16.08.2023 Pedagogika355 .

Sapaklarda türkmen halk döredijiliginiň ähmiýeti


Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan oňyn özgertmeleri bilim işgärleriniň jogapkärçiligini artdyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde çuňňur bilimli, milli ruhly, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek bilim işgärleriniň paýyna düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kämil jemgyýetiň güýjüdir.

Başlangyç synplarda türkmen dili dersi boýunça geçilýän temalardan türkmen halk döredijiligine degişli bolan matallardan, tapmaçalardan, nakyllardan peýdalanýarys. Başlangyç synp okuwçylary matallary, tapmaçalary çözmäge höwesek bolýarlar. Sapakda bu aýdylanlary ýerlikli ulanmak, öwredilýän temanyň okuwçylaryň aňyna çalt ýetmegine, sapagyň gyzykly we täsirli geçmegine, olaryň pikirleniş endikleriniň ösmegine uly ýardam edýär. Mysal üçin, 3-nji synpda «Sypatlar» diýen temany geçenimde, «Gury agajy egmegin, degmedige degmegin» diýen nakyly aýdýaryn we onuň many-mazmunyny okuwçylara düşündirýärin. Nakylyň içinde gabat gelýän sypaty tapdyrýaryn. Ýa-da:

Gyzyl köýnek gülälek
Ýel ugruna yrandy.
Ýaşyl öwsen çigildem
Elwan öýme orandy

— diýen bendi okap berýärin. Okuwçylar ondan gyzyl, ýaşyl, elwan diýen sözleriň sypatdygyny aýdýarlar we gözel tebigatymyzy goşgular bilen wasp edýärler. Elwan sözüniň manysyny düşündirip, sözlük depderlerine ýazdyrýaryn. Şunda okuwçylaryň söz baýlyklary artýar.

3-nji synpda «Sanlar» diýen temany geçenimde, sapagy has gyzykly guramak maksady bilen, nakyllary aýdyp, olardan sanlary tapdyrýaryn. Çagalar «Bir gün duza müň gün salam» diýen nakyldan sanlary tapýarlar. Soňra «Işlikler» diýen temany geçenimde «Ýeri ak, tohumy gara, el bilen ekerler, dil bilen orarlar» diýen mataly aýdyp berýärin. Okuwçylar matalyň jogabyny tapýarlar we ondan «ekerler», «orarlar» diýen işlikleriň geljek zaman işligidigini aýdýarlar.

Umuman, türkmen dili sapagynda halk döredijiliginiň dürli görnüşlerinden peýdalanmak oňat netije berýär. Sapak täsirli guralanda okuwçylaryň sapaga bolan höwesi artýar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde giň möçberli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Tyllagözel GELDIÝEWA,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog