18.09.2023 Pedagogika525 .

Taryh sapagyny okatmagyň ähmiýeti


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylyp, okatmagyň häzirki zaman usullary yzygiderli ösdürilýär. Şonuň netijesinde ýaşlara bilim öwretmegiň döwrebap usullaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin hem, taryh sapagyny okadanymyzda okuwçylaryň sapagy özleşdirmekleri üçin häzirki zaman usullaryndan netijeli peýdalanýarys, multimedia tagtalaryny işjeň ulanýarys. Taryh sapagyny ýokary derejede okatmak, many-mazmunly düşündirmek mugallymyň iş tejribesine, sapagy guraýşyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem taryh sapagynda mugallym kitaplardan, görkezme esbaplardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňişleýin peýdalanmalydyr.

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-njy synpynda Türkmenistanyň taryhy dersi okadylýar. Bu sapak okuwçylarda şöhratly taryhymyza buýsanjy terbiýelemäge, eziz Watanymyza söýgini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gadymy türkmen topragy adamzat medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýar. Okuwçylara geçmişimizi doly öwrenmekde taryh ylmynyň gazananlaryna ýüzlenmelidigini düşündirýäris. Bu babatda ýazuw ýadygärlikleriniň saklanyp galandygyny mysal getirmek bolar. Şunda multimedia tagtasynda taryhy ýazuw ýadygärlikleriň suratlary, galalarda ýazylan daş ýazgylarynyň şekilleri görkezilse maksadalaýyk bolar. Bu okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny, tema oňat düşünmegini üpjün edýär. Şular dogrusynda bu ders boýunça ilkinji sapakda giňişleýin düşünje berilýär.

Sapagyň dowamynda taryhy döwürler hakynda hem düşünje bermek zerurdyr. Ýagny daş asyry, mis asyry, bürünç we demir asyry ýaly döwürleriň bolandygyny okuwçylara düşündirýäris. Taryhy döwürler hakynda düşündirip, olara degişli şekilleri multimedia tagtasynda görkezýäris. Bu hem okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar we taryhy döwürlere oňat düşünmeklerine ýardam berýär. Şeýle hem sapakda taryhy döwürleri, san maglumatlary, ýagny seneleri ýatdan öwrenmegiň hem zerurdygyny ýatladýarys. Çünki taryhy öwrenmekde taryhy senelere, asyrlara oňat düşünmek zerur bolup durýar.

Adamzadyň nesil terbiýesinde taryhyň möhüm ornunyň bardygyny göz öňünde tutup, bu sapagy has-da täsirli guramak zerurdyr. Şonuň üçin hem sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sorag-jogap alyşmak, olaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek möhümdir. Meselem, «Taryhy ýazgylar, ýazuw ýadygärlikleri diýip nämä düşünýärsiňiz?», «Türkmenistanyň taryhy döwürleri hakynda nämeleri bilýärsiňiz?» ýaly soraglar bilen okuwçylaryň pikirlenişini ösdürmek bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy hakynda hem aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin beýan edildi. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň taryhy dersini okatmak bilen bir hatarda okuwçylara taryhy gymmatlyklarymyz hakynda hem düşündirmelidiris.

Türkmenistanyň taryhy dersini okatmakda Watana söýgi döretmek, şöhratly taryhymyza buýsanjy kemala getirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki taryh sapagynyň üsti bilen şeýle asylly ýörelgeleri kemala getirmek mugallymyň esasy borjudyr.

Tylla ANNAMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen
terbiýeçilik okuw mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.09.2023

Tmpedagog