24.08.2023 Pedagogika194 .

Halk döredijiliginiň terbiýedäki orny


Ynsan ömrüniň bahary hasaplanýan çagalyk döwrüni, umuman, çagalygyň gyzykly pursatlaryny ertekisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýaşlygynda garry enesinden ýa atasyndan, öz ejesinden erteki aýdyp bermegi haýyş edip, aýdylyp berilýän ertekini üns berip diňläninden soňra ýakymly duýgularyň täsirinde süýji uka gitmedik çaga megerem, ýok bolsa gerek. Çagalyk dünýäsiniň ruhy bezegi bolan ertekiler çagalary milli ruhda terbiýelemekde, mertligi, batyrlygy, watansöýüjiligi, dogruçyllygy ündemekde möhüm orny tutýar.

Çagalaryň aýratyn söýüp diňleýän ertekisi we ertekiniň gahrymany bolýar. Şeýle çagalaryň söýgüsine mynasyp bolup ähli çagalaryň söýgüli gahrymanyna öwrülen türkmen halk ertekileriniň biri hem «Akpamyk» ertekisidir. Ýurdumyzyň islendik künjegine baryp, çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň haýsy ertekini halaýandygy soralyp görlende, sowallaryň köp böleginiň jogaby «Akpamyk» bolup durýar. Bu ertekide boýdan-başa diýen ýaly milli däp-dessurlarymyz, halkymyzyň ýagşy-gylyk häsiýetleri suratlandyrylýar.

Ertekiniň başynda maşgalada dünýä inen çagajyk erkek oglan bolsa, ak öýüň depesine ok-ýaý, gylyç ýaly ýaraglaryň asylyp goýulýandygy gürrüň berilýär. Munuň özi bolsa maşgala täze bir Watan goragçysynyň gelendigini aňladyp, oglanlary ýaşlykdan watansöýüjilige, mertlige, batyrlyga çagyrýar. Dünýä inen çagajyk gyzjagaz bolsa, gurjak asylyp goýulmagy öýe ojagyň eýesiniň gelendigini aňladypdyr. Ertekiniň dowamynda türkmen gyzlarynyň üýşüp dürli el işlerini — üme edýändikleri görkezilýär. Ertekidäki ýedi sany erkek doganyň jigileriniň ady Akpamyk bolansoň häzirki döwürde hem maşgalada ýedi oguldan soň doglan gyza Akpamyk diýip at goýmak halkymyzda däbe öwrülip gidipdir.

Ertekiniň dowamynda Akpamygyň gyzdygyna, ýaşdygyna garamazdan agalarynyň gözlegine çykyşy, olary gözläp tapyşy, agalarynyň hem öz gyz jigilerini goramak üçin hiç zatdan çekinmeýişleri, agalaryny halas etmek üçin Akpamygyň ýürekden ylgap hereket edişi bilen türkmen maşgalasynda doganyň dogana goýýan mähribanlygy açylyp görkezilip, diňleýjini hem şonuň ýaly edenli, dogana mähriban bolmaga çagyrýar. Ertekide ýene-de bir ünsi çekýän ýagdaý, ol hem bolsa Akpamyk agalarynyň gözlegine çykanda, ejesi oňa bir çöregi berip: «Şu kökäni tigirläp gidiber, bu seni agalaryň ýanyna elter!» diýýär. Bu bolsa halkymyzyň adamyň doglup dünýä inen ojagynda iýen duz-çöregi, rysgy ony hemişe öz ýanyna çekip durýar diýen ýörelgesini çeperlik bilen görkezýär. Häzirki döwrümizde hem harby gulluga ugrap barýan oglana bir köke çöregi dişledip, alyp goýýarlar. Halkymyzyň arasynda dörän ynançlara görä, şol oglanyň dişlän çöregi onuň maşgalasyna sag-aman dolanyp gelmegini diläp, ony mukaddes ojagyna çagyryp durarmyş. Ýene-de ertekide türkmen milli oýunlarynyň biri bolan aşyk oýnunyň oýnalyşy gürrüň berilýär. Bu oýnuň kömegi bilen Akpamygyň gözlegine çykan agalarynyň ony tapyşlary hem ertekiniň gahrymanlarynyň örän ugurtapyjylyk bilen hereket edýändiklerini, şeýle paýhaslylygyň, mertligiň, batyrlygyň biziň halkymyza mahsus häsiýetlerdigini ertekini diňleýän her bir çaganyň aňyna ýetirýär.

Ertekiniň käbir wakalaryna hyýaly-fantastiki keşpler gatnaşdyrylan hem bolsa, bu ertekide halkymyzyň geçmişiniň, asylly däp-dessurlarynyň, gylyk-häsiýetleriniň dolulygyna suratlandyrylmagy diňe bir çagalaryň däl, eýsem islendik ýaşdaky adamlaryň hakydasynda orun tutup, «Akpamyk» ertekisiniň hemmeleriň söýgüli eserine öwrülmegine täsirini ýetiripdir.

Näzik NEDIROWA,
Görogly etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 24.08.2023

Tmpedagog