01.05.2023 Pedagogika261 .

Halk pedagogikasyna garaýyş


Halk pedagogikasy ýaş nesillere terbiýe bermek, olary özbaşdak durmuşa hem zähmete taýýarlamak boýunça halk köpçüliginiň köp asyrlyk tejribesinde kem-kemden emele gelen we ulanylan pedagogik däpleriň we idealaryň jemidir. Türkmen halky öziniň asyrlar boýy agyr ýagdaýlarda, ykdysady taýdan kynçylyklar we durmuş şertleriniň pes bolandygyna garamazdan, hemişe köp çagaly bolmagy arzuw edipdir. Şol bir wagtyň özinde ol çaga dogry terbiýe bermekligiň esasy wezipeleriniň biridigine düşünipdirler. Muňa şugüne çenli gelip ýeten halk nakyllary we atalar sözleri hem şaýatlyk edýär. Olara mysal edip “At seýise bagly, adam terbiýä”, “Çaga eziz edebi ondan hem eziz” şulary gözkezmek bolar.

Halk pedagogikasy ata-enäni çaganyň baş terbiýeçisi hasaplaýar we “Atam-enem gyzyl dilli ussadym”, “Enesini gör gyzyny al, gyrasyny gör bizini al”, “Ata kesbi ogla halal, ene kesbi gyza” ýaly atalar sözi bilen tassyklaýar. Şonuň ýalyda halk pedagogikasynyň tejribesinde ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-eneden başgada birnäçe adam gatnaşypdyr. Olaryň arasynda maşgaladaky ak saçlylary, çaganyň uly ýaşly doganyny (aýratyn hem gyz doganyny), goňşulary, agaç, demir, kümüş, köwüş ussalaryny, olaryň estetik, akyl we ahlak terbiýesine uly täsir eden bagşylary, dessançylary, ertekiçileri, çagalara göreş tutmagyň tärlerini öwreden pälwanlary we köp-köp ady häzirki günümize ýetip gelmedik öz işine ussat halk pedagoklaryny görkezmek bolar.

Halk pedagogikasy öz gözbaşyny juda ir wagtlardan alyp gaýdýar. Sebäbbi terbiýe adamzadyň dörän iň irki döwürlerinden, ýagny heniz adamzada mekdep, kitapdyr depder, pedagogik terbiýe barada hiç hili düşünjäniň ýok wagtlarynda ýüze çykyp başlap, taryhy ösüşiň bütin köp asyrlyk dowamynda oňa hemra bolup gelipdir. Baryp irki ilkidurmuş jemgyýetinde-de adamlar ýaş nesle özleriniň ujypsyzja durmuş terbiýesini, bilimlerini öwredipdirler. Eýýam şol döwürde-de terbiýeçilik tejribesini umumylaşdyrmaklyga synanşyk edilip başlapdyr. Ol bolsa parasada ýugrylan sözlerde, däp-dessurlarda we urp-adatlarda öz beýanyny tapypdyr. Ýöne munuň özi taryhy ösüşiň dowamynda terbiýäniň mazmuny, wezipeleri, formalary we metodlary üýtgewsiz galypdyr diýmekligi aňlatmaýar. Adamlaryň durmuş tejribesiniň, daşlaryny gurşap duran hakykat baradaky bilimleriniň, maglumatlarynyň artmagy, giňelmegi, olaryň saýasy, sosial-ykdysady şertlerinde bolup geçen özgerişikler bilen baglanyşyklylykda, elbetde, terbiýäniň hem ýokarda agzalan ähli kompanentlerinde üýtgeşiklik bolupdyr. Halk adatça özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň iň gowylaryny dowam etdirip täze döwre, täze talaplara çapraz gelýänlerini bolsa ulanyşdan galdyrýar.

Adamzat jemgyýetiniň ösmegi, bilimleriň we terbiýeçilik tejribesiniň giňelmegi halk pedagoglarynyň hem ussatlygynyň kämilleşmegine, pedagogik pikiriň ösmegine öz täsirini ýetiripdir.

Halk pedagogikasynyň däplerinde müňlerçe nesil terbiýelenipdir. Şoňa görä halk pedagogikaynyň terbiýe dogrysyndaky garaýyşlary, tejribesi we däpleri müňlerçe gezek praktikada barlanylypdyr, anyklaşdyrylypdyr, kämilleşdirilipdir we üsti doldurylypdyr. Bu bolsa halk pedagogikasynyň durmuşa ukyplylygyny ýokarlandyrypdyr, durnuklylygyny üpjün edipdir.

Halk pedagogikasy hemişe halk köpçiligine hyzmat edip gelipdir we onuň progressiw, demokratik pikirlerini hem däplerini anykladypdyr.

Ýaşlary durmuşa taýýarlamakda uly nesil olarda durmuşdan, adamlaryň özara aragatnaşyklarynda, zähmet progresinde, watan goragynda gerek bolan fiziki we harby sypatlary, erki terbiýelemekligi hemişe üns merkezinde saklapdyrlar.

Halk pedagogikasynda ylmy terminler, kesgitlemeler, düzgünler, ýazylyp galdyrylan pikirler we garaýyşlar ýok. Olar köp sanly we dürli häsiýetli dilden aýdylýan halk döredijiliginde pytraňňy ýagdaýda duş gelýärler. Halk pedagogikasynyň terbiýe baradaky pikirleri, garaýyşlary nesilden-nesle diňe dil arkaly geçip gelipdir. Oňa “altyn däneleri” nakyllarda, atalar sözlerinde, halkyň parasatly sözlerinde, aýdymlarda, eposlarda, dessanlarda we halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde duş gelmek bolýar.

Begenç ÇÄŞEMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň Psihologiýa-Pedagogiki ugrunyň magistranty.



Tmpedagog