18.04.2023 Pedagogika124 .

Sapagy täsirli guramak


Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy döwrebap derejede ösdürilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek işi olary okatmagyň üznüksizligi, kommunikatiw (aragatnaşyga ugrukdyrmak), interaktiw (özara işjeňlige ugrukdyrmak), innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak ýaly häzirki zaman bilim ýörelgelerine esaslanýar.

Daşary ýurt dilini öwrenmäge başlamazdan öň, okuwçylarda bu dilde sözlemäge höwes döretmeli. Mysal üçin, okuwçylara rus dilini öwredenimde bu dilde gürlemäge, okamaga höwes döredýärin. Munuň üçin öwrenilýän diliň taryhy-medeni baýlyklaryny has giň açyp görkezmeli. Häzirki zaman ýagdaýy bilen baglanyşyklylykda, dil taýýarlygy, daşary ýurt dilini häzirki zaman dünýäsiniň medeniýetleriniň aragatnaşyk guraly hökmünde çykyş edýändigini okuwçylara düşündirmeli. Şunda okatmagyň mazmunynyň medeniýetara düzüjileri bolan ähli komponentleri hasaba almak zerurdyr.

Orta mekdepleriň 9-njy synpynda rus dili sapagynda «Человек и искусство» («Adam we sungat») diýen temany bellemek bolar. Bu temany geçenimde şahyrana leksikany, sinonimleri, antonimleri, arhaizmleri düşündirýärin. Sapak guramagyň döwrebap usullarynda prezentasiýalary ulanmaly, kompýuter enjamlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmaly. Bu daşary ýurt dilleri öwredilende hem şeýledir. Meselem, rus dili sapaklarynda prezentasiýalary peýdalanmak okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem rus dili sapagynda ýörite prezentasiýalary taýýarlaýaryn, olaryň many-mazmunyna üns berýärin. Muňa mysal edip, rus dilindäki sinonimleri okuwçylara öwretmegiň aýratynlyklaryny bellemek bolar. Şeýle hem, rus dilinde şahyrana leksika, şahyrlaryň goşgulary hakynda okuwçylara düşündirýärin.

Sapakda prezentasiýalary hem peýdalanmaly. Bu babatda rus dilindäki A.S.Puşkiniň goşgularyny prezentasiýada görkezýärin. Bu goşgulary okuwçylara okatmak bilen, olaryň sapaga düşünmeklerini gazanýaryn. Okuwçylaryň käbiri dilden beýan edilende düşünýän bolsa, beýlekiler görkezilen ýazgylara oňat düşünýär. Olar ýazylan ýazgylary gowy ýadynda saklaýar we bu goşgulary sapakda aýtmagy, beýan etmegi başarýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlaryň kämil derejede ösüp kemala gelmeklerini gazanmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Gülnara BALTAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 17.04.2023

Tmpedagog