12.05.2023 Pedagogika497 .

Çagalarda ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek


Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara öwredilýän bilim bilen birlikde, olarda ýagşy-gylyk häsiýetleri terbiýelemek esasy işleriň biridir. Çünki bu döwür çaganyň akyl taýdan ösýän, kämilleşýän we gözlegde bolýan döwri. Bu döwür okuwçy öwrenenlerini we öwredilenleri öz häsiýetlerine çalt siňdirmäge, endikleri gaýtalamaga ukyply döwri hasaplanýar.

Özümiň okadýan ýokary synp okuwçylarymda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn ünsi çekýärin. Has takygy, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly hakyky durmuş wakalary barada ýazylan eserler okuwçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Aýratyn-da, «Döwlet guşy» romanynyň baş gahrymany Mälikgulynyň il bähbitli bitiren işleri okuwçylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Şu ýerde onuň ýagşy gylyk-häsiýetleri oglanjygyň kalbynyň päkliginden, göwnüniň aklygyndan habar berýär. Ol hemişe ýagşy işleriň ýardamçysy hökmünde okyjylaryň aňynda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp eserleriň orta mekdepleriň edebiýat dersinde öwrenilmegi ösüp gelýän ýaş nesli Watana wepaly, işe yhlasly, halallykdan hormat tapan adamlaryň göreldesi esasynda terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Bu eserler boýunça okuwçylara giňişleýin düşünje berilmegi möhümdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany hakynda guran sapaklarymda okuwçylara eseriň ady barada hem düşünje berdim. Kitabyň ussatlyk bilen ýazylandygyny, onuň okyjylary watançylyk hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge, olarda adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryna söýgi döretmäge ýardam edendigini bellemek bilen, romanyň terbiýeçilik ähmiýeti barada hem söz açdym. Şu ýerde Mälikguly aganyň çagalyk ýyllaryndaky wakalaryň käbirini ýatlap, onuň öz obadaşlaryna goldaw-kömek berip, olaryň alkyşyna mynasyp bolandygyny düşündirdim. Şeýle hem sapakda okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek barada uly tagallalar edendigini okuwçylara ýatlatdym. Edebiýat okuw kitabynda romanyň many-mazmuny barada söz açylyp, bu eseriň edebiýatyň proza görnüşini baýlaşdyrandygy örän ýerlikli bellenip geçilýär. Eserde Mälikgulynyň asylly işleri bilen mugallymlaryň, okuwçylaryň, şeýle-de oba adamlarynyň hormatyna mynasyp bolandygy, ähli tarapdan görelde görkezendigi örän oňat beýan edilýär.

Eser boýunça temany okuwçylar bilen sorag-jogap arkaly berkitdim. Şonda okuwçylaryň ýaşajyk Mälikgulynyň bitiren işleri, onuň häsiýetleriniň özlerinde galdyran täsirleri barada pikir alyşma gurap bolýar. Sapakda okuwçylara bu romany özbaşdak okamaklaryny aýratyn ýumuş hökmünde hem tabşyrmak mümkin.

Ogulşeker MAŞADOWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.05.2023

Tmpedagog