleri) logiki tarapdan dogry guramak we beýan etmek.
4. Sözleýşiňi öz gürrüňdeşlik edýän subýektiňe görä guramak ýa da onuň isleglerini göz öňünde tutmak. Sözleýşi oňa gönükdirmek.

Sözleýiş diňe bir habar beriş serişde bolup çykyş etmän, eýsem ol terbiýeçilik wezipesini hem ýerine ýetirýär. Sözleýşiň üsti bilen mugallym okuwçylaryň ünsüni sapakda jemleýär, olarda işiň dürli görnüşlerine höwesini döredýär, oňat ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýeleýär. Iň uly sözleýiş mümkinçilikleri bolan mugallym dil we edebiýat dersini öwredýän pedagoglardyr.

Her bir mugallym – isle fizik, himik, biolog, matematik bolsun, olaryň hemmesinde sözleýşiň uly mümkinçilikleri bolmaly ýa-da oňat sözleýişli mugallymlar bolmalydyrlar. Şeýle bolmasa mugallym okuwçylara oňat we netijeli terbiýeçilik täsirlerini ýetirip bilmeýär. Sözleýiş arkaly mugallym synpda we ondan daşarda dürli okuw terbiýeçilik ýagdaýlary ýüze çykanda birnäçe terbiýeçilik usullaryny peýdalanýar. Olardan meselem, gürrüň, duýduryş bermek, maslahat bermek, höweslendirmek, görelde görkezmek, temmi bermek we ş.m. şeýle hem mugallym okuwçylary birnäçe okuw terbiýeçilik işiniň görnüşlerine çekyär. Meselem, synp sagady, ýekebara gürrüň, mekdep meýdançasynda işlemek we ş.m.

Mugallymyň sözleýşi näçe gyzykly we söze baý bolsa, şonça-da onuň okuwçylara terbiyeçilik taýdan täsiri güýçli we netijeli bolýar.

Pedagogik nazaryýetde we tejribede, köplenç halatlarda, «dil» we «sözleýiş» diýen düşünjeleri çalşyrýarlar ýa-da olaryň ikisi bir zat hasap edilýär. Şonuň üçin ýokarda aýdylanlara goşmaça hökmünde biz şu meseläniň, ýagny dil we sözleýşi tapawutlandyrmak meselesiniň üstünde durup geçmeli bolýarys.

Dil diýip (mazmuny) hemmeler tarapyndan kabul edilen we sözleýiş tejribesinde barlanylyp görlen dil belgileriniň birlikleriniň (söz, sözlem we ş.m.) ulgamyna (özara arabaglanyşyklylygyna) aýdylýar.

Sözleýiş diýip, toparyň dilini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly adamlaryň takyk işine aýdylýar.

Eger-de dil howaýy (abstrakt) düşünje we köptaraply (uniwersal) aragatnaşyk serişdesi bolsa, onda sözleýşi takyk mazmunly bolup, ol bellibir ýagdaýlary öz içine alýar.

Sözleýiş pedagogikada aragatnaşyk serişdesi bolup hem çykyş edýär. Şonuň üçin sözleýşiň aragatnaşyk serişdesi hökmünde sapakda we ondan daşarda ähmiýeti uludyr. Meselem, aragatnaşyk özüniň wezipelerini ýerine ýetirende, sözleýiş zerur bolýar.

Beýle diýildigi mysal üçin, pedagog aragatnaşygyň habar beriş wezipesinde mugallym sözleýiş arkaly okuwçylara dürli bilimleri, düşünjeleri, başarnyklary we endikleri berýär. Okuwçylar hem öz gezeginde şol maglumatlary kabul edişini sözleýiş arkaly (çykyş etmek, jogap bermek we ş.m) yüze çykarýar. Ýene-de sözleýiş pedagogik aragatnaşygyň gurluşynda hem uly orun tutýar. Meselem, mugallym, synp topary bilen aragatnaşygy sözleýiş arkaly gurýar, ony dolandyrýar, aragatnaşygyň jemini jemleýär. Biz ýokarda sözleýşiň nähili ähmiýetli meseleleri çözýändigini belläp geçdik.

Ýöne mugallym üçin diňe bir sözleýşiň habar beriş, terbiýeçilik, aragatnaşyk serişdeleri hökmünde çykyş edýändigini we onuň dilden tapawudyny bilmek ýeterlikli däldir. Sebäbi şeýle, ýagny ýokarda belläp geçişimiz ýaly oňat, gyzykly we netijeli sözleýşi guramakda mugallym haýsy zatlary göz öňünde tutmaly hem-de ähli zatlara üns bermeli diýen soraglar, meseleler ýüze çykýar. Şeýle meseleleri çözmekde, mugallymyň sözleýiş medeniyetiniň ähmiýeti uludyr.

Eýsem, sözleýiş medeniýeti näme? Sözleýiş medeniýeti diýip sözleriň edebi diliň kadalaryna laýyklykda ulanylmagyna, olaryň aýdylmagyna, üýtgedilmegine beýleki sözler bilen goşulmagyna hem de sözlemleriň düzülmegine aýdylýar.

Sözleýiş medeniýeti adamyň umumy medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Mugallymyň sözleýiş medeniýeti birnäçe bölekleri öz içine alýar.

1) sözleýşiň leksiki medeniýeti. Bu mugallymda sözlük ätiýaçlygy baý bolmaly, onuň sözleýşi takyk, dogry bolmaly diýildigidir. Sözleýşi takyk, ýönekeý, gysga görnüşlerde bolmaly. Mugallymyň sözleýşine zyýan ýetirýän zatlaryň tejribede has giňden ýaýranlarynyň biri – tawtalogiýadyr. Bu şol bir sözleriň birnäçe gezek (gereginden artyk) gaýtalanmagydyr. Meselem, elbetde, hawa, ýöne, şu we ş.m.

2) sözleýiş kadalarynyň (gramatiki) medeniýeti. Beýle diýip, sözleri, söz düzümlerini, sözlemleri takyk dil kadalaryna, düzgünlerine laýyklykda ulanylmagyna aýdylýar.

3) sözleýşiň ses kadalary (orfoepik) medeniýeti. Beýle diýip, sözleýiş wagtynda diliň ses kadalarynyň düzgünleriniň dogry ýerine ýetirilmegine aýdylýar. Meselem, bir sesiň beýleki bir ses bilen çalşyrylmagy we ş.m.

Mugallymyň sözleýşi onyň ussatlygynyň şerti:
– sözleýiş we mugallymyň özüni (aragatnaşykda) alyp barşy (mugallymyň giriş sözi);
– mugallymyň sözleýşiniň görnüşi we aragatnaşyk taýdan hili;
– mugallymyň sözleýşiniň baglanyşygy (funksiýasy);
– mugallymyň sözleýşiniň aýratynlyklary;
– geljekki mugallymlaryň sözleýşini kämilleşdirmegiň ýollary (özbaşdak barlag, sözleýşiň aňladyjylygy we ş.m.) aýratynlyklar.

“Mugallymçylyk ussatlygy”,
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Aşgabat – 2012



Tmpedagog