Ýazuw endiklerini kämilleşdirmekde sözlük diktantlarynyň ähmiýeti
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna gönükdirilen döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Türkmen dilinde orfoepiýanyň düzgünlerine, orfografiýanyň kadalaryna laýyk dürs ýazmaga üns berilýär.
Dil dürs ýazmak, manyly sözlemek bilen kämilleşýär. Çaganyň dürs ýazuw endikleri türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň irginsiz zähmeti netijesinde kemala gelýär. Mugallyma bu işde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylaryna niýetlenilen okuw kitaplary goldaw bolup durýar. Mugallymlar diňe okuw kitabynda berlen maglumatlary gaýtalamak bilen çäklenmän, eýsem, goşmaça maglumatlardan, dürli usullardan peýdalanýarlar.
Mugallym dürs ýazuwa degişli islendik temany öwretmäge girişmezden öň, kadany haýsy usullar arkaly okuwça düşündirende onuň aňyna çalt ornaşdyryp biljekdigi hakynda pikirlenmelidir.Temalar yzygiderli düşündirilenden soň, orfografiýa degişli kadalar hemişe ýatladylyp durulsa oňyn netije berýär.
Umumybilim berýän orta mekdepleriň 5 —7-nji synplarynda okaýan okuwçylara hepdede bir gezek goşmaça sözlük diktantlaryny ýazdyrmak örän ähmiýetli. Sözlük diktantlary 5-7 minutyň dowamynda ýazdyrylsa talabalaýyk bolýar. Diktant ýazdyrylanda barlanylmaly hem-de okuwçylar bahalandyrylmalydyr. Munuň üçin multimedia tagtasy ýakyn ýardamçy bolup hyzmat edýär. Sözlük diktanty ýazdyrylyp bolnandan soň, diktantyň teksti multimedia tagtada açylýar. Okuwçylar ýazan diktantlaryny sözme-söz barlap, goýberen ýalňyşlaryny bilýärler. Şeýlelikde, okuwçyny goşmaça bahalandyrmaga mümkinçilik döreýär.
Okuwçylara ýalňyşsyz ýazmagy öwretmekde orfografiýanyň düzgünine laýyklykda, dar çekimlileriň düşmek düzgünine, dymyk çekimsizleriň açyga öwrülişine degişli düzgüni, dodak çekimlileriň sada we goşma sözlerde ýazylyşyna degişli kadalary gaýtalamak bilen, sözlük diktantlaryny ýazdyrýaryn. Okuwçylara ilki bu sözleri okap berýärin, degişli kadalary ýatladyp ýazdyrýaryn.
Mysal üçin, sygryň guýrugy, oýnuň oýnalyşy, goýnuň iými, Üzümgülüň köwşi, düýrlenen haly, syrylan bulut, agajyň düýbi, üçburçlugyň burçy, mugallymyň okaýşy, Günüň şöhlesi, Gullularyň howlusy, toşabyň goýusy we ş.m. Geçilen temalary multimedia tagtasynda görkezip gaýtalamak iň netijeli usuldyr. Orfografik kadalary içgin öwredip, degişli sözleri dürs ýazyp bilmegi başartmak, ýaş nesliň öz ene dilinde sowatly ýazmagyny gazanmak mugallymlaryň borjy bolup durýar.
Ogulnar TÄŞLIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen
27-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti. 26.04.2023