03.09.2023 Pedagogika215 .

Dil — akylyň açary


Çagalary milli ruhumyza mahsus häsiýetde terbiýelemek, şol esasda bilim bermek her bir mugallymyň esasy borjudyr. Milli terbiýäniň gözbaşy bolsa ene dilimize hormat goýmakdan we ony çuňňur öwrenmekden başlanýar. Ýöne söz baýlygyny ösdürmek üçin diňe öz ene diliňi öwrenmek ýeterlik däldir. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenip, gözýetimlerini has-da giňeltmek ajaýyp zamanamyzda ýaş nesillere bildirilýän esasy talaplaryň biridir. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Döwrebap bilim ojaklaryndan başga-da, ýörite dil öwredýän merkezler hereket edip, olarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň has-da bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri, dünýä dillerinden we täze tehnologiýalardan baş çykarmaklary üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.

Biziň mekdebimizde hem beýleki birnäçe daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda, çagalara arap dilini öwretmek ýokary derejede ýola goýuldy. Okuwçylaryň arap dilini aňsat özleşdirmekleri üçin dürli usullary peýdalanýarys. Kitaplaryň, sözlükleriň, ses ýazgylarynyň üsti bilen bu dili ählitaraplaýyn öwredýäris. Bu usullar diňe bir dil öwrenýän çagalar üçin däl, eýsem, mugallymlar üçin hem uly ýeňillikleri döredýär.

«Dil — akylyň açary» diýen gyzyla gaplaýmaly pähim bar. Adamzat gatnaşyklarynyň binýadyny goýýan, dostluga giň ýol açýan dil ynsan kalbynyň owadanlygyny dünýä ýaýýar.

Ýaş nesillerimiziň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin nusgalyk şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Rahym Begenjow,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň mugallymy,

"Balkan" welaýat gazeti, 31.08.2023

Tmpedagog