07.01.2023 Pedagogika195 .

Iňlis dili sapaklarynda görkezme esbaplaryň ähmiýeti


Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň daşary ýurt dilinde arassa, dürs we erkin sözläp bilmegini gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Okatmakda ulanylýan täze tehnologiýalar bolsa okuwçylaryň daşary ýurt dili sapaklaryna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şonuň üçin guralýan her bir sapagy okuw-görkezme esbaplarynyň, innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen düşündirmäge çalyşýarys.

 Bilşimiz ýaly, geçilen temany görkezme esbaplaryň kömegi bilen öwretmek okuwçylaryň ýadynda berk galmagyny üpjün edýär. Okuw-görkezme esbaplary kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin has-da peýdalydyr. Bu olaryň pikirleniş duýgularyny we endiklerini ösdürmäge ýardam berýär. Çagalar gören zatlaryny tiz kabul edýärler. Has takygy, gürrüňi edilýän zatlary görmegi halaýarlar.

 2-nji synplarda iňlis dili dersinden «Oo» harpyny geçenimizde «Oo» harpynyň sözde ýeke gelende (boy, doll, dog, toy, box we ş.m.), goşalanyp gelende (foot, book, room, goose, tooth, moon we ş.m.) okalyş we aýdylyş düzgünlerini suratlaryň üsti bilen öwretmek täsirli bolýar. Okuwçylara sözleri birnäçe gezek gaýtaladyp okadyp, soňra olaryň öwrenenlerini barlamak we berkitmek maksady bilen, synp tagtasynda «Oo» harpynyň «o» we «oo» ýazylyp, aşagynda boş öýjükler goýlan esbaby asýaryn. Okuwçylar suratlara seredip, haýsy sözde bir sany «o», haýsy sözde goşalanyp gelýän «oo» harpynyň bardygyny tapyp, şol söze degişli bolan suraty boş öýjüge ýerleşdirýärler. Bu usul okuwçynyň sözi dogry okap bilmek, dogry ýazyp bilmek endigini ösdürmäge ýardam edýär.

 Şonuň ýaly-da, 3-nji synp okuwçylary bilen «Animals», «On the farm», «An animal farm», «At the Zoo», «My favourite animal» ýaly temalar geçilende haýwanlaryň şekillerini ýa-da oýnawaç görnüşlerini alyp, partanyň üstünde dürli şekilde yzygiderlilikde edip düzmek bolýar, soňra okuwçylara haýwanlaryň atlaryny birnäçe gezek görkezip gaýtaladýaryn. Şeýle-de şol ýerde goýlan haýwanjyklaryň yzygiderliligini we biri-biri bilen baglanyşyklary ýatlap galmaklaryny tabşyrýaryn (Süýt berýän we ot iýýän haýwanlar: cow — sygyr, sheep — goýun, goat — geçi, camel — düýe we ş.m. Däne çokýan: hen — towuk, chicken — jüýje, goose — gaz, duck — ördek we. ş.m. Soňra haýwanjyklaryň şekillerini iki topara bölüp, yzygiderliligini üýtgedýärin, okuwçylar haýsy haýwanyň yzyndan haýsy haýwanyň şekiliniň ýokdugyny, yzygiderliligi haýsy haýwanyň bozýandygyny tapyp, şol haýwanyň adyny aýdýar we ýönekeý sözlem içinde getirýär. Ýa-da ýabany haýwanlaryň yzygiderliliginde bir sany öý haýwanynyň şekilini goýmaly we okuwça şol yzygiderliligi haýsy haýwanyň bozýandygyny tapmagy tabşyrmaly. Tersine, öý haýwanlarynyň yzygiderliligine bir sany ýabany ýa-da çöl haýwanlarynyň birini goýmak we okuwça yzygiderliligi bozýan haýwany tapyp, adyny aýtmagy tabşyrmak bolýar. Bu usul okuwçylaryň ýatkeşligini, ünsüni we işjeňligini ösdürmekde öran ähmiýetlidir.

 Sapakda okuw-görkezme esbaplaryny peýdalanmagyň netijeli bolmagy olaryň dogry saýlanyp alynmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Islendik serişdäniň, şol sanda görkezme esbaplaryň dogry saýlanyp alynmagy, ilkinji nobatda, sapagyň bilim berijilik, ösdürijilik we terbiýeçilik wezipelerine hem-de aýratynlyklaryna oňaýly täsir edýär. Mugallym sapagyň mazmunyny göz öňünde tutup, okuwçylaryň täze temany netijeli öwrenmegini, öň geçilenleri täze tema bilen baglanyşykda gaýtalamagyny, şonuň ýaly-da berkitmegini we olaryň alan bilimlerini barlamagy üpjün edip bilýän serişdeleri saýlap alýar.

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, sowatly, sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.

“Mugallymlar gazeti”, 2022- nji ýylyň 7-nji sentýabry.

Tmpedagog