22.04.2023 Pedagogika1210 .

Ata-ene perzent üçin görelde


Türkmen halky ýaş nesliň kemally, edepli, zähmetsöýer şahsyýet bolup ýetişmegi üçin olaryň terbiýe meselesine mydama çynlakaý çemeleşipdir. Perzent terbiýesi maşgaladan gözbaş alyp, ata-ene munda görelde mekdebidir. Olar öz perzentleriniň şahsy häsiýetlerini, güýmenjelerini, boş wagtlaryny nämä sarp edýändigini göz astynda saklamalydyr. Ata öz terbiýesinde mertlige, paýhasa ýugrulan dözümlilige ýykgyn edýär, jogapkärçilik, dogruçyllyk, lebzihalallyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Ene ýüregi näzik hem syzgyr bolany üçin, çaga terbiýesinde edep-ekrama, maşgala agzalarynyň agzybirligine, öý-hojalyk işlerindäki borçlaryny öwretmeklige, özara sylag-hormatyň wajyplygyna ähmiýet berýär, perzendini zehinini açyp görkezmegine ugrukdyrýar.

Perzendiň halal, adamkärçilikli, akylly, ylymly-bilimli, watansöýüji, sagdyn, il-halkyna wepaly adam bolup ýetişmegi üçin maşgalada ähli tagallalar edilmelidir. Munuň üçin ata-enäniň öz perzentlerine diňe asylly göreldesi bilen gowulykda nusga bolmagy zerurdyr. Haçan-da, perzendiň bilmezlikden bir ýakymsyzlyk edende, oňa ýalňyşyny düşündirmek, temmi hökmünde goşmaça ýumuş buýurmak ýa-da höwes bilen oýnaýan oýunlaryndan bellibir wagtlyk çetleşdirmek nädogrudyr. Munuň üçin çagaň bilen dost bolup, öwüt berseň, bu meselede kynçylyk bolmaz.

Çagalar soranjaň bolýar. Kähalatda, bilesigeliji çagasynyň berýän dürli soraglaryna azgyrylyp jogap berýän ata-enä duşýarsyň. Şeýle ata-enelere perzendiniň şol soranjaňlyk häsiýetiniň, birinji nobatda, özüni kämilleşdirmekde uly ornuň degişlidigini ýatlatmak isleýärin. Sebäbi çaga ata-enäniň öwredenine çalt düşünýär, beren öwüdine uýýar. Çaga dürli soraglary ýagdyryp ugranda, oňa dogry jogap berip öwretseň, onuň bilen uly adam ýaly gepleşseň, ana, şonda çagaň ugruny tapmak kyn düşmez.

Halkymyzda «Ata öz çagasyny ýagşy terbiýe astynda saklasa, soň ýüzi ýagty bolar», «Çaga terbiýesiz bolsa bikär bolar», «Ata çagasyny ýaşlykdan bibaş edip ýetişdirse, ýazyk çagada däl, atadadyr» diýlip, jaýdar aýdylypdyr. Şygryýet äleminde yz goýan şahyr Gurbannazar Ezizow şeýle diýýär:

Synlaň çagaňyzy: işe gümramy,
Ýa-da onuň edýän işi galatmy.
Her haýsy bolsa-da, dymmaň adamlar,
Siz öz söýgiňize boluň gazaply.

Ata-ene üçin perzendiniň edep-ekramly, ilhalar, kemally adam bolup ýetişenini görmek uly bagtdyr. Ata Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere beslejek ýaşlara maşgalada berilýän göreldeli terbiýe jemgyýetimiziň asudalygynyň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesliň ylymly-bilimli, ruhubelent, sagdyn bolmagy üçin uly aladalar edilýär. Ak mermere beslenen, döwrebap tehnologiýalar, okuw esbaplary bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda ýaşlara öňdebaryjy ylmy usullar arkaly bilim berilýär, olaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.


Uzukjemal ATAÝEWA,
Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 19.04.2023

Tmpedagog