16.05.2023 Pedagogika101 .

Akyldar şahyryň döredijiligini öwretmek


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň Watana wepaly, giň dünýägaraýyşly, ahlak sypatlaryny kemala getirmekde, olarda bilime bolan höwesi oýarmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmeleri oňyn netijelerini berýär. Bu günki günde ýurdumyzyň milli bilim ulgamy kämilleşip, hil taýdan täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde ýaşlara kämil bilim bermekde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlar döredilýän mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. Okatmagyň kämil usullaryny iş tejribelerine ornaşdyrýarlar. Şunda edebiýat dersinde okuwçylara Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň öwredilmegi olarda oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Akyldar şahyryň eserleri ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Edebiýat dersinde 8-nji synp okuwçylaryna Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Şunda şahyryň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýip, agzybirlige çagyrýan şygryny labyzly okap berýärin. Soňra Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljekdigini okuwçylara aýdyp, şahyryň kitaplary bilen tanyşdyrýaryn. Okuwçylara akyldaryň goşgularyny öwredenimde «Dowam et», «Kim köp bilýär» ýaly usullardan peýdalanýaryn. Mysal üçin, «Dowam et» usulynda:

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili...

— diýip, bendiň dowamyny soraýaryn. Ilki aýdan okuwça «berekella» diýip, derse bolan höwesini artdyrýaryn. Şeýle usulyň ulanylmagy şahyryň goşgularyny dessin ýat tutmaga ýardam berýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öwredenimde iş tejribämde dürli usullardan peýdalanýaryn. Okuwçylaryň şahyryň goşgularynyň atlaryny ýatdan bilmeklerini gazanmak maksady bilen synpy iki topara bölýärin. Haýsy topar köp ýatdan aýtmagy başarsa, ýeňiji topar diýip höweslendirýärin.

Nusgawy edebiýatymyzy öwretmäge, ýaş nesillere dünýä ülňülerine laýyk bilim bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Akbäbek GARAÝEWA,
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2023

Tmpedagog