12.04.2023 Pedagogika94 .

Çaga terbiýesinde möhüm ugurlar


Her bir ata-ene çagalarynyň janynyň sag, akylly, terbiýeli, zähmetsöýer, Watana wepaly bolup ýetişmeklerini isleýär. Munuň üçin ata-eneleriň özleriniň hem adalatly, dogruçyl, tutanýerli, janypkeş, talapkär, ruhy dünýäleriniň baý bolmagy zerurdyr, sebäbi çaga ata-eneden görelde alýar.

Çaga terbiýelemek örän jogapkärli iş. Onuň üçin ýeterlik tejribe, tebigy ukyp gerekdir. Bu meselede sähel gowşaklyk, geleňsizlik edilse, uly ýalňyşlyk bolup biler. Şonuň üçin ata-eneler çagany kiçi ýaşdan terbiýelemelidir, oňat görelde görkezmelidir.

Alymlaryň bellemegine görä, çaga adalatly we dogry baha bermek üçin, ony öz ruhy dünýäňe göçürmeli däl-de, özüň onuň ruhy dünýäsine görä hereket etmeli. Çagalara, köplenç ulularyň aýdýan zatlary däl-de, olaryň hereketleri, gylyk-häsiýetleri täsir edýär. Şonuň üçin ata-enäniň aýdýan zatlary edýän hereketleri bilen gabat gelmelidir. Çaga adalatlylygy, dogry sözlüligi, başgalara hormat goýmagy, arassaçylygy, ilki bilen, ata-enesinden öwrenýär. Ýaşynyň kiçiligine garamazdan, çagany sylamaly, onuň bilen gepleşmeli, gerek ýerinde öwmeli. Çaganyň hossarlary nähili bolsa, şol häsiýetler çaga hem geçýär.

Çaganyň edepli, ilhalar bolup ýetişmeginiň açary onuň çagalykda alan terbiýesinde, gören göreldesindedir. Çagany dogry terbiýelemek ata-enäniň Watanyň, halkyň öňündäki borjudyr. Çaga terbiýesinde hemme ata-eneleriň garaýyşlary deň bolmaýar. Çaganyň 6-7 ýaşa çenli alan terbiýesi onuň bütin ömrüne täsir edýär. Çaga mekdep ýaşyna çenli gowy terbiýe bermeli, ýagşylyklary aňyna guýmaly. Mekdep ýaşyna baranda bolsa çaga terbiýesine mugallym bilen sazlaşykly üns bermeli. Oňa mekdepden soň hem öýe berilýän ýumuşlary ýerine ýetirmäge her gün ýadaman, ýaltanman, kanagat bilen yzygiderli kömek etmeli.

Terbiýe bermegiň milli medeniýeti köp ugurly bolup, ol sadadan çuňňur mana eýedir. Terbiýe baradaky ylmy garaýyşlary düýpli öwrenen alymlaryň biri: «Terbiýe diňe bir çagany gowy görmekden başga-da, onuň kalbyny hem aňyny ugrukdyrmagy-da aňladýar...» diýipdir. Her bir çaganyň kämil şahsyýet bolup, jemgyýete goşulmagynda maşgala we ondaky tertip-düzgün, terbiýe ilkinji orny eýeleýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, terbiýe bermegiň dürli usullaryndan peýdalanyp, ata-ene bilen çaganyň, çaga bilen mugallymyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşykly alyp barmagy başarsak, döwrüň talap edýän ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdireris.

Ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Narjemal BEŞIMOWA,
Çärjew etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.04.2023

Tmpedagog