16.05.2023 Pedagogika1365 .

Bedenterbiýe sapagynyň ähmiýeti


Okuwçynyň ýaşlykdan boýunyň kadaly ösmegi üçin ol ir bilen ylgamaly, beden maşklaryny ýerine ýetirmeli. Bedenterbiýe mugallymlary sport meýdançalarynda birnäçe beden maşklaryny ýerine ýetirip görkezmeli. Soňra okuwçylaryň dogry ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmeli.

Okuw ýylynyň başynda okuwçylaryň boýuny ölçäp, olaryň gündeliklerine degişli bellik edýärin we san görkezijilerini ýazýaryn (mysal üçin, 1 m 56 sm, 1 m 63 sm we ş.m.). Şunda ýylyň dowamynda irden-agşam maşklary yzygiderli we doly berjaý eden okuwçynyň boýunyň ösendigi mese-mälim duýulýar. Mugallym okuw ýylynyň ahyrynda hem okuwçylaryň boýuny ölçäp, olaryň gündeliklerine degişli san görkezijilerini ýazmaly. Synpdaky her bir okuwçynyň boýunyň bir ýylda näçe santimetr ösendigini ýüze çykarmak üçin hasaplamany geçirmeli.

Mysal üçin, okuw ýylynyň başynda okuwçynyň ýerden barmaklarynyň ujuna çenli aralyk 1 m 49 sm diýip hasap edeliň. Bu görkeziji okuw ýylynyň ahyrynda 1 m 56 sm bolsa, görkezijileriň aratapawudy 1m 56 sm — 1m 49 sm = 7 sm bolar. Netijede, bir ýylyň dowamynda okuwçynyň boýy 7 sm ösüpdir.

Mugallym ýylyň dowamynda her bir okuwçynyň boýunyň näçe santimetr ösendigini aýdyp, olaryň sporta bolan söýgüsini gazanmaly, bedenterbiýä höwes döretmeli.

Sport — saglygyň sakasy. Sportuň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen adam hakyndaky alada möhüm ähmiýet berilýär, çünki saglyk sportdan başlanýar. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat ALLABERENOW,
Saýat etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2023

Tmpedagog