Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwretmek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy döwrebap özgertmelere eýe bolýar. Bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda özgermegi, okuwçylara berilýän bilimiň kämilleşmegi, bilim edaralarynyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw usullary kämilleşdirilýär, okuwçylara berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Şeýle hem ýaş nesliň ýokary aň-düşünjeli, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi, olaryň täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, biz — mugallymlar guraýan her bir sapagymyzda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýokary ahlak sypatly, terbiýeli ýaşlar edip ýetişdirmäge üns berýäris. Okuwçylary derse höweslendirmek mugallymyň esasy wezipesidir. Şonuň üçin hem sapagyň täsirliligini artdyrmakda dürli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanýarys.
Edebiýat dersinde 5-nji synp okuwçylaryna Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi öwredilýär. Bu dersde okuwçylary nusgawy şahyrymyzyň ömri we häzirki wagtda oňa goýulýan sarpa bilen baglanyşykly maglumatlar bilen tanyşdyrýaryn. Olaryň türkmen edebiýatyna bolan söýgüsini artdyrmaga hem-de şahyryň goşgularynyň üsti bilen milli terbiýäni ýokarlandyrmaga çalyşýaryn.
Sapagyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan parasatly sözleri okuwçylara okap berýärin. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan dürdäne sözleri okuwçylara okadýaryn, sözleriň mazmunyny düşündirýärin. Bu bolsa okuwçylaryň dil baýlygyny artdyrmaga, şol sözlerden ugur alyp, terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam berýär.
Sapagy okuwçylaryň öýe berlen ýumşuny barlamak bilen dowam etdirýärin. Olara sowallar bermek arkaly öwrenen temasyny özleşdirmegini gazanýaryn. Soňra täze temany gürrüň berýärin. Akyldaryň «Türkmeniň» goşgusynyň watansöýüjilik, il-güne wepalylyk taglymatyna ýugrulandygyny düşündirýärin. Şunda multimedia tagtasyndan hem peýdalanýaryn. Bu goşgyny okuwçylaryň ýat tutmagyny tabşyrýaryn. Bu bolsa olaryň ýatkeşligini berkitmek bilen bir hatarda olarda watansöýüjiligi terbiýeleýär.
Şahyryň şygyrlarynyň çeperçilik taýdan, many-mazmuna baýlygy bilen aýratyn ähmiýete eýedigini okuwçylara düşündirýärin.
Şahyryň goşgularyny çeper beýan edip, labyzly okap bilmek endiklerini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen okuwçylara gaýtaladýaryn. Olarda temanyň ýatdagalyjylygyny artdyrmak üçin slaýdlardan ýerlikli peýdalanýaryn.
Şahyryň goşgularyny ýatdan öwretmek okuwçylaryň söz baýlygynyň, dünýägaraýşynyň, döredijilige bolan ukyp-başarnygynyň artmagyna, bilimleriniň kämilleşmegine itergi berýär.
Sapagyň ahyrynda okuwçylar sowallar bilen ýüzlenýärler, öz pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa olaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.
Gülşirin SAPAROWA,
Akdepe etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti. 26.04.2023