Bilim-terbiýeçilik işinde sagdyn durmuş ýörelgeleri
Çagalar baglarynda körpeleri terbiýelemek, sowat öwretmek işi olaryñ sagdyn ösdürilmegi ugrundaky çäreler bilen hem utgaşdyrylýar.
Bu wezipe her günde ir säher bilen, şadyýan owazlaryñ astynda irki maşyklary ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Ir säherde açyk howada öz deñ-duşlary bilen bellenilen wagtda beden maşyklaryny ýerine ýetirmek körpelere ruhubelentlik berip, özlerini has gowy duýup günüñ dowamyndaky wakalara mynasyp gatnaşmaklaryna mümkinçilik berýär.
Sagdyn nesli kemala getirmek ugurly çäreler bilen birlikde okuw maksatnamasyna laýyklykda guralýan bedenterbiýe sapaklarynyñ orny hakda hem bellemek gerek. Bedenterbiýe sapagy çagalara sagdyn-durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiñ düzgünlerini öwretmekde, bu ugurdaky düşünjeleri bermekde, fiziki we añ ösüşini ýokarlandyrmakda oñyn ähmiýete eýedir. Çagalar baglarynda bu sapakda ýörite hereketli oýunlar geçilýär. Çagalar hereketli oýunlar arkaly beden taýdan taplanyp, çalasyn, dogry we dürs hereket etmegi öwrenýärler.
Körpeleriñ irki ösüşini gazanmaga, olarda sporta söýgi döretmäge gönükdirilen çäreler türkmen milli oýunlarynyñ üsti bilen hem amala aşyrylýar. Bu oýunlar terbiýeçilik ähmiýeti taýdan hem tapawutlanyp, nesillerde birek-birege ynanyşmak, pikirlenip dogry çözgüt çykarmak, dost we jora bolmak, köpçülik bilen gatnaşyklary ýola goýmak ýaly häsiýetleri hem berkitýär. Ata-babalarymyzyñ sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda toplan baý tejribesiniñ nyşany bolan milli oýunlaryñ häzirki döwrebap zamanamyzda hem ýaş nesiller tarapyndan uly gyzyklanma bilen ýerine ýetirilmegi örän buýsançlydyr.
Ýeri gelende bellesek, okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda usuly-guramaçylyk wezipelerinde hem körpeleriñ saglygy, sagdyn ösüşi nazara alynýar. Bilşimiz ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda däp bolan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniñ bir aýlygynyñ çäklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu döwürde bilim işgärleri öz toparlarynda çagalaryñ ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda dürli bäsleşikleri, ýaryşlary, göreldeli sapaklary milli sport ýörelgesi bilen utgaşdyrýarlar. Topar otaglaryndaky “Bedenterbiýe” burçynyñ maglumatlaryny we gollanmalaryny artdyrýarlar.
Bu aýyñ dowamynda ýörite hepdelikleriñ, sport ýaryşlarynyñ, öñe sürülýän tema bagyşlanylan görkezme serişdeleriniñ sergisiniñ geçirilmegi hem öñde goýulan maksatlara ýetmekde we Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Serdarymyzyñ bu ugurdaky tagallalaryny wagyz etmekde ýokary ähmiýete eýedir.
Elbetde, şu günki körpe nesil - geljekki türgen, lukman, mugallym…
Şonuñ üçin hem olaryñ ähli babatdaky kämil ösüşini gazanmak bilim işgärleriniñ baş wezipesi bolmagynda galýar.
Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyñ müdiri.