09.05.2023 Pedagogika131 .

Dünýä dillerini öwrenmekde innowasion tehnologiýalar


Daşary ýurt dilini kämil bilmek adamyň ruhuny baýlaşdyrmak bilen dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeldýär, beýleki ýurtlaryň taryhy, medeniýeti we edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem Internet global torunyň kuwwatly çeşmelerinden peýdalanmaga, maglumat we kommunikasion tehnologiýalaryny, dünýä tejribesini öwrenmäge giň ýol açýar. Dünýä ylmyny özleşdirmekde iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Dil bilmek bilen gözýetimiňi giňeldip bolýar. Biziň ýurdumyzda dil öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Okuw mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna birikdirilmegi üstünliklerden habar berýär.

Ylmy-tehnikanyň gazananlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň esasy talabydyr. Ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek bilen gözýetimlerini giňeldýärler.

Häzirki döwürde iňlis dilinini bilmek möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu dil halkara gatnaşyklarynda, syýasy, diplomatik, ylmy, lukmançylyk, bilim, medeniýet we işewürçilik ulgamlarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Iňlis dili ählumumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ykrar edilýär. Maglumatlara salgylansak, dünýä ýüzünde bir ýarym milliarda golaý adam iňlis dilinde gürleýär. Bu dil 500 million adam üçin ene dili bolup durýar. Dogrusy, bu maglumatlar şertli bolup, iňlis dilinde gürleýänleriň anyk sanyny kesgitlemek aňsat däl. Iňlis dili dünýä ýüzünde giňden ýaýran dildir.

Tehnologiýa ulgamyndaky häzirki zaman işläp taýýarlamalary, şol sanda internet ulgamy iňlis dili bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Innowasion tehnologiýalara erk etmekde iňlis diliniň öwrenilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ylmy neşirler, okuw we çeper edebiýatlar, filmler we sazlar iňlis dilinde taýýarlanylýar. Häzirki zaman hünärmeniniň iňlis dilini bilmezden dünýä maglumatlar giňişliginde hereket etmegi kyn bolup durýar. Adamzadyň durmuşynda şahsy kompýuterleriň we habar beriji tehnologiýalaryň tutýan ornunyň düýpgöter üýtgemegi okuwlaryň guralyşyna täsir edýär. Täze innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy bize örän köp maglumatlary toplamaga, olaryň üstünde işlemäge ýardam berýär.

Bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan multimedia usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höwesini ösdürmän, eýsem, olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga-da kömek edýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynda netijeliligi ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň, talyplaryň wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär. Ýaşlaryň dünýä innowasiýasynyň gazananlaryny öwrenmegi, nazary düşünjeleri kemala getirmek üçin şertler döredilýär.

Bu döredilýän giň mümkinçilikler biz — bilim ulgamynyň işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Murad SABUROW,
Şabat etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 08.05.2023

Tmpedagog