07.09.2023 Pedagogika1089 .

Sapakda diktantlaryň dürli görnüşinden peýdalanmak


Türkmen dili dersinde başlangyç synp okuwçylarynyň ýazuw endikleriniň arassa we dürs bolmagyna aýratyn üns berýäris. Çünki arassa we dürs ýazmagy öwretmek okuwça berilýän bilimiň esasy bolup durýar.

Okuwçylaryň dürs ýazmak endiklerini ösdürmekde we kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşiniň ähmiýeti uludyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen dilinde diktantlaryň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň görüş we eşidiş diktanty, duýduryş diktanty, saýlanyp ýazylýan diktant, döredijilikli diktant, görkeziş diktanty, erkin diktant, sözlük diktanty, barlag diktanty ýaly görnüşleri bolýar.

Diktantlar synpda geçirilýän orfografik işleriň esasy görnüşleriniň biridir. Olaryň dürli-dürli bolşy ýaly, geçiriliş usullary, öňde goýýan maksatlary hem dürli-dürlüdir.

Olary okadýan synpymda şeýle görnüşde ulanýaryn. Görüş we eşidiş diktanty ýazdyrylanda 3 — 4-nji synp okuwçylaryna diktantyň ýazgysynda çylşyrymly orfogrammalar ýüze çykanda, ilki bilen şol sözler synp tagtasynda mugallym tarapyndan ýazylýar we okuwçylar tarapyndan derňelýär. Soňra mugallymyň dilden aýtmagy esasynda okuwçylar diktanty ýatdan ýazýarlar we öz ýazanlaryny synp tagtasyndaky bilen deňeşdirýärler.

Görüş we eşidiş diktanty okuwçylaryň goýberen ýalňyşlaryny özbaşdak düzedip bilmek endikleriniň ösmegine alyp barýar.

Duýduryş diktanty hem başlangyç synplarda köp ýazdyrylýan diktantlaryň hataryna degişli. Ýazmasy kyn bolan sözler duşan halatynda diktantyň ýazgysyny okap berýärin we şeýle sözleriň bardygyny duýdurýaryn, olaryň ýazylyş kadalaryny ýatladýaryn.

Saýlanyp ýazylýan diktantlar başlangyç synplarda oňat netije berýän diktantlaryň biridir. Bu diktanty köplenç, 2-nji, 3-nji, 4-nji synp okuwçylaryna ýazdyrýarys. 4-nji synpda «Işlikler» diýen temany geçip gutaranymdan soň, okuwçylara işlikler, olaryň görnüşleri, soraglary we goşulmalary, olaryň aýratynlyklary barada gysgaça ýatladýaryn. Diktantyň ýazgysyny okuwçylara okap berýärin, olar bolsa şondan içinde işlikler barlaryny saýlap ýazýarlar. Muny diňe öten zaman, häzirki zaman ýa-da geljek zaman işlikleri, olaryň barlyk we ýokluk şekilleri görnüşinde hem guramak bolar.

Diktantyň bu görnüşi okuwçylaryň ünsüniň bir ýere jemlenmeginde, olaryň çalt pikirlenmeginde, dürs ýazmagynda ähmiýetlidir. Saýlama diktanty ýazuw sapagynyň belli bir bölüminde geçirilip bilner.

Okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösmeginde, dürs ýazmak endikleriniň kämilleşmeginde, ozal geçilen temalary gaýtadan okuwçylaryň ýatlaryna salmakda döredijilikli diktant ýazdyrmagyň hem ähmiýeti uludyr. Diktantyň bu görnüşi okuwçyny düzme, beýannama ýazmaga-da taýýarlaýar. Döredijilikli diktanty men 1-nji synp okuwçylaryna okuw ýylynyň ikinji ýarymyndan soň ýazdyryp başlaýaryn. Bu diktanty şeýle guramak bolar: «Güýz» diýen temany saýlap, synp tagtasynda: «Güýz, howa, ýagyş, guşlar, gezelenç...» ýaly sözleri ýazýaryn we okuwçylara bu sözler esasynda öz döredijilikleri bilen özbaşdak ýazmaklygy tabşyrýaryn. Şonda belli bir wagt berýärin hem-de ýazyp bolanlara ýazanlaryny okadýaryn. Aýratyn tapawutlanyp ýazanlary bolsa synpyň okuwçylary bolup birlikde saýlaýarys.

Döredijilikli diktant ýazdyrmagy, köplenç, gaýtalamak sapaklarynda kiçiräk göwrümde alyp, belli bir temadan soňra guraýaryn. Şeýle hem diktantyň bu görnüşi okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmakda, olaryň pikirlerini özbaşdak beýan etmeklerinde peýdalydyr.

Görkeziş diktantyny ähli synplarda geçirip bolar. Ýöne, köplenç, ony 1-nji synpda Harplyk döwründe guraýaryn. Belli bir harplary geçip bolanymdan soň, şol geçen harplarym esasynda birnäçe sadaja sözleri synp tagtasynda ýazýaryn we okuwçylara özbaşdak sessiz okadýaryn. Soňra ýazylanlary öçürip, dilden aýtmak bilen özbaşdak ýazdyrýaryn. Ýazanlaryny okuwçylara okatmak, hatar aralaryna aýlanyp bahalandyrmak arkaly barlaýaryn. Bu diktant sapagyň belli bir bölüminde 3-5 minutyň dowamynda geçirilip bilner. Görkeziş diktanty okuwçylaryň ýatkeşligini, dürs ýazmak endiklerini ösdürmäge, mugallyma geçilen temalary okuwçylaryň nähili özleşdirendigini bilmäge mümkinçilik berýär.

Ýazmasy kyn bolan sözleriň dogry ýazylyşyny ýatda saklamakda, okuwçylaryň ünsüniň bir ýere jemlenmeginde sözlük diktantynyň hem uly ähmiýeti bar. Bu diktanty köplenç halatda 1-nji synp okuwçylaryna ýazdyrýaryn. Şonda okuwçylaryň düşünjesine laýyk gelýän predmetleriň birnäçesini görkezip, olaryň adyny aýtman, özbaşdak ýazdyrmaly. Men şol predmetleriň şekillerini kompýuterde öňünden taýýarlap goýýaryn we olary synlamak bilen ýazmagy tabşyrýaryn. Bu usul hem oňyn netije berýär. Sözlük diktanty sapagyň belli bir ýerinde okuwçylaryň iş depderlerine ýazdyrylýar.

Göwher KURBANOWA,
Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
57-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.09.2023

Tmpedagog