05.05.2023 Pedagogika344 .

Sapakda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak


Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar.

Okuwçylara her bir öwredilýän sözüň aňladýan manysyny düşündirmeli. Häzirki wagtda dil öwretmegiň dürli usullary peýdalanylýar. Sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza ornaşmagy bilen, dil öwrenmek ses we audio ýazgylarynyň üsti bilen hem, multimedia tagtalaryň üsti bilen hem mümkin bolýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap usullaryň biri-de, sapaklarda interaktiw tagtalaryň we kompýuterleriň ulanylmagydyr. Rus dili sapaklaryny interaktiw tagtadan peýdalanmak we topar görnüşinde geçirilýän oýunlary ulanmak arkaly guramak sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny ýokarlandyrmaga, olaryň berilýän maglumatlary doly özleşdirmegine, dil öwrenmäge bolan höweslerini hem artdyrmaga uly ýardam berýär. Meselem, «Прилагательные», ýagny «Sypatlar» diýen temany geçenimizde sapagyň dowamynda «Power point» programmasynda taýýarlanan slaýdlardan, oýunlardan, audio we wideo serişdelerinden peýdalanmak sapagyň täsirli geçmegine, netijesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsir edýär.

Sapaklarda slaýdlaryň kömegi bilen okuwçylara sypatlar barada umumy düşünje berýärin. Türkmen dilindäki sypatlaryň ulanylyşy bilen deňeşdirip, iki diliň grammatikasyndaky meňzeşlikleri we tapawutly taraplaryny öwredýärin. Munda tablisalar, blok-shemalar arkaly düşündirmek has gowy netije berýär. Okuwçylara sypatlar barada düşünje berenimden soň, olary rus dilinde esasy ulanylýan sypatlar bilen tanyşdyrýaryn, olaryň manysyny, haýsy atlar bilen bilelikde ulanylýandygyny slaýdlar, şekilli suratlar arkaly düşündirýärin. Rus dilinde sözleriň ýazylyşy bilen okalyşynyň meňzeş bolmaýandygy sebäpli, sözleriň okalyş aýratynlygyny okuwçylara audio ýazgylary diňledip gaýtalatmak has hem ýerlikli bolýar.

Okuwçylaryň temany gowy özleşdirmeklerini, olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin sapagy gönükmeler, dürli oýunlar bilen berkidýärin. Okuwçylary toparlara bölüp, her topara bir ady häsiýetlendirýän sypatlary tapmagy tabşyrýaryn. Meselem, «яблоко» sözüni «красный, зелёный» ýaly birnäçe sypatlar bilen häsiýetlendirmek bolýar. Şeýle-de, interaktiw tagtanyň kömegi bilen klasterli oýun guramak bolýar. Tagtada Güneşiň şekilini çekip, onuň merkezinde bir sypaty ýazýaryn, okuwçylara Güneşiň şöhlelerinde şol sypat bilen ulanyp bolýan sözleri ýazmaklaryny tabşyrýaryn. Meselem, «яркое» ýaly birnäçe sypat sözi bilen ulanylýar.

Dinara BALTAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 03.05.2023

Tmpedagog