Türkmen dili sapagynda sözleriň gurluş taýdan bölünişini öwretmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň kämil şahsyýetler bolmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyndaky beýik ösüşler ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, dil bilimini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa geljekki nesilleriň dilimiziň baýlyklaryny öwrenip, gadymdan gelýän türkmen dilini ösdürjekdiklerine ynamyňy artdyrýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde türkmen dili sapagy guramaçylykly geçirilýär.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň 5-nji synpynda türkmen dili sapagynda «Sözleriň gurluş taýdan bölünişi» diýen mowzukda sada, goşma we tirkeş sözler öwredilýär. Şunda okuwçylara giňişleýin düşünje bermek üçin okuw kitabyndan, multimedia tagtasyndan giňden peýdalanýaryn. Ilki bilen sözleriň gurluş taýdan bölünişi baradaky kesgitlemäni okuwçylara okap berýärin. Soňra sözleriň gurluş taýdan bölünişini multimedia tagtasynda görkezýärin.
Mysal üçin, sözleriň gurluş taýdan bölünişi:
1. Sada sözler.
2. Goşma sözler.
3. Tirkeş sözler.
Soňra multimedia tagtasynda sözleriň gurluşy hakyndaky kesgitlemäni görkezýärin. Ýagny, sada sözler bir sözden ybarat bolan sözlerdir. Mysal üçin, suw, keçe, mekdep, göz, gyzyl. Bu sözleri okuwçylara okadýaryn we sowal-jogap alyşýaryn.
Soňra okuwçylara goşma sözleri düşündirýärin. Goşma sözler baradaky kesgitlemäni multimedia tagtada ýazýaryn. Goşma sözler bir sözden artyk sözlerden ýasalýar. Mysal üçin, Orazdurdy, Annajeren, gelinbarmak, ýolbars, kellebaşaýak.
Şeýle hem tirkeş sözler hakynda okuwçylaryň düşünjelerini berkidýärin, bu sözlere degişli kesgitlemäni multimedia tagtada ýazýaryn. Tirkeş sözler sözleriň tirkeşdirilip düzülmeginden ýasalýar. Ýazuwda tirkeşip gelýän sözleriň arasynda çyzyjak goýulýar. Mysal üçin, uly-kiçi, ýorgan-düşek, ene-ata.
Türkmen dili sapagynda geçilen sözleriň gurluş taýdan bölünişi barada sowal-jogap alyşýaryn. Sapagyň ahyrynda okuwçylara öýe ýumuş hökmünde sada, goşma, tirkeş sözleri ýazyp gelmeklerini tabşyrýaryn. Sapakda multimedia tagtasyny ulanmak hem-de okuw kitabyndan peýdalanmak okuwçylaryň türkmen dili baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Annagül ORAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.05.2023